HABARLAR

Işewürler dünýä bazarynda

Öňňiliň dowamynda lebaply telekeçileriň eksporta ugradan önümleriniň umumy bahasy 11 million 197,5 müň dollara golaý boldy. 2023-nji ýylda hem görkezijiler şondan kem bolmady. Döwletimiz tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler giňden ösdürilip başlandy. Eksport ugrunyň ösdürilmegine uly üns berilmegi ýöne ýerden däldir. Eksport islendik ykdysadyýetiň ösüşinde uly paýa eýedir. Önümleriň bolçulygynyň döredilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň eksport ugry çalt depginlerde ösüp başlady. Hususyýetçileriň innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaklary öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukybyny güýçlendirýär.

Telekeçilik ulgamynyň batly gadamlary

Häzirki günlerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň esasy maksady Türkmenistanda bilim ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi iş ýüzünde üpjün etmek, hünärmenleriň hünär bilimlerini, olaryň işewürligini kämilleşdirmek, ýetginjekleriň we uly ýaşlylaryň bu ugurdaky bilime bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Telekeçilik mekdeplerimizde iňlis, nemes, hytaý, rus dilleriniň, fizika, himiýa, taryh dersleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Sapaklarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmeklige döredilýän mümkinçilikler, bu ugry emele getirmegiň we ýöretmegiň hukuk esaslarynyň ýurdumyzyň kanunçylyk namalaryndan gelip çykyşy hem-de döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikler barada giňişleýin düşündirilýär. «Telekeçiler mekdebi» Jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň döreden «https://telekechilermekdebi.edu.tm/» atly internet saýtynda, esasan, mahabat işlerini alyp

«Nurana Aýyň» önümleri

Ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň, dükanlarynyň, bazarlarynyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmeginde, bereket bolçulygynyň döredilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň goşýan goşandy uludyr. Gyzylarbat şäherindäki «Erada» hususy kärhanasynyň «Nurana Aý» çörek we çörek önümlerini öndürýän önümhanasynda hem halkymyzy ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen ygtybarly üpjün etmekde öwgä mynasyp işler bitirilýär. Öz işine ussat ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýän önümhanasynda Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletleriň enjamlary ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde taýýarlanýan türkmen milli çörek önümlerini: ýagly gatlamalary, petirleri, süýtli külçeleri, toý pişmelerini, tortuň, kökeleriň dürli görnüşlerini, içi bally, şokoladly çörek önümlerini müşderiler uly höwes bilen satyn alýarlar. «Nurana Aýyň» öndürýän gündelik önümleri üçin zerur bolan ýokary hilli un «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmenler toplumyndan şertnama esasynda satyn alynýar.

Pomidoryň bol hasyly ýetişýär

Ilatymyzy ýylyň ähli paslynda ter gök önümler bilen üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde Daşoguz welaýat «Azyk önümçilik birleşiginiň» Köneürgenç etrabyndaky ýyladyşhanalar toplumynyň agzybir işgärleri hem her ýyl ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu ýyladyşhanalar toplumynda indi birnäçe ýyldan bäri pomidoryň «Bonditto» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär we ilatymyzyň bu önüme bolan islegleri doly kanagatlandyrylýar. Bu toplumyň umumy tutýan meýdany 10 gektar bolup, onda 4 bölüm hereket edýär we işgärleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Işgärleriň ählisi özlerine berkidilen işi ýokary derejede berjaý edýärler. Toplumda ähli işler awtomatik usulda berjaý edilip, ekinleri suwarmak, iýmitlendirmek, ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk ýagdaýyny kadaly ýagdaýda saklamak kompýuterler esasynda dolandyrylýar. Toplumyň göreldeli işgärlerinden Gülendam Gazakowany, Aýnur Nuryýewany, Göwher Sabyrowany, Aýbölek Begmyradowany görkezmek bolar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy, ýyladyşhananyň agzybir işgärleriniň çekýän ýadawsyz zähmeti netijesinde pomidordan bol hasyl alynýar. Gözüňi dokundyrýan bol hasyla duran pomidorlary synlanyňda, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň ýylsaýyn artýandygyna bolan buýsanjyň go

«Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümleri

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasy geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemlediler. Paýtagtymyzda ýerleşýän bu konditer kärhanasy 1999-njy ýyldan bäri daşary döwletleriň önümleri bilen bäsleşýän milli süýji-köke önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýar. Telekeçi Begmyrat Işanowyň ýolbaşçylyk edýän konditer önümleri kärhanasynyň önümçilik bölümlerinde Hytaýyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylyp, şol tehnologiýalara başarjaňlyk bilen erk etmegiň hötdesinden gelýän hünärmenler öndürilýän önümleriň hili we ýokumlylygy ugrunda uly tagalla edýärler.

«Bagdan» gury iýmiş gerekmi?!

