HABARLAR

Ta­ryh mu­zeý­ler­de ýa­şa­ýar

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Türk­men hal­kyn­da «Geç­mi­şi bol­ma­dy­gyň gel­je­gi bol­maz» di­ýen bir aýt­gy bar. Kö­ne­si­ni aýap, tä­zä ýet­me­giň mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ni mi­ras go­ýan ata-ba­ba­la­ry­myz­dan ýa­dy­gär ga­lan gym­mat­lyk­la­ryň öýi bo­lan mu­zeý­le­ri­miz her bi­ri­miz üçin wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň mi­ze­mez mek­de­bi­dir.

Gadymy miras milli buýsanja badalga

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda: “...biziň milli mukaddesliklerimiz we gymmatlyklarymyz, balykgulakda ýer edinen göwher mysaly, halk hakydasynyň gatlaklarynda saklanyp galypdyr” diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly nygtaýşy ýaly, olar halk hakydasynyň gatlaklaryndan durmuşymyza nur çaýyp, millet hökmündäki özboluşly aýratynlygymyzy äleme äşgär edýärler. Şolar bilen dünýäde millet hökmünde ykrar edilendigimiz kanunalaýyklykdyr. Olaryň näderejede kämildigini, nepisdigini, sowatlylygyň, ylymlylygyň, ussatlygyň miwesidigini, gözelligiň belent derejesiniň alamatlarydygyny dünýä ykrar edýär.  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy mirasymyzy we medeniýetimizi öwrenmek, dikeltmek, baýlaşdyrmak hem-de ýaş nesliň aňyna we terbiýesine ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Edebi mirasymyzy öwrenmek babatda aýdylanda, gazanylan üstünlikleriň hem az däldigini bellemelidiris. Mundan birnäçe asyr öň ýaşan türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň döreden dürli mowzukdaky çeper-edebi we ylmy-taryhy eserlerini çap edip ýaýratmak işleri şu bagtyýar günlerimizde ymykly ýola goýuldy. Edebi mirasymyzyň köpsanly görnüşleri we halk döredijiliginiň nusgal

Türkmenleriň taryhy hytaý edebiýatynda

Gadymy Parfiýa döwletiniň taryhy miladydan öňki 247-nji we miladynyň 224-nji ýyllaryny öz içine almak bilen, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň 1-nji jildinde gadymy Parfiýa türkmen nesilşalygynyň günbatarda uly imperiýa döreden Rim bilen bäsleşendigini nygtaýar. Parfiýanyň nesilşalyk döwri Gündogaryň buýsançly taryhyna öwrülmek bilen, bu barada gadymy Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han şu» eserinde aýratyn durlup geçilýär. Parfiýanyň we Rimiň bäsdeşi bolan Hytaýyň gadymy Han nesilşalygynyň üç patyşalyk döwründe hem Parfiýa barada ýatlanýar (miladydan öňki 206-njy we miladynyň 265-nji ýyllary. Şu, Wei, U patyşalarynyň döwri). Bu bolsa gadymy Parfiýanyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Parfiýa Ärsak tarapyndan esaslandyrylandan soňra, döwletiň ady Hytaýyň «Taryhy ýyl ýazgylarynda» we «Han şu» eserlerinde «An Xi» diýlip atlandyrylypdyr. Bu bolsa «Ärsagyň (Parfiýa) döwleti» diýen düşünjäni beripdir. Aslynda, hytaýlylaryň «An» ieroglifiniň «howpsuz», «Xi» ieroglifiniň bolsa «dynç» manysyny aňladýandygy Parfiýanyň şol döwürde parahat we howpsuz döwlet hökmünde häsiýetlendirilendigini aýtmaga mümkinçilik berýä

Ýagşy-ýamanyň serhedi

Degerli zat ýatdan çykanok. Täsirli waka-da, sözem hakydadan orun alýar. Olary gaýta-gaýta ýatlamaga sebäbem tapdyryp dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz gaýynenesi, milletiň käbesi saýylýan Ogulabat ejäniň taýýarlan alajalaryny we bu işde ulanan guralyny Döwlet muzeýine tabşyrmagy waka hökmünde-de, pursat hökmünde-de ýatda galyjy boldy. Milli gymmatlyklar beýik şahsyýetleriň ady bilen baglaşanda, olaryň gadyry artyp, göz öňüňde, aňyňda mukaddesliklere öwrülip başlaýar. Alajany türkmen şu gün görenok. Köpdürlüligi bilen ol kän asyrlardan bäri türkmeniň medeniýetinde mynasyp orun eýeläp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimiziň süňňüne we aňyna yzygiderli ornaşdyrýan asyllylyk taglymatynyň esasynda görnükli, uly iliň gümansyz uýýan şahsyýetlerine, her bir senediň we sungatyň hak eýeleriniň — läheňleriniň keşbine daýanmak bar. Bu babatda iň äşgär we uly mysal hökmünde pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyraga, onuň jemgyýetimizdäki ornuna, dünýä giňişligine ýaýrap barýan täsirine ýüzlenip bileris. Alaja — paýhasyň salgysy. Türkmen alajasynyň täsiri, manysy barada sansyz kän pikirleriň, bahalaryň, tassyklamalaryň içinden şu kesgi

