HABARLAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baýramlarymyzyň baýramlara, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, däp bolşy ýaly, bu baýram mynasybetli geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşler ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýan mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak buýsançly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.

Arkadagly nesiller atşynaslyk mekdebinde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýaş nesliň milli atşynaslyk ýörelgelerine ygrarly bolmagynyň guwandyryjy ýagdaýdygyny aýdyp, täze, ýaş atşynaslar toparyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu topara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyndaky çykyşy

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 16-njy maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi agzybirligimizi we bitewüligimizi alamatlandyrýan, demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baýramlarymyzyň baýramlara, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem, däp bolşy ýaly, bu baýram mynasybetli geçiriljek dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşler ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýan mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak buýsançly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly alymlar!Halkara maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Sizi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýer ýüzüniň çar künjeginden alymlary, döredijilik wekillerini ýygnan bu maslahatyň dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hanym Şen Ýueýueni gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda, Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda mähirli mübärekläp, “Toýlar toýa ulaşýar” diýlişi ýaly, şu günler biziň ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.