Soky
Ata-babalarymyzyň geçmiş-taryhda hojalyk hajatlary üçin ulanan senetleriniň ençemesi wagtyň geçmegi bilen muzeý gymmatlyklaryna öwrüldi. Şeýle senet gurallarynyň biri-de sokudyr. Soky içinde galla ýagny, bugdaý, arpa we şuňa meňeş ekinlerden alynýan hasyly — dänäni owradar, döwer ýaly içi köwlüp aýrylýan, köplenç agaçdan, demirden, daşdan ýasalýan hojalyk enjamydyr. Agaç sokular güjüm, erik, tut ýaly gaty, berk agaçlardan ýasalypdyr. Neçjarçylyk ýagny, agaç ussaçylygyny sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyz gündelik durmuşynda ulanan sokulary iki görnüşde: pes we dik görnüşde ýasapdyrlar. Kiçiräk süýri ýa-da tegelek şekilli pes görnüşde ýasalan sokular oturyp işlemekde amatly bolupdyr. Boýy dik görnüşde ýasalan sokular aýak üstünde durup işlemäge niýetlenilip ýasalypdyr. Sokularda bugdaý, şaly, jöwen, şeýle-de semeni gaýnatmak üçin gögerdilen bugdaýy döwmek ýaly işleri esasan hojalykda zenan maşgalalar ýerine ýetiripdirler. Sokuda döwlen bugdaýyň tagamynyň özboluşly üýtgeşik bolýandygyny ýaşy birçene baran gojalarymyz, mähriban enelerimiz aýdýarlar. Oturyp ýa-da dik durup el güýji bilen işledilýändigi üçin sokular «el soky» diýlip hem atlandyrylypdyr. Agaçdan ýasalansoň, «agaç soky» hem diýlipdir. Agaçdan edilýän sokudaşyň uzynlygy 80-90