HABARLAR

Ýurdumyzyň röwşen geljegi

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanmagy ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi, çünki ýaşlaryň kämil, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ýurdumyzyň geljegi üçin möhümdir. Esasan hem mugallymlar ýaşlaryň bilimli, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin alada edýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilip, durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlarynda ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Ýurdumyzyň asudalygy jemgyýetimiziň jebisliginiň binýadydyr

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, hukuk tertibini pugtalandyrmakda, milli kanunçylygy we hukuk işini ýokarlandyrmakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandygy üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmeti we hünär ussatlygy nazara alnyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Gylyçmyrat Hallyýewe «Türkmenistanyň at gazanan ýuristi» diýen hormatly at dakyldy. * * *

Watan asudalygy — döwlet berkararlygy

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi. Ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn harby özgertmeleriň ilerledilişiniň barşy, ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylyşy, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin has oňaýly şertleriň döredilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleriň aýratyn möhümdigini we jogapkärlidigini nazara alyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda harby düzgün-tertibi berk gözegçilikde saklamagy, söweşjeň taýýarlygy ýokarlandyrmak, ýaş harby gullukçylary mukaddes raýat we harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça geçirilýän işleri güýçlendirmegi ta

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, şu gün ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleriniň jemleniljekdigini, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipeleriň kesgitleniljekdigini belledi.

Möhüm meselelere garaldy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini we durnuklylygyny üpjün etmek, milli kanunçylygy we hukuk işini kämilleşdirmek, kanunyň berjaý edilişine gözegçilik etmek hem-de beýleki möhüm wezipeler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde garalan esasy meseleler boldy. 6-njy ýanwarda geçirilen mejlisde ilki bilen, geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, milli

Ilçi kabul edildi

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Netijeli esasda geçen duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi. Taraplar halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumydygyny tassyklap, dünýä giňişliginde, şol sanda iri abraýly guramalaryň we sebit düzümleriniň binýadynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesine girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şonda hormatly Prezidentimiziň soňky wagtlarda her bir ýylyň dowamynda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälim. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze galkynyş we beýik özgertmeler döwri diýip atlandyrylan bolsa, onda 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlas