Eminiň wesýetnamasy
Luiza Meý OLKOTT,amerikan ýazyjysy Öýde şu wakalar dowam edýärkä, Emi daýzasy Marçyňkyda kyn günleri başdan geçirýärdi. Bu ýere iberilmegi ony gaty aladalandyrypdy, şeýle-de ol ömründe ilkinji gezek özüni näderejede söýýändiklerine we läliksiredilendigine düşündi. Març daýza hiç haçan hiç kimi läliksiretmändi. Ol bular ýaly zatlaryň tarapdary däldi, ýöne ol göwnünden turan bu kiçijik gyzjagazyň terbiýesinde hoşamaýlygyň bolmagyny-da isleýärdi. Març daýza bu zatlary kimdir birine duýdurmagy hökman saýmasa-da, onuň garryja ýüreginiň bir çüňkünde ýegençisiniň çagajyklary üçin söýgä ýer bardy. Eminiň bagtly bolmagy üçin, ol, hakykatdan-da, elinde baryny edipdi. Eý, Hudaý, ýöne ol, gör, nähili ýalňyşlyklar goýberdi. Käbir garry adamlaryň ýüzündäki ýygyrtlara we saçlarynyň çalarandygyna seretmezden, ýürekleri garramaýar. Olar çagalaryň kiçijik aladalaryny, begençlerini duýup, özlerini öýlerinde ýaly duýmaklary üçin, gyzykly oýunlaryň üsti bilen parasatly sapaklary berip bilýärler. Şeýle-de, dostlukly gatnaşygy iň bir ajaýyp usulda ýola goýmagy başarýarlar. Ýöne Març daýzada olar ýaly zehin ýokdy we ol Emini öz düzgünleri, buýruklary, berk saklaýşy we uzyn, ýüregedüşgünç, gyzyksyz gürrüňleri bilen örän alada goýýard