HABARLAR

Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Ir säher bilen hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzyň hut öz ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Resmi habar

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli edara-kärhanalara binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna 29-njy iýunda bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşlikleri

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Özbegistanda häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine, iki döwletiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna buýsanylýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti! Size Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň ata Watanymyzy berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen döwlete öwürmäge, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna 29-njy iýunda bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda baýramçylyk maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.