HABARLAR

Guş — gazna, toprak— tylla

(oçerk) Il­ki­ba­da onuň tu­tu­my­ny oň­la­ma­dyk­lar bol­dy. Tu­tan ýe­ri­ni go­par­ýan ýi­git we­li, di­ýe­nin­den dän­me­di. Ka­ka­sy So­py aga­la­ryň döw­let­ment, he­mi­şe ge­lim-gi­dim­li öýün­de güžžül­de­dip dü­ýe sa­gy­lar­dy, «gäw­miş ýa­ly» di­ýil­ýän sy­gyr­la­ryň her­si ir­den bir bed­re, ag­şam bir bed­re süýt be­rer­di, ke­tek­dä­ki gy­zyl ho­raz­la­ryň se­si şo dö­wür­dä­ki Tag­ta­nyň (hä­zir­ki Gö­rog­ly şä­her­çe­si) beý­le­sin­den eşi­di­ler­di, to­wuk­la­ryň guz­lan ýu­murt­ga­sy ki­çeň­räk ça­ga bed­re­si­ni dol­du­rar­dy. Eli uza­dan ýe­ri­ne ýet­ýä­nem bol­sa, So­py aga zyn­har­lar­dy: «Ýe­di ha­zy­na­nyň bi­ri­dir bu­laň her­si. Bi­lip go­ýuň, ýa­ta­gyň­da mal, ke­te­giň­de to­wuk-jüý­je bol­sa döw­le­tiň do­ly bol­du­gy­dyr».

Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasy

GÖWÜNLERI GALKYNDYRAN PURSATLAR Hormatly Prezidentimiziň golaýda welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde Görogly etrabynyň Türkmen ýoly geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolmagy Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrundaky giň gerimli aladalaryň anyk nyşanyna öwrülip, bu ýerde zähmet çekýän adamlaryň kalbyny joşa getirdi. Bu olaryň ýürek buýsançlarynda, häzirki günlerde öz işlerine has-da yhlasly ýapyşýandyklarynda aýdyň ýüze çykýar.

Şa gadamy şamçyragdyr ýolumyza

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp, ol ýerde hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew hem-de onuň hünärmeni bilen duşuşyp, söhbetdeş boldy. Şol duşuşygyň özünde galan täsirleri dogrusynda gürrüňdeş bolmak üçin biz hem bu hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew bilen duşuşdyk. — Öremyrat, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmak, didarlaşmak, gör, nähili uly bagt!

Röwşen geljege tarap rowaç gadamlar

Halkyň hatyrasyna beýik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyz bilen il-günüň bir jan, bir tendigi, berkarar döwletimiziň 30 ýyllyk garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitleriniň dünýä ykrarnamasyna eýe bolanlygy we belent maksatlara tarap ynamly gadam urýandygy buýsançly hakykatdyr. Ýurdumyzda türkmen telekeçileriniň, senagatçylarynyň işleri bilen içgin gyzyklanylyp, olaryň armasy ýetirilýär. Muny geçen ýylyň dowamynda durmuşymyzda bolup geçen şanly wakalar hem tassyklaýar.

«Pla­net Labs» hem­ra­lar to­pa­ry ýo­ka­ry ösüş ga­zan­dy

«Pla­net Labs PBC» hem­ra kom­pa­ni­ýa­sy­nyň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da 13,77% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 6,36 dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 1,47 mil­liard dol­la­ry­na barabar boldy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, «Pla­net Labs»-yň ýyl­lyk gir­de­ji­si ABŞ-nyň 124 mil­lion dol­la­ryn­dan geç­di. «Pla­net Labs»-da hä­zir­ki wagt­da 244 sa­ny «Earth Re­mo­te Sen­sing» hem­ra­sy­ bar­dyr. Olar ow­nuk hem­ra­lar bo­lup, gün­de­lik glo­bal hem­ra su­rat­la­ry­ny 50 santimetr du­ru­lyk­da dü­şür­mä­ge ukyp­ly.

