HABARLAR

Öte geçdi (Hekaýa)

Anton ÇEHOW,rus ýazyjysy Ýer ölçeýji Gleb Gawrilowiç Smirnow «Gniluşki» menzilinde gelip düşdi. Ol bärik ýer ölçemäge çagyrylyp, ýene 30-40 çakrym ýoly atly geçmelidi. (Eger arabakeş agras, atlaram daýawja bolsa, onda 30 çakrym dagy nämejik, ýöne arabakeş ýaramaz, atlaram hor bolsa, onda ýol aşmak gaty kyn bolar).

Toý ýatlamalary (Hekaýa)

Mao SAN,hytaý ýazyjysy Gyş günleriniň biridi. Säher çagy Hose ikimiz Madridiň seýilgähleriniň birinde otyrdyk. Howa diýseň sowukdy. Agyr possunyň astyndan diňe gözlerim görünýärdi. Serçeleri naharlar ýaly elimi jübimden çykaryp otyrdym. Hose köneje keltekçesini geýip, deňiz syýahaty baradaky kitaby okaýardy.

Unut, baryny unut... (Nowella)

Pan­na­lal PA­TEL,hin­di ýa­zy­jy­sy Aýyp­lan­ýan ýi­gi­di uzak wagt­lap bar­la­dy­lar. Ka­zy ki­çeň­räk ala­be­der ýü­pek dü­wün­çe­gi eli­ne alyp:

Gara dogan (Hekaýa)

Bo­ris ÝE­KI­MOW,rus ýa­zy­jy­sy Ga­ra­şyl­ma­dyk ýer­den ýa­dy­ňa-oýu­ňa düş­me­jek düýş­ler gör­nüp baş­la­dy. Ol özü­ni hä­zir­ki dö­wür­dä­ki­si ýa­ly gör­ýär­di, uýa­sy Man­ýa-da hiç ýa­nyn­dan aý­ryl­ma­ýar­dy, özem ju­da ki­çi­jik­di, üm­bil­mez ba­la­dy. Gyz­ja­gaz oňa gys­myl­jy­ra­ýar­dy, gu­jak­la­ýar­dy, ça­ga di­lin­de nä­me­dir bir zat­lar je­dir­de­ýär­di, şon­da Ni­ko­la­ýyň kin­di­wan­ja ji­gi­si­ne haý­py gel­mek­den hem-de mä­hir-mu­hab­bet­den ýa­ňa göz­le­ri gu­bar­la­ýar­dy. Ho­pu­gyp gö­zü­ni aç­ýar­dy hem-de ýü­re­gi gürs-gürs ur­ýar­dy. Uku­dan açy­ly­bam oýa bat­ýar­dy: her­nä eý­gi­li­ge bo­la­wer­sin!

Abutalyp aýdypdyr... (Hekaýa)

Abu­ta­lyp GA­FU­ROW,da­gys­tan­ly ýa­zy­jy Bir ýo­la men Abu­ta­ly­ba Hin­dis­tan­da şeý­le­bir adam­lar bar, olar hat­da tüý­dü­giň sa­zy­na go­şup zä­her­li ýy­lan­la­ram tans et­mä­ge mej­bur ed­ýär­ler diý­dim. Abu­ta­lyp şeý diý­di:

Elden giden bagt (Hekaýa)

Ra­do­ýe Do­ma­no­wiç,serb ýa­zy­jy­sy Kyrk ýyl mundan öň (gürrüňi edilýän wagtlary ol on ýaşlaryndady), Tomanyň kakasydyr ejesi ogullarynyň hünär öwrenmegi üçin şähere ugratmaga taýynlanýardylar. Bu garyp maşgala şäherýaka obalarynyň birinde ýaşaýardy.

Syrgyn (Hekaýa)

Aleksandr PUŞKIN,rus ýazyjysy Basgylap galyň gary,

Dogry jogap (Hekaýa)

Ar­na­ba SA­HA,ame­ri­ka­n ýa­zy­jysy Olar meni däliziň ugrundaky oturgyçlaryň birinde oturtdylar. Men basym aňry çetdäki otaga girmelidim. Biraz gorkýardym. Kakam özümi arkaýyn, asuda alyp barmagymy aýtsa, ejem hiç zat hakynda biynjalyk bolmazlygy sargaýardy. Ýekeje soraga «dogry jogap» bersem ähli zadyň gülala-güllük boljakdygyny aýdýardylar. Şol pursat meni olaryň berjek üýtgeşik sowaly gyzyklandyrdy. Ýöne şol sowalyň «dogry jogaby» barada hiç hili düşünjäm ýokdy.

Edebiýat dostlugy pugtalandyrýar

Na­syr­jan JORAÝEW Nasyrjan Joraýew 1984-nji ýylda Özbegistanyň Namangan welaýatynda dünýä inýär.

Üç ýyllyk depe (Koreý halk ertekisi)

Gadym za­man­lar­da «Üç ýyl­lyk de­pe» di­ýen bir ýer bo­lup­dyr. On­dan ýy­kyl­saň üç ýyl­dan köp ýa­şap bol­ma­ýan­ly­gy­na yna­nan oba ila­ty oňa hut şu ady da­kyp­dyr. Şo­nuň üçin hem adam­lar bu de­pe­den geç­jek bo­lan­la­ryn­da ýy­kyl­maz­lyk üçin, aşa hüş­gär­lik gör­ke­zip­dir­ler. Gün­ler­de bir gün bir go­ja ba­zar­dan öýü­ne do­la­nyp gel­ýär­kä, häl­ki gum de­pe­si­ni aşyp geç­me­li bo­lup­dyr. Ha­lyn­dan äti­ýaç edip, ha­ýal ädim urup bar­şy­na se­re­sap­ly ýö­re­mä­ge çal­şyp­dyr. Em­ma ýo­luň or­ta­ra­sy­na ýe­te­nin­de, gar­şy­syn­dan gel­ýän bir ki­şä ýol ber­jek bo­lup, gy­ra çe­ki­lip­dir. Şol ba­dada da­şa büd­räp, de­pe­den gaý­dyp­dyr.