Agtyk (hekaýa)
Suraty çeken: Hojamuhammet GULOW Zybatäç ejäniň ogluny öýerip, dünýäsi giňedi. Ähli öý işini gelni elinden aldy oturyberdi. Indi ol öz deň-duş joralarynyňka günuzyn görme-görşe gidip, suwdan seleň öýüne dolanyp gelýär. Içeriniň aladasyndan arkaýyn bolan ene bu meselede hiç bir zada goşulanok. «Ýaşlaryň özi bilýändir, men olara artyk sapak berip, ýük bolmaýyn» diýerdi. Geň zat, her gezek bir näbelli ses gulagyna eşidilip, onuň içki pikirlerini goldardy: «Dogry pikir edýäň, ýaşlaryň ýüregine düşme. Goý, olar öz ýüregindäki ýagşy niýetini amal etsinler. Görýäň-ä, olaryň owadan ýüregi bar. Birinde mert, birinde-de näzik ýürek bar. Heý-de olary ynjydyp bolarmy?! Gowy döwre ulaşan ömri bar olaryň. Olar diňe Hakyň halan işi bilen meşgullanýarlar. Adyllyk, halallyk olaryň ömür manysy, ýaşaýşynyň çyragy. Onsoň olaryň ähli eden işi ugruna. Sebäbi jemgyýet adyllygyň, halallygyň mähri bilen gurşalan. Şeýle bolanda ömrüň çüwmesi bagt bilen» diýip, Zybatäç ejäniň gowy niýetine köp ýagşy, many-maňyzly sözleri aýdýar.