HABARLAR

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Surinam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Surinam Respublikasynyň Prezidenti Çandrikapersad Santohä Türkmenistan bilen Surinam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz hatynda özara hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Dagystan Respublikasynyň Mahaçkala we Derbent şäherlerinde bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren pajygaly ýaragly hüjüm zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

Aşgabat, 24-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlaryň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Munuň özi obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň netijesidir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan gaz geçiriji ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän «akylly» şähere geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Milli parlamentde

Arkadag şäheri — «akylly» şäher

22-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän «akylly» şähere gelip, alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky tagallalar

Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýändigini görkezmek bilen, 21-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde muňa nobatdaky gezek göz ýetirmek boldy. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. ÖŇDE DURÝAN MÖHÜM WEZIPELERE ÜNS ÇEKILDI