HABARLAR

Hepdäniň wakalary gysga setirlerde

3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergini synlamaga bardy. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenildi. Gahryman Arkadagymyz sergide türkmen telekeçileriniň öndürýän önümlerini yzygiderlikde synlamak bilen, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi geljekde has-da artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak meselelerine üns berilmelidigini belläp, şeýlelikde hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara tejribe alyşmagyň ähmiýetlidigini nygtady.

Netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na

Hor­mat­ly adam­lar!Eziz wa­tan­daş­lar! Si­zi adam­za­dyň ah­lak we ru­hy päk­li­gi­ni dün­ýä ýaý­ýan ga­dy­my baý­ram­la­ryň bi­ri bo­lan mu­kad­des Ora­za baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Ha­ýyr-sa­ha­wat­ly­ly­gyň, ýag­şy­ly­gyň, yn­san­per­wer­li­giň be­lent nus­ga­sy­na öw­rü­len Ora­za baý­ra­my­nyň Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä ýaň sal­ýan at-ab­ra­ýy­na, şan-şöh­ra­ty­na çäk­siz buý­san­ýan hem-de be­ýik gel­je­gi­miz üçin yh­las­ly zäh­met çek­ýän, dö­red­ýän, gur­ýan mer­da­na hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­na gaý­ta­lan­ma­jak öwüş­gin çaý­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ugurlar

6-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Sagdyn durmuş ýörelgeleri ösdürilýär

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar. Irden welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyna sport çäresine gatnaşyjylar ýygnandylar.

Şöhratly taryhymyza buýsanç

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanymyzda, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, ösüşli häzirki döwrüne, röwşen geljegine buýsanýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz hakyndaky şeýle ajaýyp kitabyň elimize gowuşmagynyň çuňňur manysy bar. Bu ajaýyp kitap gadymy Änewiň şöhratly taryhynyň hem-de ösüşlere beslenýän häzirki döwrüniň çuňňur beýanydyr. Ýurdumyzyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Änew hakynda düýpli ylma esaslanýan maglumatlary okamak örän täsirlidir. Çünki Änew diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, dünýä medeniýetiniň gadymy ojagydyr. Bu künjekde ata-babalarymyz ilkinji ekerançylyk medeniýetini kemala getiripdirler. Bu toprak adamzada ekerançylyk medeniýetini bagyş etdi. Şonuň üçin dünýäde ol uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Arkadagly

Köňül kelamy

Kitap okamak barada «Paýhas çeşmesi» kitabynda şeýle setirler bar: «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir». Bu dana sözlerde uly many-mazmun, pähim-paýhas bar. Ata-babalarymyz kitabyň gadyr-gymmatyna uly sarpa goýupdyrlar. Kitaplar ynsanyň köp okap, köp öwrenmegine, durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine täsir edýär. Kitaplarda adamyň durmuşynda yz galdyrýan, oňa durmuş sapaklaryny öwredýän maglumatlar jemlenýär. Kitap — ynsanyň ynamdar dosty, paýhasly maslahatçysy, ýoluna nur saçýan şamçyrag, ruhy hazyna. Kitaplardaky pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar, rowaýatlar gözýetimiňi giňeldýär, durmuşda öz ýoluňy tapmaga kömek edýär, gowy endikleri terbiýeleýär, ýaşaýşa ynamyňy ýokarlandyrýar, kyn pursatlarda ýalňyz syrdaşa öwrülýär. Köp okamak täze-täze döredijilik gözleglerine atarýar. Şöhratly taryhymyza nazar aýlasak, Merwde we Köneürgençde «Paýhas öýleriniň» — kitaphanalaryň bolmagy pederlerimiziň okumyş, pähim-parasatly adamlar bolandygyndan habar berýär. Seljukly türkmen döwletiniň gülläp ösen zamanasynyň meşhur alymlary Merwiň kitaphanalaryndaky obserwatoriýalardan peýdalanypdyrlar. Orta asyrlarda ylym dünýäsinde meşhur bolan akyldarlaryň, alymlaryň ençem

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Oraza baýramyny bellemek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş edip, gazanan ýeňişleri, şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Sizi tüýs ýürekden, mähirli gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryňyzyň, ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli işleriňiziň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.