«ShockWave Me­dical»-yň paý­na­ma­la­ry­na gy­zyk­lan­ma art­ýar

Ge­çen hep­de ma­ýa go­ýu­jy­lar luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän «ShockWave Me­dical» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­di­ler. Mu­ňa kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze sa­tyn al­mak me­ýil­na­ma­sy ba­ra­da­ky mag­lu­ma­tyň çap edil­me­gi iter­gi ber­di. Hu­su­san-da, «Bloom­berg News» ne­şi­ri «Pe­numb­ra» luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «ShockWave Me­dical» bi­len bir­leş­me­gi göz öňün­de tut­ýan­dy­gy­ny öňe sür­di. Se­bä­bi kom­pa­ni­ýa­nyň be­je­riş usu­ly­nyň has yg­ty­bar­ly­dy­gy nyg­tal­ýar we en­jam­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň ýyl­da ABŞ-nyň 8 mil­liard dol­la­ryn­dan ge­çip bil­jek­di­gi çak­la­nyl­ýar.

«In­tel» ABŞ-nyň 20 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýar

«In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, tä­ze za­wo­dy­ny gur­ma­ga «Grea­ter Colum­bus» se­bi­ti­ni saý­la­dy. Kom­pa­ni­ýa tä­ze za­wo­dy üçin ABŞ-nyň 20 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýar. Al­ba­ni­ýa­nyň Ko­lum­bus şä­her­çe­sin­de 1291 gek­tar meý­dan­da ýer­leş­jek täze za­wod­da 3000 adam zäh­met çe­ker. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, soň­ky wagt­lar­da «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy gir­de­ji­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da­ky bir­nä­çe za­wod­la­ry­na ma­ýa goý­ýar.

Gel­je­gi uly hyz­mat­daş­lyk

«Ta­ke-Two In­te­ractive Soft­wa­re» kom­pa­ni­ýa­sy komp­ýu­ter oýun­la­ry­ny dö­red­ýän we paý­la­ýan «Zyn­ga»-ny sa­tyn al­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bu şert­na­ma kä­bir ma­ýa­dar­lar ta­ra­pyn­dan oňyn tes­wir­len­ýär. «Ta­ke-Two In­te­ractive Soft­wa­re» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 60 tas­la­ma­sy bo­lup, ýa­kyn gel­jek­de re­kord de­re­je­de ma­li­ýe ne­ti­je­le­ri­ni ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. «Zyn­ga» 2021-nji ýylyň dört çär­ýegin­de ABŞ-nyň 282 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak nagt gir­de­ji ga­zan­dy. «Ta­ke-Two In­te­ractive Soft­wa­re» hem-de «Zyn­ga» bi­le­lik­de iň uly ma­ha­bat we oýun plat­for­ma­sy­ny dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Soň­ky 12 aý­da gir­de­ji­si 55% ýo­kar­lan­dy

Iş aky­my­ny üp­jün edi­ji «Asa­na» kom­pa­ni­ýa­sy bar­ha ös­ýän ba­zar­da ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy ösüş he­re­ket­len­di­ri­ji­si amat­ly iş gur­şa­wy hem-de iş­gär­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­jeli­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän çöz­güt­ler bo­lup, soň­ky 12 aý­da gir­de­ji­si 55% ýo­kar­lan­dy. Müş­de­ri­ler tas­la­ma me­ýil­na­ma­la­ry­ny dö­ret­mek we to­pa­ryň ag­za­la­ry­na ýu­muş­lar bu­ýur­mak üçin «Asa­na»-nyň çöz­güt­le­ri­ni ulan­ýar­lar. Mag­lu­mat üçin, hä­zir­ki wagt­da «Asa­na» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2 mil­lion­dan gow­rak tö­leg­li ula­ny­jy­sy bo­lup, ol «Alp­ha­bet», «Zo­om» we «Sa­les­force» ýa­ly teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. 

«Ast­ra­Ze­neca Bio­tech»-iň mil­liard dol­lar­lyk sa­tuw müm­kin­çi­li­gi

«Ast­ra­Ze­neca Bio­tech» bio­teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önüm­le­ri­niň sa­tuw müm­kin­çi­li­gi ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­la­nyp bi­ler. Bu bol­sa «Ast­ra­Ze­neca Bio­tech»-iň ýyl­lyk çär­ýek­le­ri­niň je­mi bo­ýun­ça ABŞ-nyň 35 mil­liard dol­la­ryn­dan gow­rak gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na iter­gi be­rer. «Ast­ra­Ze­neca Bio­tech»-iň bäs­deş­le­ri­niň az­ly­gy se­bäp­li, kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş müm­kin­çi­li­gi uly. Mag­lu­mat üçin, kom­pa­ni­ýa «Ul­to­mi­ris» önü­mi bi­len 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 300 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­zan­dy.