HABARLAR

Ýakyn geljek üçin esasy wezipeler

1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy. Mejlisiň başynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, polisiýanyň general-maýory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy. ***

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B. Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň zähmet ýeňişleri baradaky hasabatlary kabul etdi

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýazky çagyryş çäresiniň netijeleri barada aýdyldy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berildi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

Beýik ösüşleriň ýalkymy

Ata Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny aýratyn many-mazmuna besleýär. Olar ruhy galkynyşyň ýokary göterilmegine, jemgyýetde milli agzybirligiň, asudalygyň we jebisligiň dabaralanmagyna bahasyna ýetip bolmajak täsirini ýetirýär. Iýun aýy hem taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanyp, mähriban halkymyzyň eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimize bolan buýsanç duýgusyny artdyrdy. Bilşimiz ýaly, 28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Iki döwlet Baştutanynyň arasynda geçirilen gepleşikler gadymdan gelýän türkmen-gyrgyz dostlugynyň barha berkeýändigini subut etdi.

Gallaçylarymyzyň zähmet üstünligi

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ekerançylyk medeniýetiniň gadymy mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýylyň-ýylyna ekinleriň dürli görnüşleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň daýhanlary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda ykdysady, syýasy we medeni taýdan giň gerimli ösüşler gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we özgertmek, iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl önd

«Arkadag» myhmanhanasy dünýä gujak açýar

Paýtagtymyz Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär hem-de milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Ýakynda merjen şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan, dünýä arhitekturasynyň naýbaşy nusgasy «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy şöhratlandyrýan wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy hem-de taýsyz tagallalary bilen bina edilen bu myhmanhana mermer paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde amala aşyryldy.

Ýurdumyzyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi. Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet