HABARLAR

Milli işewürligiň täze derejesi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide has-da aýdyň şöhlelenýär 17-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi we maslahat öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi, beýik galkynyşlarymyzy arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär» diýlip bellenilişi ýaly, nobatdaky gözden geçiriliş häzirki döwürde milli işewürligiň ösüşleriň täze derejesine çykandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

TSTB-niň dö­re­dil­me­gi­niň 16 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gi we mas­la­hat öz işi­ne baş­la­dy

17-nji mart­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 16 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­ny­lan ser­gi we bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry­nyň mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Bu ýer­de gör­ke­zil­ýän önüm­ler we beý­le­ki gym­mat­lyk­lar hä­zir­ki dö­wür­de mil­li işe­wür­li­giň ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çy­kan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Ýürek sözi

Begenç Gurbanberdiýew, «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy: — Be­ýik akyl­dar şa­hy­ryň doglan gününiň 300 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan wa­ka­nyň şa­ýa­dy bol­mak buý­san­dyr­ýar, gu­wan­dyr­ýar. Ýa­kyn­da, has ta­ky­gy, 13-nji mart­da se­na­gat dü­zü­mi­niň no­bat­da­ky wa­jyp des­ga­sy — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da ýyl­da 1 mil­lion ton­na se­ment ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen Le­bap se­ment za­wo­dy­nyň ikin­ji tap­gy­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu ta­ry­hy wa­ka hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­na­şyp, za­wo­dyň açy­ly­şy­na ak pa­ta ber­me­gi bol­sa buý­sanç­ly ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Tä­ze za­wo­dyň gur­lu­şy­gy­nyň «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tine yna­nyl­ma­gyny bol­sa işi­mi­ze go­ýul­ýan uly sar­pa­dan ny­şan ha­sap­la­ýa­ryn. Açy­lyş da­ba­rasynyň çä­gin­de des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­ny alyp ba­ran gur­lu­şyk­çy­la­ra hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry­ny gow­şur­ma­gy bi­zi diý­seň be­gen­dir­di.

«ŞIR ÝAG» HEREKETDE

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň önümçiligi öz işine başlady. Aw­tou­lag­lar, se­na­gat we oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry üçin ni­ýet­le­ni­len ýag­la­ryň il­ki­baş­da 25 gör­nü­şi­ni ön­dür­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Indi önüm­çi­li­giň ge­ri­mi­ni iki es­sä çen­li art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. «Şir ýag» ha­ryt ny­şan­ly ýag­lar dür­li öl­çeg­dä­ki plas­tik gap­la­ra gap­la­ny­lyp, ba­za­rlara ýaý­ra­dyl­ýar.

«Täze Aýyň» täze kärhanasynda

in­no­wa­sion önüm­çi­lik mil­li däp-des­sur­lar bi­len ut­gaş­ýar Milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde uly paýy bolan ýur­du­my­zyň al­tyn gaz­na­sy­na de­ňel­ýän hu­su­sy­ýet­çi­ler Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 16 ýyl­ly­gy­ny my­na­syp toý sow­gat­la­ry bi­len gar­şy­la­dy­lar. Te­le­ke­çi Be­genç Ora­zo­wyň «Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly et, şöh­lat we ýa­rym taý­ýar azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­sy­nyň tä­ze önüm­çi­lik top­lu­my­nyň — in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da iş­le­ýän döw­re­bap mal so­ýul­ýan gas­sap­ha­na­sy­nyň we et önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Türk­men te­le­ke­çi­le­ri Daş­kent­de hal­ka­ra ser­gä gat­na­şar­lar

2024-nji ýy­lyň 22 — 24-nji ap­re­li ara­ly­gyn­da Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent şä­he­rin­de «In­nop­rom. Mer­ke­zi Azi­ýa» hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­ri­ler. 10 müň­den gow­rak gat­na­şy­jy­ny bir ýe­re jem­le­jek ser­gi­de se­bi­tiň 400 kom­pa­ni­ýa­sy öz önüm­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny gör­ke­zi­li­şe çy­ka­rar­. Ser­gä türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň hem gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu hal­ka­ra ser­gä Türk­me­nis­tan bi­len bir­lik­de, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Gyr­gy­z Respublikasynyň we Azer­baý­ja­nyň we­kil­le­ri gat­na­şar­lar.

Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi — Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň iri forumy geçirilýär Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Onuň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.

Hususy pudagyň orny ýokarlanýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda sergi we maslahat guralar. Sergä birleşmäniň 230-dan gowrak agzasy öz önümleri bilen gatnaşar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň özboluşly gözden geçirilişi bolar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredildi. Onuň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda aýratyn möhüm waka boldy. TSTB-niň hatarynda iri möçberli özgertmeleri, şol sanda şähergurluşyk, obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary amala aşyrmaga goşant goşýan kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň müňlerçesi bar.

TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi açyldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe girizildi. Bu merkez işewürligi goldamak üçin toplumlaýyn hyzmatlary hödürlär diýip, Türkmenistan Halkara habar merkezi habar berdi. Merkez telekeçilere, ýuridiki şahslara we raýatlara hyzmatlaryň giň toplumyny, şol sanda taslamalara guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady goldawlaryny berer. Şeýle hem Merkez maýa goýumlaryny çekmek, taslamalary durmuşa geçirmek, işewürlik üçin amatly şertleri döretmek boýunça maslahatlary, salgytlar ulgamynda, ykdysady dolandyryşda, gümrük kadalaşdyrylyşynda goldawlaryny hödürlär.

Zähmetden bagt tapan işewür zenan

Suratda: «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň Mary welaýat bölüminiň başlygy Aýhan Rejepowa. Diýarymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan zenanlar ähli ugurlarda gazanylýan ösüşlere mynasyp goşant goşup, belent hormata eýe bolýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan telekeçilikde hem işewür zenanlaryň eýeleýän orny bellenilmäge mynasypdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp,  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhananyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň Mary welaýat bölüminiň başlygy Aýhan Rejepowa bilen ýazga geçiren söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirýäris.