HABARLAR

Halypamyz Magtymguly Pyragy

Bu gün arzuw eden zamanaň geldi,Halypamyz Magtymguly Pyragy!Şöhratyň, abraýyň äleme doldy,Halypamyz Magtymguly Pyragy! Öwüt-ündewlere ýugrulan şygyr,Baryn miras aldy bagtyýar döwür.Täze galkynyşdan ganatly göwünHalypamyz Magtymguly Pyragy!

Häsiýetler hakynda ylmy-edebi seljerme

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, dünýä döwletleriniň hem ençemesinde uly dabaralara beslenýän ýyly bolan üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şahyryň ömri-döredijiliginiň has çuň öwrenilmegine we ähladamzat gymmatlygy hökmünde dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilik açdy. Akyldar şahyrymyzyň her setiri guba düýä deň görlen goşgularynyň manysyny tirip, paýhas ummanyny boýlaýan ylym adamlary, magtymgulyşynaslar indi tegelek üç ýüz ýyldan bäri milletiň ruhy iýmitiniň çeşmesi bolup gelýän parasat baýlygynyň hamyrmaýasy hakyndaky täze-täze eserler bilen giň okyjylar köpçüligini begendirýärler. Şeýle gymmatly eserleriň birbada ikisi kitap tekjelerimizdäki eserleriň üstüni ýetirdi. Pedagogik ylymlaryň kandidaty Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly iki jiltlik ylmy-edebi we terbiýeçilik mazmunly kitaby ýurdumyzyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilip, okyjylaryň eline gowuşdy.

Tymsallar

Ýanyňda ýaryň bolsa Öňki asyryň 90-njy ýyllarynda ABŞ-nyň Detroýt şäherindäki elektrik kompaniýasynda hepdede 11 dollar zähmet hakyny alýan ýaş mehanik işläpdir. Ol her günde 10 sagatlap işläp, öýüne gelenden soňra hem öz saraýynda, köplenç, ýarygijä çenli zähmet çekipdir. Ol ýeňlerini çermäp işlemek bilen, ulaglaryň täze hereketlendirijisini döretmek isleýärdi. Kakasy onuň bu pişesini biderek wagtyňy ýitirmek, goňşulary bolsa aklyňdan azaşmak diýip hasaplapdyrlar. Köpler onuň bu işiniň başa barjakdygyna ynanmaýan ekeni. Ýöne oňa ýalňyz bir adam — aýaly ynanýardy we elinden gelen kömegini berýärdi. Ol gijelerine işläp duran adamsynyň ýokarsynda birnäçe sagatlap nepýagly çyrany tutup durýardy. Zenan sowukdan ýaňa elleri gögerip gitse-de, ýygy-ýygydan sowuklasa-da, bu işini bes etmeýärdi. Sebäbi ol bütin düýrmegi bilen adamsyna ynanýardy. Birnäçe ýyldan soňra günleriň birinde olaryň saraýynda üýtgeşik ses ýaňlanýar. Biraz wagtdan bolsa goňşulary şol aklyndan azaşan diýýän kişisiniň aýalyny ýanynda oturdyp, at goşulmadyk geň ulagy sürüp barýandygyny görýärler. Ol geň adam Genri Forddy.

Beýik akyldaryň pähim-paýhasy

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli guwanjydyr. Ol halk arasynda beýik söz ussady, parasatly akyldar, görnükli jemgyýetçilik adamy hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Şahyr nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine ägirt uly goşant goşdy. Dana Pyragynyň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir. Ine, şu nukdaýnazardan biz hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly eserinde Magtymguly Pyragynyň şahsyýetiniň mynasyp beýany hakynda söhbet etmegi makul bildik. Çünki bu eseriň many-mazmunynda söz ussadynyň keşbi eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyryň döredijiliginde ata-enä hormat-sarpa, perzendiň olaryň öňündäki borjy hakynda içgin aýdylýar. Çünki ata-ene mukaddes, olar Käbä hem-de Kybla deňelýär. Biziň bu pikir ýöretmelerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda şeýle şöhlelenýär: «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşyň ähli ugurlary şöhlelenýär, şahyr pikirimizdäki ähli zatlary şygra geçiripdir diýip aýdylmagy asyrlaryň dowamynda ykrar edilen hakykatdyr».

Göwündeşim sensiň, eje!

Syr saklaýan mähek daşym, Syrdaşym sen, göwün hoşum.Ýürekdeş ýakyn joram sen,Käbäm ejem — bagt guşum! Şatlygymy hem gussamy,Hemmelerden öň duýýanym. Dünýäm, durmuşym, ykbalym,Ejemdir meniň söýýänim.

Maksatly menziller

Bagtlylyk — ynsanyň arzuwlarynyň wysal tapmagy. Ýürekde beslän arzuwlaryňa ýetmek hem ykbalyň saňa eçilen bagtyýarlygy. Nesibe — çekilen irginsiz zähmet bilen ynsan arzuwlarynyň bilelikdäki miwesi. Çagalygymdan gursagyma guýlan Watan söýgüsi kämillik ýaşymyň dolmagy bilen öz goragyna çagyrdy. Garaz, ak mekdebi tamamlap, durmuş ýolumyň ilkinji ädimini Watan öňündäki çagyryş boýunça harby gulluk borjum bilen başlamagym, ozaldan kalbymdaky watançylyk duýgymy has-da artdyrdy. Haçan-da ilkinji arzuwyma ýetenimde, «Watan goragçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolanymda, bagtlylygyň çuňňur lezzetini duýdum. Çünki Watany goramak iň beýik mertebedir. Bu barada

Watan, seniň yşkyňda

Daglaryňda keýik bolup ýaýnasam, Baglaryňda bilbil bolup saýrasam,Gülleriňden anbar bolup ýaýrasam,Çeşme-bulaklarňa owaz goşaryn, Watanym, yşkyňda gaýnap joşaryn!Älemgoşar deýin bezäp gögüňi,Söýýän daň säheriň tämiz çygyny.Togap edýän düzleriňi, dagyňy,

Geýme garany

Müjgäniň inderip, çytma gaşyňny, Gel, eý, Selbim, sen geýinme garany.

Rowaýat

Soňuny pikir et! Gadym döwürlerde uly ýurduň patyşasy aw-şikardan gelýärkä bir bagyň ýüzüne ýazylan hata gözi düşüpdir. Ol hatda: “Soňuny pikir et!” diýen sözler bolupdyr. Juda uly many aňladýan ol sözler patyşanyň göwnünden turupdyr hem-de ol sözleri öz tabagyna ýazdyrypdyr.

Hekaýat

Ynamyň gudraty Ir döwürlerde obanyň bir baý adamy bar eken. Ol öz ogluna çöle gidip, çopandan mallaryň hasap-hesibini soramagy we bir-iki sany işşek goýny soýup, huruşlyk üçin alyp gaýtmagy tabşyrýar. Ogly atyna münüp, ýola düşýär. Barmaly ýerine barandan soň, çopana salam bermäge derek dessine mallaryň ýagdaýyny soraýar we kakasynyň ýumşuny tabşyrýar. Çopan sesini çykarman, aýdylan zatlary ýerine ýetirmäge başlaýar. Birden hem baý oglunyň çirkin sesini eşidip, ol tarapa haýdap barýar. Baryp görse, oglanyň ýüzi gorkudan ýaňa ak-tam bolupdyr.