HABARLAR

«Fin­tech Pag­Se­gu­ro» girdejisini ýokarlandyrdy

Bra­zi­li­ýa­nyň ma­li­ýe teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «Pag­Se­gu­ro» 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Pag­Se­gu­ro»-nyň plat­for­ma­syn­da­ky iş­jeň söw­da­gär­le­riň sa­ny 9,4%, «Pag­Bank» bank hyz­ma­ty­ny ula­ny­jy­la­ryň sa­ny bol­sa 66,2% art­dy. Mag­lu­mat üçin, kom­pa­ni­ýa müş­de­ri­le­re karz se­riş­de­le­riň dürli gör­nü­şli hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Hyz­mat­la­ryň sa­na­wyn­da hä­zir­ki za­man QR tö­leg hyz­mat­la­ry we san­ly bank işi bar.

Wagyz-nesihat çäresi

Täsirli geçen duşuşyk Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmekde alnyp barylýan işleri hem-de döredilýän giň mümkinçilikleri wagyz etmek maksady bilen golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Telekeçileriň mynasyp goşandy

Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny goldamak we ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, welaýatymyzyň telekeçileri hem mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin amatly şertler, mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Olaryň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly islege eýe bolmagy guwandyryjydyr. Özem şol arzyly önümler, döwrebap harytlar ýokary hil derejesi we ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.

Kömelek — islegli nygmat

Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda türkmen telekeçileri möhüm orny eýeleýärler. Sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagy, köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Diýarymyzyň telekeçileri giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe toplaýarlar. Döwletimizde hereket edýän kanunlar bolsa türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem telekeçiligi depginli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden ruhlanýan Balkanabat şäherindäki telekeçi Ahmet Annaýewiň «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň kömelek ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň hünärmenleri hem şu günler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ruhuna mynasyp zähmet çekip, bu nygmatyň bol hasylyny ýetişdirmekde görelde alarlyk işleri bitirýärler. Uly Balkan dagynyň alkymyndaky Düzmergen ýaýlasynda gurlan «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň kömelegiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanasynda şu günler bitirilýän işler döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gelin kömelegi we

«Bent­ley» her ýyl­da tä­ze elekt­ro­kar mo­de­li­ni çy­ka­rar

«Bent­ley» aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýyl­dan baş­lap her ýyl elekt­ro­mo­bil­le­riň tä­ze mo­de­li­ni önüm­çi­li­ge goý­ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Tä­ze gib­rid ulag­la­ra is­le­giň art­ma­gy, «Bent­ley» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 2021-nji ýyl­da 31% ýo­kar­lan­ma­gy­na, şeý­le-de ön­dü­ri­len aw­tou­lag­la­ryň 15 mü­ňe go­laý­la­ma­gy­na ýar­dam et­di. Ne­ti­je­de, bu aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýyl­da 389 mil­lion ýew­ro gir­de­ji ga­zan­dy. Şol bir­ wag­tyň özün­de-de «Bent­ley» 2030-njy ýy­la çen­li za­wo­dy­na 3 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýup, elekt­ro­kar­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne köp­çü­lik­le­ýin gi­riş­me­gi mak­sat edin­ýär.

«Intel» ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­re ni­ýet­le­ni­len za­ma­na­bap za­wo­d gurar

ABŞ-nyň «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň Mag­de­burg şä­he­rin­de ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­re ni­ýet­le­ni­len za­ma­na­bap za­wo­dyň gur­lu­şy­gy­na baş­la­ýar. Mu­nuň üçin ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy ger­man ban­kyn­dan 5 mil­liard ýew­ro kö­mek ma­li­ýe se­riş­de­si­ni alar. Ger­ma­ni­ýa ma­li­ýe se­riş­de­si­ni ýurt­da çip­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak tas­la­ma­sy­nyň çä­gin­de ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Mag­lu­mat üçin, ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze za­wo­dy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň umu­my ba­ha­sy 17 mil­liard ýew­ro ba­ra­bar­dyr.

400 mil­lion dol­lar­lyk bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma

Ame­ri­ka­nyň «Exxon Mo­bil» hem-de «BHP Group» kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­le­lik­de Awst­ra­li­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Gipps­land se­bi­tin­dä­ki gaz ýa­ta­gyn­da önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, tä­ze tas­la­ma­nyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler. De­giş­li bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu tas­la­ma ýer­li ba­za­ryň gaz ýet­mez­çi­li­gi­niň öwe­zi­ni dol­dur­ma­ga kö­mek eder. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy, tak­my­nan, Awst­ra­li­ýa­nyň 400 mil­lion dol­la­ry­na (ABŞ-nyň 291 mil­lion dol­la­ry) ba­ra­bar bo­lar. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Exxon Mo­bil» hem-de «BHP Group» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­la­ry de­giş­li­lik­de, ABŞ-nyň 150 – 260 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Procore» gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry üçin fransuz bazaryna girýär

Ge­çen hep­de «Procore» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy fran­suz ba­za­ry­na gi­ren­di­gi­ ba­ra­da ha­bar ber­di. Ha­bar ber­li­şi­ne gö­rä, «Procore» goz­gal­ma­ýan em­läk we gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň eýe­le­ri­ üçin fran­suz ba­za­ryn­da tä­ze plat­for­ma­sy­ny aç­ýar. Plat­for­ma tä­ze ba­zar­da IT ul­ga­my bo­ýun­ça ula­ny­jy­la­ra hyz­mat­la­ry­nyň giň gör­nü­şi­ni hö­dür­lär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, «Procore» plat­for­ma­sy pu­da­gy­ň iň meş­hur plat­for­ma­la­ry­nyň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa san­ly öz­ge­riş hyz­mat­la­ry­ny üp­jün edi­ji hök­mün­de işe baş­la­pdy. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Procore»-iň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 60,09 dol­lar­yn­dan ba­ha­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 8,12 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr.

Bazarlar harytlar bilen baýlaşýar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz täze döwre gadam basdy. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, hususy ulgamyň ösdürilmeginde-de täze sahypalary açar. Eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meselelerini we oňyn çözgütlerini öz içine alan maksatnamada «ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýlip atlandyrylan milli telekeçilik pudagy hem möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykýar. Ol telekeçiligi, iri kompaniýalaryň döredilmegini hemmetaraplaýyn goldamak, bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitläp, ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini döretmek, gaýtadan işleýän döwrebap senagat desgalaryny gurmak, şäher we oba ýaşlaryny iş bilen doly üpjün etmek we başga-da köp sanly wezipelerden ybarat. Ýörite habarçymyz bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Birleşme eksport» jemgy

Ilatyň islegli önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hususyýetçiligi, telekeçiligi ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ulgamyň işini kämilleşdirmek bilen, azyk bolçulygyny döretmek, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmak hem-de eksport edilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler sanardan köpdür. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli işlemäge döredip beren mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýan hususy kärhanalaryň biri-de «Ýüpek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Häzirki wagtda bu kärhanada öndürilýän önümleriň uly islegden peýdalanýandygyny bellemek gerek. Kärhanada gatygyň, süýdüň, doragyň her biriniň 3 görnüşi, mesge ýagynyň 21, uýadylan gaýmagyň 2 görnüşi, duzlanan peýniriň ýagsyz, ereme, Daşkent, Ahal peýniri ýaly görnüşleri dürli ölçegli gaplara gaplanylýar. Kärhananyň öndürýän süýt önümleriniň hyrydarlary günsaýyn artýar.