HABARLAR

Ajaýyp sowgatlar

Täze ýyl adamlara, aýratyn hem, çagalara ýatdan çykmajak täsirleri hem-de şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylykdyr. Bezelen arçalaryň daşynda çagalar goşgudyr aýdymlary aýdyp, Aýazbabadan alýan sowgatlaryna guwanyp, şatlyk-şowhuny has-da artdyrýar. Täze ýyl sowgatlyklaryny taýýarlamak üçin ýurdumyzyň hususy telekeçileri gije-gündiz yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Hasar» hojalyk jemgyýetidir. Biz hem bu kärhananyň orunbasary Merdan Şükürow bilen söhbetdeş bolduk. — Hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda hususy işewürlik ulgamynyň pugta binýadynyň döredilendiginden peýdalanyp, halkymyzy özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegi dowam etmek zerurdyr» diýip belleýär. Bu sözlerden ruhlanýan türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň görnüşleri we möçberleri günsaýyn artýar. Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan hususy işewürler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu gün milli haryt nyşanlarymyzyň meşhurlygy barha artyp, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň öndürýän önümleri içerki we daşarky bazaryň arzyly hary

Işler gyzgalaňly barýar

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän pomidor hasyly saçaklaryň bezegidir. Birnäçe ýyl mundan ozal tapgyrlaýyn gurlup, ulanylmaga berlen bu ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän önümler ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, ýyladyşhana toplumynyň agzybir işçi-hünärmenleriniň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde ýetişdirilýän ter önümlere daşarky bazarda hem isleg barha ýokarlanýar. Ýyladyşhana toplumynyň 30 gektar meýdanynda pomidoryň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge we olardan bol hasyl almaga uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde ilkinji ýyllarda pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilen bolsa, häzirki wagtda onuň görnüşleri has-da artdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynda ýyladyşhanada pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Pomidoryň ilkinji gezek synag edilen birnäçe görnüşlerinden ýokary hasylyň kemala getirilmegi gazanyldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda berekedini bolluk bilen eçilen hasyly ýygnamak işi depginli dowam edýär.

Aýakgaplaryň hyrydary artýar

Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde işe girizilen «Ýelken» aýakgap sehiniň işläp başlanyna entek köp wagt bolanok. Gysga wagtyň içinde sehiň hünärmenleriniň taýýarlaýan önümleriniň ilatyň isleg bildirýän harydyna öwrülmegi guwandyryjydyr. Galyberse-de, aýakgaplaryň ýerli çig mallaryň hasabyna taýýarlanylmagy köpçüligiň göwnünden turýar. Yhlas etseň, bitmejek iş ýok. Telekeçi Arslan Möwlamow hem turuwbaşdan öz öňünde goýan maksadyna ýüregi bilen ýapyşdy. Ol bu ugurdan iş alyp barýan hünärmenler bilen tanyşdy, maslahatlaşdy. Türkmenabatly tejribeli aýakgap ussasy Şükürylla Bahryýew oňa el kömegini, dil kömegini berdi. Bäherden etrabyndaky «Ak suw» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri, Mary şäherinden telekeçi Dörtguly Haýdarow bu kiçi kärhanany ýerli çig maldan taýýarlanýan daban, emeli gaýyş, ýelim, kagyz, deri, granitol ýaly serişdeler bilen üpjün edip başladylar.

Yhlasly zähmetiň bereketi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde düýpli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda ýylyň ähli paslynda-da gerek boljak önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýän daýhanlaryň yhlaslary ýerine düşýär. Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogultäç Agamämmedowa indi 30 ýyla golaý wagt bäri keremli toprakdan bol hasyl ýetişdirip gelýär. Ogultäç daýza ýetmiş ýaşa ser uran hem bolsa daýhançylyga yhlasly. Onuň bar maksady irde-giçde melleginde ýyladyşhana gurup, onda limon ýetişdirmek bolupdyr. Ol gaýynatasy Jumageldi aga, ýanýoldaşy Aganazar aga limon ekmek barada maslahat salýar.

Önümçilikde diňe döwrebap tehnologiýalar

«Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýleni. Bizem öň tarypyny eşidenem bolsak, bu toplumy gözümiz bilen görmegi, onda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagy maksat edinip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Ahal» daýhan birleşigine tarap ýola düşdük. Obanyň içinden geçýän asfalt ýol bizi giň meýdany eýeleýän döwrebap topluma getirdi. Ýurdumyzda ilkinji bolup hind guşunyň etini öndürip başlan tejribeli telekeçi Maksat Ibragimowyň ýolbaşçylygyndaky bu toplum alty bölekden ybarat bolup, ilki baranymyz hind guşlarynyň idedilýän ketekleri boldy. Hatara duran dört ketegiň birinjisiniň gabadynda aýak çekdik. Maksat ketekleriň aňryýanyndaky giň meýdana göz aýlap:

Şanly senelere zähmet sowgatlary

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek türkmen telekeçileriniň öňünde durýan derwaýys wezipelerdir. Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlaryndan we döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususy işewürler şol wezipeleri üstünlikli çözmegiň hötdesinden gelýärler. Geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen hususy ulgama degişli desgalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Yzgant» daýhan birleşiginiň çägindäki döwrebap guşçulyk toplumydyr. «Dogan Aý» haryt nyşanly ýokary hilli towuk etini öndürýän guşçulyk toplumynda häzirki günlerde öňümizdäki baýramçylyklary zähmet sowgatlary bilen garşylamaga güýçli depginde taýýarlyk görülýär. Döwrebap guşçulyk toplumda innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen broýler jüýjeleri idedilip, ekologiýa taýdan arassa we tagamly towuk eti öndürilýär. Kärhana ýolbaşçylyk edýän hususy telekeçi Topar Ataýew guş toplumynda işleriň ýola goýluşy barada şeýle gürrüň berýär:

Dünýä bazaryna giň ýol

Düýn ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna bagyşlap maslahat geçirdi. Birleşmäniň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de hususyýetçiler gatnaşdylar. Onda çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen eşretleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatda alyp barýan adamzat bähbitli beýik işleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä görkezmegi başardy. Parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygy sebit we dünýä halklary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeler esasynda oňyn halkara gatnaşyklary ýola goýdy. Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilip, dünýä ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ep-esli gowulandyrylmagyna getirdi. Ýurdumyzyň hususy pudagy hem deňsiz-taýsyz ösüşlere eýe boldy, belent s

«Şawat» şatlyk paýlaýar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredip, özümizde öndürilýän önümler bilen halkymyzy üpjün etmek baradaky berýän tabşyryklaryndan ugur alýan Daşoguz şäherindäki «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň süýt we süýt önümlerini öndürýän kärhanasy-da gazanýan üstünlikleri bilen hemmeleri begendirýär. Kärhananyň zähmet topary özüniň öndürýän ýokary hilli önümleriniň hasabyna ilatyň azyk harytlaryna bolan ösen islegleriniň kanagatlandyrylmagyna saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu ýerde öndürilýän gaýmak, gatyk, mesge ýagy, peýnir, uýadylan gaýmak, ereme peýniri, duzlanan peýnir, dorag, aýran ýaly süýt we süýt önümleri alyjylaryň arasynda uly islege eýe. Kärhana boýunça geçen ýyldaky degişli döwür bilen deňeşdireniňde, önümçiligiň ösüş depgini 152,8 göterime çenli ýokarlandy. Häzirki wagtda önümleriň görnüşleriniň sany 20-ä ýetdi. Kärhananyň agzybir işgärleri diňe bir önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanman, eýsem, olar ilata hödürlenýän harydyň hil görkezijileriniň ýokarylygyny, önümleriň ählisiniň owadan gaplarda gaplanylmagyny üpjün edýärler. Kärhanada köp ýyllardan bäri yhlasly zähmet çekip işleýän göreldeli işçi-hünärmenleriň arasynda Umyda Atajanowany, Feruza J

Ma­ýa go­ýum gaz­na­sy «Lip­ton» we «Broo­ke Bond» mar­ka­la­ry­ny sa­tyn al­ýar

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «CVC Capi­tal Part­ners» ma­ýa go­ýum gaz­na­sy ça­ýyň «Lip­ton» we «Broo­ke Bond» brend­le­ri­ni sa­tyn al­mak bo­ýun­ça «Uni­lever» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. «Fi­nancial Ti­mes» ga­ze­ti­niň ha­ba­ry­na gö­rä, ge­le­şi­giň ba­ha­sy 4,5 mil­liard ýew­ro (ABŞ-nyň 5,1 mil­liard dol­la­ry) ba­ra­bar bo­lar. Şeý­le-de «Lip­ton» we «Broo­ke Bond» mar­ka­la­ry­na Ame­ri­ka­nyň «Advent» we «Car­ly­le» ma­ýa­ go­ýum gaz­na­la­ry­nyň hem da­laş eden­dik­le­ri bel­le­nil­ýär. Yla­la­şy­gyň öňýa­ny «Uni­lever» bu bö­lüm­çe­si­ni ýyl­da 2 mil­liard ýew­ro (ABŞ-nyň 2,2 mil­liard dol­la­ry) gir­de­ji ber­ýän öz­baş­dak «Eka­ter­ra» kom­pa­ni­ýa­sy­na bö­lüp­di. Ga­zet «Uni­lever»-iň ýyl­da, tak­my­nan, 1 mil­liard ýew­ro (ABŞ-nyň 1,1 mil­liard dol­la­ry) gir­de­ji ge­tir­ýän bir­nä­çe çaý brend­le­ri­ni öz çä­gin­de alyp ga­lan­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.

«Türkmenşöhläniň» ýalkymy

Telekeçilik işi haýyrly we il-güne nep getirýän iş. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilige aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurda peýda getirýän telekeçileriň sany barha artýar. Olar halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde, binalary we azyk önümlerini hem-de ýol gurmakda we beýleki işlerde ýeterlik tejribe toplap, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Ýurduň altyn gaznasyna» öwrüldiler. Döwletimiziň kuwwatly ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan hususy kärhanalaryň biri hem Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetidir. Biz golaýda bu ýerde bolup, hojalyk jemgyýetiniň zähmet durmuşy barada içgin gyzyklanyp, «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetiniň direktory Döwletmuhammet Annadurdyýew bilen söhbetdeş bolduk. — Döwletmuhammet, «Türkmenşöhhläniň» şuglasy tutuş Diýarymyza düşüp başlady. Siziň öndürýän önümleriňiz ýurdumyzyň ähli künjeginde uly islegden peýdalanýar. Gürrüňdeşligimiziň başyny bu asylly işe başlaýşyňyz, ilkinji ädimler we görkezijiler baradaky söhbet bilen başlap beräýseňiz.