HABARLAR

«Nusga» syýa galamlary

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da ýer­leş­ýän «Gün­do­gar şöh­le­si» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti 2020-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Ol sy­ýa ga­lam­la­ry we mi­we­li bag­la­ry ýe­tiş­dir­mek­de öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň esa­sy önüm­le­ri­niň bi­ri-de, «Nus­ga» ha­ryt ny­şan­ly sy­ýa ga­lam­la­ry­dyr. Ady­na tüýs ky­bap gel­ýän nus­ga­lyk sy­ýa ga­lam­la­ry spi­ral, ýyl­ma­nak, üç­burç­luk, al­ty­burç­luk gör­nüş­ler­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. Ýer­tu­da­na, bä­gül, jas­min ys­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýan sy­ýa ga­lam­la­ry­nyň gök, ýa­şyl, gy­zyl, ga­ra reňk­le­ri bar. Ýo­ka­ry hil­li ýa­zu­wy üp­jün ed­ýän, her bi­ri 300 metr ýa­zuw ke­pil­lik­li sy­ýa ga­la­my­nyň uzyn­ly­gy 14,5 mm., ini 7,3 mm., ýa­zuw uju­nyň dia­met­ri 0,7 mm. Ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­me­ni­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, in­di­ki aýyň ahy­ry­na sy­ýa ga­lam­la­ry­nyň ýa­zuw uju­nyň dia­met­ri 1 mm. öl­çeg­dä­ki­le­ri-de ön­dü­ri­ler.

«Aýbölegiň» adygan önümleri

Her bir güni beýik özgertmelere beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde, hususy pudagyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň hususy pudagy milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Bu pudaga berilýän yzygiderli kömek-goldawlardan, döredilýän amatly şertlerden ruhlanýan ýurdumyzyň telekeçileri we işewürleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde hem-de bazarlarymyzy we söwda nokatlaryny milli önümlerimiz bilen bolelin üpjün etmekde ýadawsyz zähmet çekýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meretmuhammet Täçmuhammedowyň «Aýbölek» mebel fabrigi hem indi ençeme ýyldan bäri halkymyzyň öýlerini we döwrebap iş otaglaryny köp görnüşli mebeller bilen üpjün edip gelýär. Mebel fabrigi bu ugurda ýurdumyzda ilkinji bolup işe başlan kärhanalaryň biridir. Hususy mebel fabriginiň täze önümhanasy 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilipdi.

Lezzetli «Erteki»

Güneşli ýurdumyzda tomus paslynyň gelmegi bilen uly meşhurlyga eýe bolan süýji tagamly doňdurmalara bolan isleg has-da artýar. Tomsuň yssy howasynda jana tenekar şokoladly, wanilinli, maňyzly, limonly, almaly doňdurmalaryň dürli görnüşlerini iýmek has-da lezzetli. Doňdurmalar häzirki günlerde dünýäniň çar künjünde söýgüli tagamlaryň biri bolmak bilen, kiçi ýaşly çagalardan başlap, dürli ýaşdaky adamlaryň ählisi olary halaýarlar. Hususy telekeçilerimiz gözel paýtagtymyzyň dükanlarynda, söwda merkezlerinde, naharhanalarda doňdurmalaryň dürli görnüşlerini alyjylara hödürleýärler. «Erteki» haryt nyşanly doňdurmalar hem islegli nygmatlaryň hatarynda durýar. Biz golaýda «Erteki» haryt nyşanly kärhananyň hünärmeni Gürnar Kazakowa bilen bu ýerde öndürilýän doňdurmalardyr süýt önümleri, alyjylaryň islegleri dogrusynda söhbetdeş bolduk: — Biziň kärhanamyz 2002-nji ýylda açyldy. Bu ýerde işine ökde hünärmenler işleýär. Kärhanamyzda öňdebaryjy tejribeler öwrenilip, daşary ýurtlaryň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylandyr. Munuň netijesinde kärhanamyzda ildeşlerimiziň ösen isleglerine laýyk gelýän, ýokary hilli önümler öndürilýär. «Erteki» haryt nyşanly datly doňdurmalarymyz sanlyja ýylyň içinde uly meşhurlyk gazandy. Bu doňd

