HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Ahsan Wagany Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ahsan Waganyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Ahsan Wagany Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ahsan Waganyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Başar Al-Asada tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Siriýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Halkymyzyň döredijilik kuwwaty — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň rowaçlygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, özgertmeleri durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. 8-nji aprelde döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriniň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ilkinji hatarara bejergi işlerine girişildi. Sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýa ideg işleri, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, pileçi kärendeçiler bilen şertnama baglaşmak, ýerli howa şertlerine laýyklykda, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Durmuş-ykdysady ösüşiň aýdyň ýoly

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy. 9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.

Oba hojalygy: gowaça ekişi dowam edýär

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Dowamata beslenýän asylly däplerimiziň beýanaty

14-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp, ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylýan taýýarlyk barada hasabat berdi.

Halk bähbitli işler rowaçlanýar

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Behişdi bedewlere buýsanç

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda Watanymyzyň tugrasynda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp derejede ösdürmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we bedewiň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.