Gury iýmişleriň jemlenen ýeri diýilse köpleriň ýadyna «Bagdan» haryt nyşanly önümleriň düşjegi ikuçsuzdyr. Gysga wagtda halkyň islegini kanagatlandyrmagy başaran bu hususy kärhana 2017-nji ýylda telekeçi Azat Durdyýew tarapyndan esaslandyrylýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Bagdan» haryt nyşanly konditer we gury iýmişleri gaýtadan işleýän kärhanada gury iýmişleriň 41, konditer önümleriniň 24, dürli tagamly türk rahat lukumlaryň 20 görnüşi, şeýle-de çipsileriň önümçiligi amala aşyrylýar. Üç gektar meýdany eýeleýän bu kärhananyň bişirme, şokoladdan geçýän bölüm, taýýar önümi gaplama ýaly bölümleri bolup, onda «Şokotop», «Sonar», «Roman», «Newdat», «Illi», «Kempos», «Şokohan» ýaly dürli hilli miwe tagamlaryny berýän şokolad örtükli süýjüleriň, şeýle-de pisseli, fundukly, hozly, badamly, wanilli, kokos, şokolad örtülen rulet şekilli lukumlaryň köp görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de kärhananyň çipsi we maňyz sehleri bolup, olarda «Bagdan» haryt nyşanly pisse-maňyz, çipsiler gaplanylýar.

Aýakgap önümçiliginiň öňdebaryjysy

Gadymy gowaklarda ýüze çykarylyp, ýaşy 15 müň ýyldan geçýän suratlarda aýaklarynyň daşyna deri we ýüň böleklerini dolan adamlaryň aw edýän şekilleri janlandyrylýar. Şunuň ýaly şekiller aýakgaplaryň müňýyllyklaryň dowamynda adamyň durmuşynda möhüm orun eýeläp gelýändigini tassyklaýar. Häzirki wagtda aýakgap önümçiligi ýeňil senagatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tehnologiýanyň kämilleşmegi esasynda aýakgaplaryň görnüşleri artyp, hili we rahatlygy barha ýokarlanýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, halkymyz üçin ýokary hilli önümleri öndürýän türkmen telekeçileri hem soňky ýyllarda aýakgap taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanýarlar. Bizem aýakgap önümçiliginiň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanasynda myhmançylykda bolduk. Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanada häzirki zaman tehnologik enjamlaryň kömegi bilen dürli ölçegdäki aýakgaplaryň ençeme görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem iş orunlaryny köpeltmek boýunça işler yzygiderli alnyp

Sanly ulgam bilen sazlaşykly

Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelip, bu ugurdaky iş alyp barýan wekillere uly ynam bildirilýär. Şunlukda, importyň möçberini azaltmak, eksport ugurly harytlaryň sanawyny artdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, söwda we hyzmatlar ulgamyny giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bagtyýar döwrümiziň bu aýratynlyklary döwrebap innowasiýalary ornaşdyryp, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän «Ak kent» hususy kärhanasynyň işinde hem aýdyň duýulýar. Dünýä bilen hyzmatdaşlykda bolup, döwre aýakdaş gitmek islendik ugurda derwaýys bolşy ýaly, ýurdumyzyň hususy telekeçilik ulgamynda hem iňňän ähmiýetlidir. Watanymyzda häzirki we geljekki nesilleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, durmuş-ykdysady wezipeleri netijeli çözmek, durnukly ösüş gazanmak, öňi bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazanýan üstünliklerine baglydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzda döwletimiziň okgunly öňe gitmeginde kiçi we orta telekeçiligi goldamaga uly üns berilýär.

Saçaklaryň berekedi

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtaýar. Şoňa görä-de, döwlete dahylsyz ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi yzygiderli ilerletmek işleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Çünki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy, köp babatda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işiniň netijeliligine bagly bolup durýar. Döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly işleýärler. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erada» hususy kärhanasy-da şolaryň biri. Kärhananyň düzüminde 2015-nji ýylda işe girizilen, çörek we çörek önümlerini öndürýän «Nurana Aý» önümhanasynda oturdylan täze innowasion tehnologiýalar Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletlerden satyn alnypdyr. Bu ýerde ýylda ýokary hilli çörek hem-de konditer önümleriniň bir müň tonnasy taýýarlanyp, täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. «Nurana Aýyň» häzirki wagtd

Bereketli saçaklaryň bezegi

Bütin älem-jahan Täze ýyly ýagşy niýetler, arzuwlar bilen garşylady. Agzybirligiň, şatlyk-şowhunyň, bereketiň baýramy bolan Täze ýyl, aýratyn-da, çagajyklaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylyklarynyň biridir. Olar paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän bagy-bossanly, suw çüwdürimli seýilgählere seýil edip, gözellikden teşneligini gandyrýarlar. Täze ýyl maşgala baýramçylygydyr. Bu baýramçylykda ildeşlerimiz dürli-dümen tagamlary bişirip, birek-birege iň gowy arzuwlary etdiler. Baranyňda ruhuňy göterýän ak bazarlarda gyzgalaňly dowam edýän söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygy, hödürlenilýän önümleriň köpdürlüligi, şeýle hem azyk we senagat harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze ýyl saçaklaryny bezemekde «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer dükany hem müşderileriň uly söýgüsini gazandy. Biz hem «Zyýat Hil» konditer dükanynyň menejeri Gurbangözel Moşikowa bilen Täze ýyl baýramy, ildeşlerimiz üçin hyzmatlaryň guralyşy babatda söhbetdeş bolduk. — Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz telekeçileri giň gerimde goldaýar. Bu günki gün türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz ýurdumyzd