HABARLAR

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

Halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp jümle bar. Munuň özi saglygyny ähli zatdan ileri tutýan halkymyzyň paýhas hazynasynyň dürdänesi bolup, sagdynlygyň diňe bir adamlar üçin däl, eýsem, döwlet üçin hem iňňän uly gymmatlykdygyny aňladýan hakykatdyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky işler üstünlikli amala aşyrylýar. Köpetdagyň ajaýyp eteginde ýerleşýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk ilkinji «akylly» şäherde, ýagny Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglygy goraýyş desgalary munuň aýdyň mysalydyr. Ajaýyp şäherimizdäki dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän bu desgalarda ilatyň saglygynyň dikeldilmegi we berkidilmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Şeýle saglygy goraýyş edaralarynyň biri-de Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir.

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşamagyny, saglygyny dikeltmegini, talabalaýyk dynç alyp, bedenini berkitmegini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzyň ýerleşýän ýeriniň howa-klimat şertleri, tebigy gurşawynyň amatlyklary we egsilmez baýlyklary bilen tapawutlanýan şypahanalary hut şeýle maksada gulluk edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan şypahanalar immuniteti pugtalandyrmakda, adamlaryň umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, dowamly ýa-da hirurgiki bejergiden soň saglygy dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda şypahana hyzmatyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňde goýulýar.

Berkarar döwletiň belent sepgitleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge  gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Her bir ulgamda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän asuda we parahat döwlet hökmünde dünýädäki belent abraýyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ýangyç-energetika ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini özgertmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleri, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Şeýle hem şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda BMG-niň Durnukly ösüş hepdeligine, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak, forumyň dowamynda «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunç

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 3-nji apreli. «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

Ruhy päkligiň mizemez çeşmesi

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän möhüm ugurlaryň biri bolup, onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Milletiň ruhy mirasynyň bölegi hökmünde ata-babalarymyzyň dini ynanjy her bir türkmen raýaty üçin gymmatlydyr. Türkmenistanda dünýewi döwletiň gurulmagy we onuň kemala gelmegi Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň dine uýmak erkinligine bolan hukugy, şeýle hem olaryň dine bolan garaýyşlaryna garamazdan, kanunyň öňündäki deňligini kesgitleýär. Esasy Kanunymyzda beýleki dinlere hormat goýmak, däp-dessurlary berjaý etmek, dine uýmak erkinligi meselesinde özara düşünişmegi ündeýän ýörite kadalaryň hereket edýändigini nygtamak zerur. Bu ýörelgeler dürli milletleriň arasynda agzybirligi saklamakda-da uly ähmiýete eýedir. Şunda esasy maksat ruhy taýdan sagdyn, adalatly jemgyýeti gurmakdan ybaratdyr.

Ykdysady kuwwatyň dabaralanmasy

Mälim bolşy ýaly, 3-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýän bu sergä baryp gördi. Bu waka ýurdumyzyň önüm öndürijilerini belent maksatlara ruhlandyrdy. Telekeçilik, işewürlik, önüm öndürmek, söwda we hyzmatlar — peýda bolan mümkinçilikleri görmek we haýal etmän, şol mümkinçiliklerden peýdalanmak sungaty, ukyby. Biziň şertlerimizde bolsa aýdyň görünýän mümkinçilikleriň uly toplumy ýaýylyp ýatyr. Onsoň şeýle ýagdaýda bu sungatyň ussatlary önümleriň iň ýokary hillisini, hyzmatlaryň iň ýokary derejesini hödürlärler. Munuň şeýledigini gündelik durmuşymyzda, her sekuntda görýäris. Ýaňy-ýaňylaram hökman daşary ýurtdan getirilmelidir öýdülen gündelik sarp edilýän önümlerdir serişdeler indi bizden daşary ýurda gidýär. Ine, bu hakykat iň guwandyryjy hakykatdyr. Ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ýa-da şular ýaly sergilere aýlananyňda, bu hakykat döwrümiziň adalaty bolup dabaralanýar. Galyberse-de, döwlet Baştutanymyzyň

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwerlik, köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimiz  hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet syýasaty bilen has döwrebap mazmuna beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda ýurdumyzda we dünýäde alyp barýan sahawatly işleri munuň aýdyň mysalydyr. 

Milli kanunçylykda raýatlaryň hukuklary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek, şol sanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, hukuk bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamy has-da kämilleşdirilýär, yzygiderli kanunlar kabul edilýär, ozalky hereket edýän kanunlara degişli tertipde üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem döwrebap kanunlary kabul etmekde dünýä tejribesi öwrenilýär. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun 62 maddadan ybarat bolup, onuň maksady administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, onuň ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly hukuk kadalarynyň esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär. Şeýle hem «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda administratiw edara, administratiw nama we onuň görnüşleri, administratiw önümçilik barada düşünjelere kesgitleme berilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Taryhy hem medeni ojak Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolan wakalaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bu taryhy waka mynasybetli dabara geçirildi. Göz öňüne tutulan çäreleriň çäklerinde dünýä jahankeşdeleriniň, türki halklarynyň bu milli aýratynlyklarymyz bilen tanyşmagyna hem-de ajaýyp şäheriň taryhy bilen bagly maglumatlary içgin öwrenmegine uly mümkinçilik döredildi.