«Görogly» şadessany — terbiýeçilik mekdebi
«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Ýedi-sekiz ýaşlarymdaky çaga döwürlerimde atamyň ýanyndan aýrylamokdym. Atamyň bir adaty bardy, boş wagt tapyndygy agaç sandygyndan birnäçe magnitofon kassetalaryny çykaryşdyryp, bir döwürler meşhur bolan «Romantik» atly magnitofonynda gulaga öwrülip, dessan diňlärdi. Atamyň ýanynda bolanymdan soňra menem diňlemeli bolardym. Çaga bolsamam, dessanyň manysyna o diýen düşünip barmaýan bolsamam, şol dessanlar meniň ünsümi özüne çekerdi. Atam bolsa bar durky-düýrmegi bilen berlip diňlärdi. Arasynda başyny ýaýkap-ýaýkap goýbererdi. Atam dessan diňleýärkä, ondan bir zat sorasaň, ünsüni bölseň halamazdy. Wagty bilen jogabam bermezdi, nägilelik bilen hüňürdärdi.