Alyn şaýlary...
Alyn şaýlary zergärçilikde aýratyn many-mazmuna ýugrulan şaý-seplerdir. Olar, esasan, gelin-gyzlaryň başgaplaryna, maňlaýlaryna berkidilýän şaýlar bolup, has sünnäli ýerine ýetirilendir. Maňlaý ýa-da alyn şaýlary gelin-gyzlaryň durmuşynyň bütin dowamynda ulanýan şaý-sepleridir. Akgynly we näzik görnüşi emele getirýän alyn şaý-sepleri ýerine ýetirilişi we maksady boýunça köp hyzmatly bolupdyr. Türkmen halkynda gelin-gyzlaryň maňlaýy we onuň bilen baglanyşykly birnäçe ynançlar bolupdyr. Şol ynançlarda işiň şowlap gitmegi ýa-da durmuşyň şowly bolmagy, bagtyň çüwmegi hem maňlaý bilen baglanyşdyrylypdyr. Gelin-gyzlaryň şahsy durmuşynyň ugur alyp, döwletli ojaga eýe bolmagy, çaga-çugalary bilen, dogan-garyndaş bilen ylalaşykly ýaşamagy onuň maňlaýy bilen baglanyşdyrylypdyr. Juwan gyz durmuşa çykanda, onuň gupbaly tahýasynyň daşyna «ak ýaglyk» daňylýar. Bu däp gyzyň alnynyň, maňlaýynyň, bagtynyň açyk, şowly, ak bolmagy bilen baglanyşdyrylýar. Umuman, ene-mamalarymyz adamyň ilki nazary düşýän ýeri bolan maňlaýyň örän ähmiýetli beden agzasydygyna gowy düşünipdirler. Şonuň üçin gelin-gyzlaryň maňlaýy bilen baglanyşykly dürli şaý-sepleri zergärlere buýrupdyrlar. Zergärler hem halkyň şu islegini kanagatlandyrmak üçin, alyn ýa-da maňlaý şaý