HABARLAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!Gadyrly myhmanlar! Sizi Ylymlar güni, şeýle hem bu baýram mynasybetli geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ylymlar gününe bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň alymlaryň tagallalaryny ylmyň möhüm we geljegi uly ugurlaryna gönükdirmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähmiýetiniň uly boljakdygyna ynanýaryn.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar! Eziz talyplar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünlikleriňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halk bähbitli işler alnyp barylýar

8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen-koreý gatnaşyklarynda täze çelgiler

Mälim bolşy ýaly, 10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Bu waka türkmen-koreý gatnaşyklaryndaky täze çelgileriň kesgitlenilmegi we ýola goýulmagy bilen taryhy ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki iri hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýulýar. Şondan bäri geçen döwrüň içinde deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakalardyr.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler

Resminamada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza döwlet sapary boldy. 10-njy iýunda döwlet Baştutanlary dostlukly we mähirli ýagdaýda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, durmuş, medeniýet ulgamlarynda, sebit we ählumumy meselelerde özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, umumy gülläp ösüşe ýardam bermek hakynda ylalaşdylar.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşýan alymlar! Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyr

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler

Resminamada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza döwlet sapary boldy. 10-njy iýunda döwlet Baştutanlary dostlukly we mähirli ýagdaýda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, durmuş, medeniýet ulgamlarynda, sebit we ählumumy meselelerde özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, umumy gülläp ösüşe ýardam bermek hakynda ylalaşdylar.