HABARLAR

Ilkinji goşgym

Başgaça bolupdy meň üçin bar zat,Gazetde çykanda ilkinji goşgym.Alan ýaly boldum ullakan bir at,Gazetde çykanda ilkinji goşgym. Çaga ýaly boldum juda begenip,Öwgimi ýetirdi ejem guwanyp,Hasam hyjuw döräp gitdim beýgelip,Gazetde çykanda ilkinji goşgym.

Erik gülledi

Budur gül baharyň şöhraty-şany,Güllere besleýär söýüp ýaşany,Bolçulygyň, berekediň nyşany,Keremli gollaryn gerip gülledi, Köňül töre geçip, erik gülledi.Ene ýeriň mährem ýylylygyndan,Päkize arzuwlaň ýygylygyndan,Parahatçylygyň ýylydygyndan,

Pikir (Hindi tymsaly)

Öňde-de biri il içinde dertlilere em salgy berýänligi bilen meşhur bolan akyldaryň ýanyna barypdyr. — Näme mesele bilen geldiň? — diýip, akyldar myhmana ýüzlenipdir.

Eziz Watan

Waspyňy dilden goýmaryn.Bitarap Türkmenistanym!Mekany baýram-toýlaryň,Bitarap Türkmenistanym! Nuranadyr ýollar ýagty,Türkmeniň çüwendir bagty,Bagş eýledi synmaz tagty,Bitarap Türkmenistanym!

Käbä deňelýän ynsan

Ene! Bu sözde gör, näçe mähir-muhabbet, özüne çekiji üýtgeşik güýç bar. Eneleriň perzentlerini rahat ýatyrmak üçin ýürek arzuwlaryny beýan edip aýdýan hüwdülerini diýsene! Perzentler mähriban käbesiniň mydama janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, mähirli, nurana ýüzüniň gülüp durmagyny arzuwlaýarlar. Ene mukaddesdir. Mukaddeslige bolsa tagzym edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okadygyňça enä goýulýan hormat-sarpanyň belentdigine çuňňur düşünýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabyndaky: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýen sözleri okanyňda, enelere bolan hormatyň has hem artýar. Mähriban käbäň durmuşda görüm-göreldäň, onuň ornuny tutup biljek başga adam ýok. Bir danadan: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol: «Jennet enäniň dabanynyň astyndadyr» diýip jogap beripdir.

Çagalygyň bir pursady...

Oglanjyklar iki topara bölündiler. Kimiň derwezäni goramalydygy, kimiň nirede oýnamalydygy belli edildi. Birdenem:

Arkadagyň paýhasy

Aşyklaryň şäheriŞäherimiz Aşgabat.Garşylar her säheriArkadagy alkyşlap,Beýik ýurdumyň bagty,Aziýaň merjen tagty,Türkmeniň bu paýtagty. Gözelligne görk goşarÖz Liderniň paýhasy.Zer öwüser gijesi,Eserdir şäherçesi.Leýli gyzlara mahsusLeýlisaçlar sülmürär.Iň owadan şäheriGiň seýilgähler bezär,Iç-daşyn güller bürär.

Duýguly dünýä

ÝAZLARYŇ ÝURDY Bilýäňizmi, ata ýurdun ýazlaryň, Bilýäňizmi, baky bahar nirede?Nirede göwünler gül-gül sazlaşyp, Hoş sözler aýdylýar birek-birege?Aşyk bolar,                şahyr bolar bir demde,Kim bu jennet ýurda maňlaý direse.

Şygryýet çemeni

ÝAGYŞ NÄMÄ AGLAÝAR?! Diňle, eziz!Ýagyş ýagýar,Damjalaryň şildir sesi ne ajap.Zemine görk üçin ýagýan deý,ÝöneDertli asman gözýaş dökýändir sojap.

Wagt (Goşgy)

Şaýat bolup adamzadyň ömrüne, Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn!Soňra düşüp gojalygyň döwrüne,Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn! Hakyň ýazgyt kitabynyň gatyny,Okap ýetişeýin syrly hatyny,Neçün beýle tiz eýerläp atyňy,Wagt, nirä barýaň, saklan ahyryn!