HABARLAR

«Iň güýçli» serçejik (Rus tymsaly)

Gyş barha çynyna tutýardy. Alys ülkelere gyşlamaga gitmedik guşlar, iýmitden geregini edinensoňlar, aýazda sowukdan goranmagyň aladasy bilen bolýardylar. Ýöne ýaşuly guşlar wagtlaryny mümkin boldugyça ýylyrak ýerden çykman geçirseler, ýaşlaryň bir ýerde oturyp kararlary ýetmeýärdi. Olar daşaryk çykyp, nähilidir bir oýna güýmenmeseler, wagtlary geçmeýärdi. Bir günem ýaşajyk serçejikler şäheriň köp gatly jaýlarynyň üstünde gaýmalaşyp, özbaşlaryna oýna gümra bolşup ýörüşlerine, olaryň arasynda haýsy biriniň güýçlüdigi baradaky jedel ýüze çykýar. Jaýyň üçeginde seteran oturan serçeleriň biri aşakdaky guran agajy görkezip:

Akyldaryň şygyrlarynda saglygyň waspy

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu parasatly sözlerden çen tutulanda, söz sungatynyň zergäri hasaplanylýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik aýdyň görünýär.  Şahyryň belent adamkärçiligi, halallygy, päkligi öwüt-ündew edýän terbiýeleýji şahyrana setirleri ajaýyp döwürde täze öwüşgine eýe bolup, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy sagdynlygyna hem-de kämilligine öz sesini goşýar. Pyragy her bir ynsanyň arassa pikirli bolmagyny hem-de jemgyýetiň sagdyn bolmagyny arzuwlapdyr. Bu arzuw Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen hut biziň bagtyýar günlerimizde wysal boldy. Akyldar şahyr durmuşyň hözirini görmek üçin sagdynlyk zerur diýlip hasaplapdyr. Ol şonuň üçin hem ýaşaýşyň diregi bolan saglygy goramalydygyny nygtap, şeýle ýazýar:

Şygryýet bossany

Arkadagymyzyň kämil eseri Ata Watan ýada salýar uçmahy,Döretmek, gurmagyň kämil nusgasy,«Hakyda göwheri» — döwrüň kyssasy,Arkadagymyzyň kämil eseri.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Mähriban Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly günlerimiziň gujagy toý-baýram. Özi-de biri-birinden şanly, şatlykly, şowhunly wakalar ömrüň her pursadyny gurşaýar. Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly dürdäne eserini iň arzyly sowgat hökmünde maňlaýymyza sylyp, kabul eden günlerimiz ýene-de bir hoş habarlara şatlykly pursatlara ulaşyp gitdi.

«Hakyda göwheri» — zehin jöwheri

Magtymguly Pyragy

Türkmen binasy Gurdugym aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkan mydam, budur türkmen binasy.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dana şahyr Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. Türkmen edebiýatynyň göwher gaşy Pyragynyň çeper döredijiligine degişli, çuň many-mazmuna eýe bolan medeni mirasymyz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Söz ussadynyň eserlerinde türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlyk we watansöýüjilik şahyrana beýan edilýär.

Algyn pendim, jigerbendim!

Abraý getirýän daragt Ynsany bezeýän ýüzlerçe häsiýet bar. Elbetde, olaryň ählisini bir ýerde jem etmek mümkin däl. Ýöne şol häsiýetleriň biri-de ynsana bir ömürlik sogaby bagyşlap biler.

Gursagyma guýduň müň bir hyýaly...

(Oýlanma) Entek orta mekdebiň gapysyndan aýak basmadyk uçurlarym enemiň elinden düşürmän okaýan galyň sahaply, gollaryňa agram berýän saldamly kitabyny okamak höwesim meni hiç öz erkime goýmazdy. Enem kitaby eline alandan, ilki bilen, öz maňlaýyna, soňra meniňkä sylardy. Dogrusy, şol mahallar hiç zada düşünmedigem bolsam, keramatly zatlaryň maňlaýa sylynýandygyny bilýärdim. Ýaşajyk aňymda orun eýelän bu endige häzir-häzirlerem uýýaryn. Kitaby elime alanymda ilki maňlaýyma sylyp, soňra sahaplap başlaýaryn.

BAGT GETIREN ÝYL ýa-da Aýazbaba lybasly ýigit

Gyş paslynyň gelmegi uludan-kiçä hemmeleri begendirýär. Sebäbi gyş paslynyň ortaky aýy iň gowy baýramçylyk — şatlyk-şowhun bilen Täze ýyl gelýär. Täze ýyl örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Ynha, ýene-de bu jadyly baýramçylyga sanlyja gün galdy. Täze ýyl baýramçylygyna ulularam garaşýandyr welin, çagalaryň begenjini hiç zat bilen deňemek mümkin däl. Ähli adamlar Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli otaglaryny, ýaşyl öwsüp duran arça agajyny dürli görnüşli jäjekler, her hili reňkde öwsüp duran girlýandlar bilen bezeýärler. Menem adat bolşy ýaly, ähli aladamy dynç gününe goýupdym. Ol günem ýetip geldi. Adatça, her dynç güni säher bilen oýanman, biraz ýatýardym. Näme üçindir, bu gün säher bilen oýandym. Hemişeki endigime görä, penjiräni açyp, daş-töweregi synladym. Bar ýeri ap-ak gar basypdyr, özüniň owadan altyn şuglasyny saçýan Günüň şöhlesine ähli ýer edil künji sepilen ýaly, ýyldyraşyp, tebigatyň gözelligine görk goşýardy. Bu gözelligi synlap, göwnüm göterildi. Gowy görýän aýdymyma hiňlenip, öý işlerine güýmendim. Derrew öý-içerini tämizläp, otagymyzdaky Täze ýyl arçasyny bezemäge başladym.