HABARLAR

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Asudalygyň kepili Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda «Berkararlygyň we asudalygyň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylary we kazyýet işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Sergiler zalynyň giň meýdançasynda şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar. Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Şu günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi. Döwlet Baştutanymyz duşuşykda medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegidigini belledi hem-de Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi. Neda Bergeriň 2025-nji ýylda Aşgabatda Awstriýa öýüni döretmek baradaky başlangyjy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Awstriýanyň Bitaraplygynyň 70 ýyllygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem şu ýylda Türkmenistanda VI Wena balyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy duşuşdy

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Geljek ýylda bu şygar bilen birnäçe duşuşyklar geçiriler diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we dostlukly ýurduň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13-nji maýda — hepdäniň duşenbe güni döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen tanyşdy. Iş maslahatynda, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi ýerlerde täze, möhüm desgalary — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgany gurduryp berendigi we welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap awtoulaglary sowgat edendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdy.

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şu günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Sergiler zalynyň giň meýdançasynda şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar. Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.