HABARLAR

Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Işewürligi, kiçi hem-de orta telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak arkaly, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda ileri tutulýan wezipelerdir. Olaryň durmuşa geçirilmegini, Türkmenistana hususy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň goýulmagyny mundan beýläk-de höweslendirmek üçin maýa goýumlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 134-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Munuň üçin dürli ýyllarda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda», «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Bu ýerden sargyt edip gördüňizmi?!

Eger şeýle bolmasa, sargap görüň! Milli hem döwrebap, hamyrly we gyzgyn, mangal we tiz tagamlaryň, şeýle-de daşary ýurt aşhanalarynyň naharlarynyň tagamlaryny hem-ä amatly bahadan, hemem tiz wagtyň içinde dadyp görmek size bagly. Sargytlaryňyz ýanyna myhman paý hem goşulyp, sanlyja minutyň dowamynda diýen ýeriňizde peýda bolýar. Biziň gürrüňimiz Gaýgysyz Agabaýew tarapyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda esaslandyrylan halkymyza jemgyýetçilik iýmitini taýýar görnüşde hödürläp gelýän «Gaýgysyz market» hakynda. Tagamlaryň dürli görnüşlerini sargyt esasynda degişli salga eltip bermek hyzmatyny göwnejaý ýola goýan işewürleriň daş ýarýan dogumynyň hemem eli süýji aşpezleriň tagam taýýarlamakdaky ussatlygynyň gürrüňi indi gum içine-de aýlanyberipdir. Ýogsa näme, ussat aşpezleriň bişiren tagamyndan dadyp görmek isleýänler indi gumuň, çölüň içinden sargyt edip bilýän bolsa, hut şeýle bolaýmalam.

«Hurma» kafe

Beýlekileriňkä meňzemeýän täsin dizaýny bilen köpleriň ünsüni çekmegi başaran bu kafe barada siz eýýäm eşiden bolmagyňyz mümkin. Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Hurma» kafesinde müşderiler üçin gerek bolan hyzmatlaryň ählisi jemlenendir. Tejribeli ofisiantlar, internet hyzmaty, iň esasy hem, awtoduralganyň bolmagy bu ýere gelmek üçin amatly şertleriň esasylarydyr. Müşderileriň söýgüsini gazanmagy başaran bu kafeniň tagamnamasynda dürli görnüşli owadan bezelen ertirlikleriň, çorbalaryň, mangallaryň, pizzalaryň, hamyrly naharlaryň, garnirleriň, işdäaçarlaryň, desertleriň, pideleriň, köz dönerleriniň hem-de olar bilen bir hatarda çaý, kofe, freş, limonad, kokteýl ýaly içgileriň köp görnüşleri taýýarlanylýar. Isleg bildirilen tagamlar ussat aşpezler tarapyndan döredijilikli, owadan, gözegelüwli görnüşde taýýarlanylyp äberilýär.

«Markow» kofe

Ylmy tehnologiýanyň döwri hasaplanylýan üstümizdäki asyrda kofe bilen bagly gürrüňleriň juda köp bolmagy jemgyýetiň arasynda hoşboý ysly, özboluşly bu tagama bolan islegiň ýokarlanýandygy bilen bagly bolup biler. Bu önüme bolan islegiň netijesinde soňky ýyllar kofe önümçiligi barha pajarlaýar. Dünýäde iň uly kofe öndürijileri diýlende, Braziliýa, Indoneziýa, Efiopiýa, Wýetnam ýaly birnäçe ýurtlar hakynda eşidendiris, ýöne biziň bu gezekki gürrüňimiz olar barada bolman, Merkezi Aziýada iň iri kofe öndürijisi hökmünde tanalýan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň «Markow» haryt nyşanly kofeleri hakyndadyr. 1990-njy ýylda esaslandyrylan «Toýly» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde 2019-njy ýylda açylan «Markow» haryt nyşanly köp görnüşli, ýokary hilli kofe önümçiligini amala aşyrýan bu kärha­nada häzirki wagtda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda iň iri kofe önümçiligi bilen meşgullanýan bu hojalyk jemgyýetinde 1/3 kofesiniň nusgawy, kapuçino, mokka, latte we hoz tagamly ýaly kofe önümleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Önümçilikde Indoneziýadan, Malaýziýadan, Awstraliýadan, Türkiýeden we Wýetnamdan getirilýän tebigy kofe däneleri ulanylýar. Sarp edijiler tarapyndan köp isleg bildirilýän bişen kofe dänesini öndürmek üçin bolsa önümçilikde

«Erkin miweçilik»: uly üstünliklerden täze sepgitlere

Eziz Diýarymyzyň telekeçileri soňky ýyllarda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygynda hem uly işjeňlik görkezýärler. Olaryň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilýär. Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda miweleriň dürli görnüşlerinden bol hasyl alýan «Erkin miweçilik» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem bu hakykata aýdyň mysaldyr. 2015-nji ýylda bu hususy kärhana daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak maksady bilen, üzümi, miweli baglary, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin Mary welaýatynyň çäginden 300 gektar ýer bölegi uzakmöhletleýin kärendesine berilýär. Işjanly işewürleriň yhlasy esasynda köpden bäri ulanylman ýatan ýerler özleşdirilip başlanýar. 2017-nji ýylda telekeçiler ekin ýerleriniň 40 gektaryna daşary ýurtdan getirilen almadyr garaly nahallaryny, 40 gektaryna bolsa ýerli hem-de daşary ýurt üzümlerini, galan bölegine bolsa gawun, garpyz we gök-bakja ekinlerini ekdiler.

Polşada özbek dokma önümleriniň dükany hyzmat edip başlady

Warşawa şäherinde ýerleşýän «EACC» söwda merkezinde Özbegistan Respublikasynyň «Bonito Jeans» dokma kompaniýasynyň «Mod Kids» brendiniň söwda dükany açyldy. Söwda dükanynyň açylyş dabarasyna Özbegistanyň Polşadaky ilçisi Amirsaid Azamhujaýew hem-de iki ýurduň dokma senagaty pudagynda iş alyp barýan hünärmenler gatnaşdylar.

Telekeçilige — giň ýol!

Ýurdumyzyň altyn gaznasy Dogrusy, telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynda peýda bolup, indi ol müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärine öwrüldi. Hakyky, telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Onuň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekesini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Ýaňy--ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy bellenilip geçildi. Şol günler täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi guwanjymyzy goşalandyrdy.

Ezber elli tikinçiler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek babatda edýän bimöçber tagallalaryna öndürijilikli zähmet bilen jogap berýän hususy düzümleriň biri-de Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän, 2021-nji ýylda esaslandyrylan «Dowamly özgeriş» tikinçilik kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhanada ezber elli tikinçi gelin-gyzlaryň 40-dan gowragy zähmet çekmek bilen, esasan, çagalardyr ýetginjekler, uly adamlar üçin döwrebap nusgadaky penjekdir jalbarlary, beýleki dürli egin-eşikleri taýýarlaýarlar. Berdimyrat Ýediýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu önümçilik düzüminiň agzybir tikinçileri pasyllara görä önüm öndürmek bilen, müşderileriň ösen islegini kanagatlandyrmaga çalyşýarlar. Olar häzirki wagtda ýaz we tomus möwsümi üçin egin-eşikleri taýýarlap başladylar. Şunda tikinçileriň tikýän eşikleriniň hiline, biçüwine aýratyn üns berýändiklerini bellemeli. Bu ýerde zähmet çekýänleriň agramly böleginiň ýaşlar bolmagy täzeçe işlemäge, bazarda geçginli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär.

«YONEKEY» mobil goşundysynda mugt dükan açmak mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň ähli künjegindäki adamlar üçin Hytaýdan dürli görnüşli harytlary iň arzan bahalardan sargyt etmäge mümkinçilik berýän «Yonekey» ykjam goşundysynda täze hyzmat işläp başlady. Indi islendik telekeçi «Yonekey» ykjam goşundysynda öz onlaýn dükanyny açyp, satýan harytlaryny ýerleşdirip biler. 150 müňden gowrak ulanyjysy bolan «YONEKEY» platformasy söwdany artdyrmaga ýardam etjek bu hyzmatdan peýdalanmaga çagyrýar.

«Arkaç» — milliligiň we döwrebaplygyň birleşýän ýeri

17-nji martda döwrebap binägärlik keşbi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşýan durmuş maksatly ýene bir täze bina açyldy. Işewürlik merkezli, ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi ýakyn wagtda işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Milli we döwrebap dizaýny özünde jemleýän bu ajaýyp binada ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi. Täze açylan binada işe başlanlaryň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolmagy guwandyryjydyr. mumy meýdany 4,7 gektara barabar bolan «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär. «Ussat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül metr meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär. Olardan başga-da, bu ýerde oýun meýdançalary, kino zallary, çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.