HABARLAR

Döwrebap jaýlaryň gurluşygy

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň hatarynda gurluşyk pudagyna aýratyn orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gurlup ulanylmaga berilýän, gurluşyklary ýokary depginlerde alnyp barylýan birnäçe döwrebap binalary, desgalary görüp, ruhuň göterilýär. Olar özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmek babatda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan hususy kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär. Olaryň hatarynda welaýatymyzdaky Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Sekiz ýyldyz» hususy kärhanasy hem bar. Biz bu kärhananyň başlygynyň gurluşyk işleri boýunça orunbasary Geldimyrat Halylow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol häzirki wagtda kärhananyň alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. — Ählimiziň bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz, şol sanda welaýatymyz medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köp gurulýan mesgenine öwrüldi. Häzirki wagtda şeýle gurluşyklaryň birnäçesi güýçli depginlerde alnyp barylýar. Elbetde, bu işleri

Bazar doly şetdaly

Türkmen topragynda nygmatlaryň ählisem bal ýaly, şetdalynyň welin, tagamy has üýtgeşikdir. Gyzyl-sary reňkleriň sazlaşygynda şahalara agram berip, düzüm-düzüm bolup duran şetdalylary göreniňde, gözüň dokunýar. Olar ak bazarlarymyzda owadan harytlyk görnüşi bilen hem görnetin saýlanyp dur. Bazarlarymyzy bu datly miwe bilen üpjün etmekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň uly goşandy bar. Olardan “Lezzetli miwe” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň has-da yhlasly işleýändiklerini bellemeli. Täze hasyldan ýygnalan 18 tonna şetdalynyň düýn-öňňinlikde Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegi türkmen telekeçileriniň ýetişdirýän bal tagamly, ekologik taýdan arassa miweleriniň hyrydarlarynyň ýetikdigini subut edýär.

50 görnüşli önüm, 300-e golaý iş orun

Datsaň, tagamy agzyňdan gitmeýän, datly we ýokary hilli önümlerini öndürmek bilen, meşhurlygyny barha artdyrýan «Datly şerbet» hususy kärhanasy önümçilik düzüminiň sanyny köpeltmegi hem ünsden düşürenok. Onuň düzümi ýaňy-ýakynda açylan konditer önümlerini we kartondan ýasalan dürli görnüşli, dürli ölçegdäki gutulary öndürýän kärhanalaryň hasabyna ýene-de artdy. Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Datly şerbediň» kärhanalary önüm bolçulygynyň hasam pugtalanmagyna goşant goşup başlamak bilen, alyjylary begendirdi. Dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen kärhanalarda 300-e golaý täze iş orny bolsa, Türkiýe, Germaniýa ýaly döwletlerden, Russiýa Federasiýasyndan satyn alnyp getirilen iň kämil tehnologiýalardyr enjamlara, serişdelere başarjaňlyk bilen erk edip biljek, gursagy hyjuwdan doly ýaşlaryň onlarçasynyň iş bilen üpjün edilmegine ýardam etdi. Şokolad örtükli täze süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşini alyjylara ýetirmegi maksat edinen telekeçileriň bu ýerde öndürip, satuwa çykaran ilkinji önümleri hem islegli harytlaryň hatarynda uly höwes bilen alynýan azyk önümleriniň sanawyna girdi.

Toý saçaklarynyň bezegi

Türkmen telekeçileri ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, döwrebap önümçilikleri ýola goýup, täze iş orunlaryny döretmek wezipesine örän jogapkärli çemeleşýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Begmyrat Işanowyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän, «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän kärhanasy-da şeýle kärhanalaryň biri bolup, onda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uly zähmet üstünlikleri gazanylýar. Işewürlikde uly tejribesi bolan telekeçiniň konditer kärhanasy ýurdumyzda döredilen döwlete dahylsyz düzümleriň ilkinjileriniň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde ýokary hilli süýji önümleriniň 50-ä golaý görnüşi öndürilip, owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýar we elýeterli nyrhlar bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki söwda nokatlaryna ugradylýar.

Iri gurluşyklar — döwrüň ýaraşygy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň deňsiz-taýsyz gülläp ösüşleri, beýik özgerişleri, täze, döwrebap şäherdir obalaryň döremegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna deňleşmegi eziz Diýarymyzy täsin bir gurluşyk meýdançasyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy pudagyň hem mynasyp zähmet paýy bar. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, goňşy ýurtlarda-da düýpli gurluşyklary amal edip, milli binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň dünýä ýaýylmagyna uly goşant goşýan işewürlere Gahryman Arkadagymyz: «Telekeçiler şäherleri gurmaga ukyplydyrlar» diýip, ýokary baha berýär. Bu hakykat ýörite habarçymyzyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk bölüminiň müdiri Hojamämmet BAÝRAMSÄHEDOW bilen söhbetdeşliginde hem öz beýanyny tapdy.

