HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy) Eziz watandaşlar! Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz we rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de bar bolan köpugurly mümkinçilikleri, Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny hasaba almak bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň Türkmenistanda, hususan-da, paýtagtymyzda birnäçe wajyp düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilen azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär

17-nji maýda agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar we halk köpçüligi toplumyň baş girelgesiniň öňündäki meýdança ýygnandylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar, Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň wekiliýetiniň agzalary bar.

Parla, ýaşyl Tugum, mertebäňe şan, Toýuň gutly bolsun, Konstitusiýam!

Serdar çykan, han gören halk bu türkmen,Derejäni kän gören halk bu türkmen.Bat alyp döwürden, ygtyýar-erkdenParla, ýaşyl Tugum, mertebäňe şan,Toýuň gutly bolsun, Konstitusiýam! Watan, ganat berýär seniň barlygyň,Adalata, demokratiýa ýarlygyň.Keşbi bolup baky berkararlygyň,Parla, ýaşyl Tugum, mertebäňe şan,Toýuň gutly bolsun, Konstitusiýam!

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Forum başlamazyndan ozal, Maslahat köşgünde hormatly myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa garşylady. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hanym Şen Ýueýueni gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda, Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda mähirli mübärekläp, “Toýlar toýa ulaşýar” diýlişi ýaly, şu günler biziň ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji maýy) Eziz watandaşlar!Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.