Änew şäheri: geçmişiň buýsançly sahypalary

Türkmen halkynyň örän gadymy we baý taryhy-medeni mirasa eýe bolandygynyň köp sanly subutnamalary ýüze çykarylan Änew şäheriniň üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalarynyň halkara jemgyýetçiligiň üns merkezindedigini görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belläp geçdi. Bu jümleler türkmen taryhynyň geçmişiň uzak müňýyllyklara uzaýandygyny, ol ýoluň şöhratly sahypalara baýdygyny, netijede, biziň bu günki neslimiziň beýik aslymyza buýsanmaga doly hukugynyň bardygyny kesgitleýär.

Ynamyň we ýeňşiň hekaýaty (Biziň aslymyz)

«Oguz han, Duman Beýgi, Mete han, Mahmyt Gaznaly, Seljuk beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik Şa, Soltan Sanjar, Muhammet Şa, Jelaletdin Menguberdi, Ärtogrul gazy, Osman gazy... Bu beýik ärleriň ady müňýyllyklaryň jümmüşlerinden bäri, asyrlarboýy dünýä ýaň salyp gelendir. Olar döwlet gurmakdaky we halkyň agzybirligini gazanmakdaky, millete şan hem mertebe, ýol-ýörelge bermekdäki beýik işleri bilen, güýç-gaýratlylygy hem parasatlylygy bilen, ugurtapyjylygy hem adalatlylygy bilen adamzat taryhynda öçmez yz goýupdyrlar». Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan.

Wasiliý Ýanyň «Jelaletdin» powestinden

Jelaletdiniň ömür beýany hem ýörişleri barada kitap ýazýan Muhammet Nesewi soltany agyr oýlaryň girdabyndan çykarmak niýeti bilen habar gatdy: — Seň görkezen edermenlikleň köpüsini gördüm. Esgerlere diýýän sözleriňi, söweş buýruklaryňy eşitdim. Eger göwnüňe alman, ak ýürekden jogap bererin diýseň, ýene bir zat sorasym gelýär.

Milli buýsanjymyz

Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy gorap saklamak we ony giňden wagyz etmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.  «Pähim-paýhas ummany  Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda gelip gowşan şatlykly habar, ýagny 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýynyň Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň geçiren «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşynda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanyp, ýeňiji diýlip yglan edilmegi türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen alabaý itimize halkara derejesinde berlen ýokary bahadyr. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edildi. Bu Kanunyň ýurdumyzda tohum itleri, hususan-da, türkmen alabaý itlerini gorap saklamakda ähmiýeti örän uludyr.

Dünýäniň nazary Änewde

Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul eden çözgüdi esasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu taryhy ýadygärlikler toplumynyň gadymy şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, Änew medeniýeti bilen dünýä halklaryny içgin tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.

Antýykan (Hekaýat)

Goç-teke döwri ýylaşa goç täzeleýän Ora çopan Antguýa «osmakçylyga» gidip gelensoň: «O goçlary ulanjak bolsaň, keýigotunyň bol ýeri gerek. Goçlar garrapdyr. Öň pent bolandyr, garry goç gerek däl» diýip, ýadaw halda çaý içmäge oturdy. Ýanow ikimiz garryny gepletjek bolup: «Ant diýdiň, pent diýdiň düşer ýaly etmediň. Aslynda Antguýy, Antýykan ady nireden çykdy?» diýdik. Aýtjagyny alaňlardan okaýan ýaly, ol depelere nazar dikip söze başlady: «Özüm-ä ant sözüni halamok. Ol wepa, wada, ygrar, lebiz bilen meňzeş bolsa-da, ýowuz ýaňlanýar. Öňler ýalany ýüze çykarmak üçin ant zäheri suwa «atyp», awyny ommuga «döküp», «Sözüň çyn bolsa, ant içip, awy ýala» diýer ekenler. Ölse-de dogruçyl boljaklar ikirjiňlenmändir. Ýalançylar bolsa ýaýdanypdyr. Ertirki işe öňünden ant içýänler halanmaz eken. Boljagy-geljegi halatly kişiler aýtsa-da, makullanman dymmak bilen diňlenipdir. Aslynda anthor kesirden gelen kejir, gopbamdan gelen gedem, göçmeden gelen gyzma bolýar-da...