Möwsümleýin gaplama: ätiýaçlyk azyk gory

Şu günler öý bikeleri özara gürrüňlerinde gyş üçin gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamak işleri bilen meşguldyklary barada hökman ýaňzydýandyrlar. Tomus pasly gök we miwe önümlerini gaplamak bilen, ätiýaçlyk azyk goruny edinmekde amatly döwür hasaplanýar. Mydama ätiýaçly bolmak, gyş paslyna taýýarlykly barmak ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Öý bikelerimiz bu ýörelgäni nesilme-nesil dowam etdirip gelýärler. Ýurdumyzyň hususy pudagynda gaýtadan işleýän azyk senagaty kärhanalarynyň döremegi bilen, olaryň bu ugurdaky işleri biraz ýeňilleşen bolsa gerek. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň döwrebap önümçilik kärhanalarynda gök-bakja ekinlerini, dürli miweleri gaýtadan işlemek esasynda öndürýän konserwirlenen önümleri ýokary hil derejesi, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şeýle önümler ýaramlylyk möhletiniň dowamlylygy bilen hem alyjynyň ünsüni özüne çekýär. Alty aýa, hatda bir ýyla çenli saklap bolýan bu azyk önümleri ýylyň tutuş dowamynda halkymyzyň saçaklaryny bezeýär. Ýurdumyzda ilkinji bolup maýonez önümçiligini ýola goýup, hususy pudakda 2016-njy ýyldan bäri işläp gelýän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti hem şu ugurda iş alyp barýar. Täze tehnologiýalaryň hasab

Möhüm işiň öň hatarlarynda

Azyk bolçulygyny döretmek islendik ýurduň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz hem ilatymyzy özümizde öndürilýän azyk önümleri bilen üpjün etmegiň meselesine çynlakaý çemeleşýär we degişli ýolbaşçylaryň öňünde bu barada anyk wezipeleri goýýar. Bu il-ýurt bähbitli işlere hususy önüm öndürijiler hem saldamly goşant goşýarlar. Telekeçiler ilaty ýylyň dowamynda ýokary hilli gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek üçin ýyladyşhanalarda ekinleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýärler. Olaryň şu ýylyň başyndan bäri satuwa çykaran ýyladyşhana önümleriniň umumy mukdary 5 müň 133 tonnadan geçdi. Munuň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden ep-esli köpdügi hususy önüm öndürijileriň işleriniň barha rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Ilata hödürlenilen önümleriň esasy bölegini pomidor tutýar. Telekeçilerimiz geçen ýarym ýylda bu önümiň 4 müň 927 tonnadan gowragyny öndürdiler. Şonuň ýaly-da bolgar burçunyň 64, kelemiň 83 tonnasy alyjylara terligine ýetirildi. Ýer tudanasynyň 1,68, soganyň 8 tonnasy ýyladyşhanalarda ýetişdirildi. Şu günler bolsa hususy önüm öndürijiler tebigy şertlerde açyk meýdanda ýetişdirilen ýeralmanyň, soganyň, pomidoryň, bakja önümleriniň we beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ý

Dünýä bilen aýakdaş

Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ykdysady strategiýa esasynda milli ykdysadyýetimiziň gurluşy düýpli üýtgedi, pudaklaryň kuwwaty ep-esli artdy. Bu senagat toplumynda hem şeýle häsiýete eýe boldy. Toplumda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň, şol sanda welaýatlaryň ykdysady-durmuş taýdan ösüşine uly itergi berýär, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar, halkyň ýaşaýşyny täze derejelere göterýär. Innowasion ösüşlere gönükdirilen ugruň üstünlikli ýöredilmegi netijesinde täze döwrebap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän kärhanalaryň uly topary guruldy, öňden barlarynyň durky täzelenildi. Ýurdumyzda täze önümçilikler döredilýär, şolaryň birisi elektron we elektroniki harytlary önümçiligidir. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşleri öndürilip başlandy. Geçen ýyllarda ýurdumyzyň orta mekdeplerine birinji synpa okuwa baran körpelere niýetlenilen kompýuterleriň şu kärhanada öndürilmegi örän buýsandyryjydyr. «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy tarapyndan brendi bilen tor enjamlary — köp portly, gigabitli optiki kommutatorlar, şeýle-de söwda torunyň awtomatlaşdyryl

«Ýelken» aýakgaplary: ýokary hilli we elýeterli

«Ýelken» aýakgaplarynyň ady-owazasy öňräkden bäri eşidilýärdi welin, asyl bu köwüşler taryp ederçe bar eken. Ýalpyldysy gözüň ýagyny iýip barýan aýakgaplaryň özboluşly biçüwini, endigan tikilişini, aýagyňda gaýym oturyşyny synlanyňda, el işidigi mese-mälim duýulýar. Beýle diýdigim kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynda öndürilen aýakgaplara dil ýetirdigim däl-de, el güýji bilen taýýarlanylýan harytlaryň has isleglidigini nygtadygymdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, lebaply telekeçi Arslan Möwlamowyň ýolbaşçylygynda ýüz göterim tebigy deriden elde biçilip tikilýän «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplar häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly islegden peýdalanýar. Öndürilip başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ýerli bazarda bu aýakgaplaryň alyjylarynyň sany barha artýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu kärhananyň dükanlary müşderilere hyzmat edýär. Golaýda Daşoguz şäheriniň Merkez-2 ýaşaýyş jaý toplumynyň çägindäki «Döwletli Diýar» söwda merkeziniň ikinji gatynda hem «Ýelken» haryt nyşanly aýakgap kärhanasynyň ýörite dükany açyldy.

Awazada aşhana sungatynyň mümkinçilikleri görkezildi

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň görkezilişini synlady. Bu özboluşly sergide hödürlenen datly tagamlar türkmen desterhanynyň berekedi, milli we dünýä aşpezliginiň tagam taýýarlanyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Täze kottejler toplumynyň çäginde ýokary derejede guralan bu gözden geçiriliş Hazaryň jana şypaly howasy bilen tapawutlanýan türkmen kenarynda dynç alýan raýatlarymyza hemmetaraplaýyn oňaýly şertleri döretmek, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek boýunça ýetilen sepgitleri giňden açyp görkezmekde, bu ugurda iş alyp barýan telekeçileri has-da höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa iýmit önümlerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna şaýatlyk edýär.