HABARLAR

Türkmenistanym

Türkmenistanym Mukaddesdir maňa gysym topragyň,Bahasyz baýlygym, jigerim-janym.Galkynan ruhuň hem şöhratyň-şanyňWatanydyr meniň Türkmenistanym.

Meledor (Hekaýa)

Mollagara: — Bu özbaşyna bir waka. Nesip bolsa, bir gabatlaşamda, arkaýynlykda bu wakany gürrüň bererin. Ol ýöne bir waka-da däl, durmuşyň ynsana beren sapagy, tebigatyň keramaty. Akyl oňa haýran. Diňleseň, ynsanyň ýüzýyllyklaryň dowamynda ýolbars bilen näme üçin dostlaşyp bilmänine hem gümanda bolmarsyň. Taýçanagam Meledoruň neslinden, bilýänsiň-le, muňa häzir diňe atşynaslar däl, uly il gynanýar. Taýçanaga meşhur nesilbaşysynyň hormatyna «Meledor» diýip at hem dakan ekenler.

Goşgular

ÝAŞA, TÜRKMENISTAN, ÝAŞA, ARKADAG! Bizi sowulmajak bagta ýetiren,

Rowaýat. Tymsallar

Ýagşy niýet — ýarym döwlet Türkmen halkymyzda «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýlen bir pähim bar. Bu pähimiň döreýşi şeýleräk bir rowaýat bilen beýan edilýär.

Bileniň baýlygyň

Çopanyň eşegi ýaly Aňzakly, garly gyş gijeleri çöl dym-dyrslyk bolýar. Şeýle agşamlarda gijegezer guşlaram yňkyny çykarmaýar. Çopan aga sürini kaşara, agyla, juda bolmasa, ykyşak oýtaga gabap, oduny belentden gallar. Açlyga, aýaza çydap bilmeýän möjekler ýogyn-ýogyn uwlaşyp, ilki süriniň itlerini barlar. Özlerine jogap edip üýrýän itleriň sesinden olaryň sanyny, ýaşyny-ýortmanlygyny, garrylygyny, gorkaklygyny-mertligini, «aldajyň” barlygyny-ýoklugyny biler. Onsoň “ölsem-öleýine” salyp hüjüme geçer. Gurduň ýakyn gelenini ilki çopanyň eşegi biler. Ýatan ýerinden tapyrdap howlukmaç turar-da, aňňyrmaga gorkup, hynçgyryp ýa süriniň ortasyna özüni urar, ýa çopanyň çertegine kellesini sokar. Turjak söweşden gorkup özüni nirä urjagyny bilmän özem aljyrar, töwereginem ýaga salar. Başga wagt ümsümje, gulagyny sallap duran eşek, şeýle wagt ot gapdyrar.

Türk nakyllary we atalar sözleri

It gara bolsa-da, ak bolsa-da — itdir. Ýagşylyk edenleriňden ägä bol!

Söz manysyn aňar bolsaň

Çapar Çapar sözüniň “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde” habar ýetirýän atly habarçydygy aýdylýar. Ýene bir manysy:

Bekgi daýynyň degişmeleri

Obadaşlarynyň arasynda Bekgi daýy ady bilen tanalýan, belli žurnalistler Annadurdy hem-de Gurbandurdy Baýramowlaryň körpe inisi Bekdurdy aganyň degişmelerini söýgüli gazetimiziň okyjylarynyň dykgatyna ýetirmek isleýärin. ***

Agtyk (hekaýa)

Suraty çeken: Hojamuhammet GULOW Zybatäç ejäniň ogluny öýerip, dünýäsi giňedi. Ähli öý işini gelni elinden aldy oturyberdi. Indi ol öz deň-duş joralarynyňka günuzyn görme-görşe gidip, suwdan seleň öýüne dolanyp gelýär. Içeriniň aladasyndan arkaýyn bolan ene bu meselede hiç bir zada goşulanok. «Ýaşlaryň özi bilýändir, men olara artyk sapak berip, ýük bolmaýyn» diýerdi. Geň zat, her gezek bir näbelli ses gulagyna eşidilip, onuň içki pikirlerini goldardy: «Dogry pikir edýäň, ýaşlaryň ýüregine düşme. Goý, olar öz ýüregindäki ýagşy niýetini amal etsinler. Görýäň-ä, olaryň owadan ýüregi bar. Birinde mert, birinde-de näzik ýürek bar. Heý-de olary ynjydyp bolarmy?! Gowy döwre ulaşan ömri bar olaryň. Olar diňe Hakyň halan işi bilen meşgullanýarlar. Adyllyk, halallyk olaryň ömür manysy, ýaşaýşynyň çyragy. Onsoň olaryň ähli eden işi ugruna. Sebäbi jemgyýet adyllygyň, halallygyň mähri bilen gurşalan. Şeýle bolanda ömrüň çüwmesi bagt bilen» diýip, Zybatäç ejäniň gowy niýetine köp ýagşy, many-maňyzly sözleri aýdýar.

Şygryýet bossany

Buýsançnama Ähli halkyň arzuwy, Dünýäň parahatçylygy. Dostlaşdyrmak ýurtlary, Dostlaşdyrmak halklaryParahatlyk ýolunda.