HABARLAR

Türkmenistanda Nikaragua Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu şanly waka mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda we sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaranyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrjakdygyna, gazanýan ajaýyp üstünliklerimize buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Baş alada — halkymyzyň abadan durmuşy

Uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda zähmet üstünlikleri gazanylyp, şanly wakalar iň täze taryhymyza ýazylýar. Durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygarlarymyzy dabaralandyrýar. 28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi muňa aýdyň mysal bolup, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. ÄHLI PUDAKLARDA OŇYN GÖRKEZIJILER ÜPJÜN EDILMELIDIR

Şähergurluşyk maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly binalaryň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli häzirki zaman desgalarynyň gurluşygy hem-de gurluşyklarda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, 28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrmagy hem-de Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmegi aýratyn ähmiýete eýedir. GURLUŞYK TASLAMALARY MAKSADALAÝYK ÝERINE ÝETIRILÝÄR

Ministrler Kabinetiniň mejlisi

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Milli parlamentde

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlady.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan ussat atşynas Arkadagymyz Hanbeg atly ata atlanyp, birsellem ýöriş etdi.

Täze gurluşyk taslamalary

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy. E.Ylyjak häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.