Tarypa mynasyp taryhymyz
Geçmiş taryhymyzy öwrenmek babatda häzirki wagtda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaş nesliniň wekili hökmünde eziz Watanymyzyň, şol sanda welaýatymyzyň taryhy mende uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň günbatar sebiti özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň çäginde has gadymy adamlaryň galdyran yzlarynyň tapylmagy aýratyn bellärliklidir. Türkmenbaşy etrabynyň Goýmat obasynyň golaýynda ýerleşýän «Janak II» diýlip atlandyrylýan ýadygärlikden ownuk, ýiteldilip işlenen daşlaryň tapylmagy bu ýerde gadymy ussahananyň bolandygyndan habar berýär. Onda dürli görnüşli daşlary ýonup, döwüp, ýiteldipdirler. Işlenen daş böleklerini agaçlara daňyp, zähmet guraly, goranmak we aw etmek üçin ýarag hökmünde awçylykda, balykçylykda peýdalanylandygy çaklanylýar.