Döwrebap dokma toplumynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ýeňil senagatyň ösüşinde eziz Diýarymyzda hereket edýän häzirki zaman dokma toplumlarynda alnyp barylýan guwandyryjy işler aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Şeýle kärhanalaryň biri-de Babadaýhan dokma toplumydyr. Babadaýhan dokma toplumy dokma senagatynyň iň ýaş önümçilikleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň noýabr aýynda toý ruhunda açylyp, ulanylmaga berlen innowasion tehnologiýaly häzirki zaman dokma toplumynyň işi bu gün barha ilerleýär. Ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata bölümlerini öz içine alýan toplumda ýaşlaryň ýüzlerçesi netijeli zähmet çekýär. Olar önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan dünýäniň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlaryny ezberlik bilen dolandyrmakda we işleri sazlaşykly alyp barmakda yhlaslylyk görkezýärler. Munuň özi toplumda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna we olaryň ýokary ekologiýa talaplaryna, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyna şert döredýär.

Hususyýetçiler obasenagat toplumynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa, süýji tagamly gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler. «Gündogar akymy» täzeçillikleriň gözleginde

«Ýakyndar» onlaýn dükany welaýatlara eltip bermek hyzmatyny ýola goýdy

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Sanly ulgamyň mümkinçilikleri biziň durmuşymyza giňden ornaşdy. Gündelik sarp edilýän azyk önümleri, hojalyk harytlary bilen bir hatarda awtoşaýlaryň onlaýn hödürlenilmegi biziň işimizi has-da aňsatlaşdyrdy. Awtoşaýlary bir elektron ulgamda ýerleşdirmegi başaran ilkinjileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy G.Rozyýewe degişli bolan «Ýakyndar» onlaýn dükanydyr.

Lezzete baý «Täze Aý»

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine Tomus pasly geldigi köpleriň, aýratyn-da, körpeleriň küýsegli tagamy — doňdurma. Ýurdumyzda doňdurma önümçiliginde öňdebaryjy kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze Aý» haryt nyşanly önümleri öndürýän hususy kärhanadyr.

Döwrebap binalara bezeg berýän «Ak hünji»

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine  2009-njy ýylda Mary şäherinde döredilip, senagat we oba hojalyk önümleriniň aýry-aýry görnüşlerini öndürmeklige ýöriteleşdirilen «Ak hünji» hojalyk jemgyýeti hem Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň içinde öz mynasyp ornuny tapdy.

«Hasar» täze önümlerini hödürledi

«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigine  2001-nji ýylda açylan «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň işläp başlanyna indi 21 ýyl dolýar. Çagalygymyzyň iň söýgüli süýjüleriniň öndürijisi bolan «Hasar» ýene kämilleşmegiň ýolunda. Ol indi täze önümleri bolan «Kofeçi», «Şokolad örtükli gawun kaky», «Näzli», şeýle hem «Nowruz» süýjüsiniň täze görnüşlerini öndürmäge başlady. Bu barada «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy S.Poladow gürrüň berdi. 100-e golaý önüm öndürýän kärhana müşderileriň islegini hemişe birinji orunda goýýar. Şonuň üçin-de, her bir alyjynyň islegini kanagatlandyrmak kärhananyň iň esasy maksady. Şu maksada gulluk edýän kärhana, täzeçe tagam — şokoladly gawun kakyny müşderilere hödürledi. Bu üýtgeşik tagam hemmeleriň göwnüne ýarady. Esaslandyryjynyň bellemegine görä, onuň düzüminde bir syr saklanýar: çagalygyň tagamy. Kiçijekkäk gawun tagamly sakgyjy halamaýanymyz ýokdur. Ine, bu gezek kärhana çagalygyň üýtgeşik tagamyny size gaýdyp, bermek isleýär.

Telekeçilere döwlet goldawy

Ýur­du­myz­da hu­su­sy işe­wür­li­giň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki or­ny bar­ha art­ýar. Te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi bu pu­da­gyň bar­ha ös­me­gi­ne, dün­ýä ba­za­ryn­da ta­nal­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 4-nji iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi türk­men te­le­ke­çi­le­rin­de uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň mej­lis­ler za­lyn­da «Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň azyk sy­ýa­sa­ty: hal­ky­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na» at­ly ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.