HABARLAR

«Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň!»

Magtymguly Pyragy Deňsiz bile deň eýleseň özüňni,Dert boluban, geçer sözi janyňdan.Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan, Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.***Ýagşy bilen bolsaň oba,Işiň zowky-sapa bolar.Ýigitlikde kylsaň toba, Köp derdiňe dowa bolar.***Gözläp köňül berme biwepalarga,Bak, kim wepa görmüş biwepalardan?!Goýma özüň ýersiz bu jepalarga,Kim bähre tapypdyr bu jepalardan?***Her bir sözi jana ýararÝagşy bile ýoldaş bolan.Gaçyp gutulmagyn unarÝaman bile gardaş bolan.***Köňli gara bile bolmaňlar ülpet,Ýokar andan dürli-dürli kesapat.Her niçe kömüre eýleseň yzzat —Alnyňa garasy ýokança bolmaz.

Tobany gijikdirmeli däl

Bir ýagşyzada bilen bütin ömrüni tikin-çatyna bagyşlan adamyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçýär. — Günäli halyňa näme üçin henizem toba etmeýärsiň?

Muny bilmek gyzykly

Äşe-Patma türkmen halk mifologiýasynda zähmetkeş aýalyň howandarydyr, şeýle hem ýokary hilli düýe ýüňünden agarçäkmeni döredijidir. Bu kesp Muhammet Pygamberiň aýalynyň we gyzynyň atlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Dokma ýüwürdilende, Äşe-Patmanyň hormatyna çagalara semeni paýlamak däbi bolupdyr. Olar süýji tagamdan dadyp: «Goý, ol Äşe-Patmanyň eli bilen edilen ýaly bolsun!» diýip, öý eýelerine alkyş aýdypdyrlar. Şaýly gelin — Türkmenistanyň günorta we günorta-gündogar etraplarynda ýaşaýan ilatyň arasynda meşhur bolan ruhuň ady. Uzak ýola düşýän we kümüş şaý-sepleri dakynan, owadan milli eşikdäki ýaş zenanyň keşbinde göz öňüne getirilýär.

Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

Üstünden ençeme ýyl geçse-de, Magtymguly Pyragynyň durmuşyň dürli öwrümlerinden söz açýan dürdäne şygyrlary ýaşaýşa ýakym, kalplara mähir paýlaýar. Hut şonuň üçin hem gündogaryň akyldary, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň biri hasaplanylýan beýik şahyrymyzyň döredijiligi bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hökmünde sarpalanylýar. Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ruhy ahwalyny, isleg-arzuwyny, ýürek sedasyny tutuş dünýä aýan edýär. Söz ussadynyň döredijiligine içgin aralaşdygyňça, taryhy ýolumyza, ata-babalarymyzyň durmuş baradaky garaýyşlaryna, ýörelgelerine has düýpli göz ýetirmek mümkin. Beýik şahyrymyzyň döredijiliginiň gerimi giň bolansoň, onda okyjylara durmuşda sapak edinere parasatly pikirler, ruhy gymmatlyklar hem kändir. Bilşimiz ýaly, ruhy atamyz öz ýaşan döwründe il-güni agzybirlige çagyryp, bir bitewi döwleti gurmagy arzuwlapdyr. Onuň eserleriniň bir bölegi-de agzybirlige, dost-doganlyga, parahat döwlet gurmaga ýugrulan şygyrlardan ybarat bolup, kalplarda müdimilik ýaşap gelýär. Parahatçylyga, jebislige, watansöýüjilige uly sarpa goýýan halkymyz hem beýik şahyrymyzyň bu çagyryşyny ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edýär. Magtymguly Pyragynyň bu arz

Sazyň beýik güýji

Sazyň ýakymly täsiri barada söz açylanda, onuň gündeki aladadyr hysyrdylardan saplanmaga, seriňi durlamaga ýardam edýändigini bellemelidiris. Ýaşaýşa höwes döredýän ajaýyp duýgularyň çeşmesi hasaplanylýan saz ynsany rahatlandyrýar. Öňde goýan maksatlaryna ýetmeklige hyjuwlandyrýar. Bu senediň dertden saplamak, ruhuňy götermek, döredijilige ylham bermek ýaly gudratly güýji hem bar. Onuň adam beýnisine, akyl ýetirijiligine, tutuş bedenine edýän täsirini häzirkizaman ylmy subut etdi. Çünki mylaýym, ýüregiň inçe tarlaryna ýol ýasaýan sazlar beýniniň sazlaşykly işlemegine, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýän ganyň limfositleriniň köpelmegine getirýär.

Ynsan kalbynyň ruhy çyragy

Şeýdaýy, Şabende, Gaýyby, Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magrupy, Mollanepes we ýene-de ençeme şahyrlar türkmen ruhunyň täji bolup durýar. Türkmen edebiýatynyň düýp özeni, ony äleme tanadan Magtymguly atamyz bolsa dünýä halklarynyň ruhy hazynasy. Hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» diýip belleýär. Ynsan kalbynyň ruhy lukmany, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ýaşan jemgyýetine syýasy, medeni we edebi ugurlardan ýolgörkeziji bolupdyr. Biz ony akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndan aýdyň görüp bilýäris. Magtymguly Pyragy Hoja Ahmet Ýasawy ýaly köňle ýakyn adamlary özüne halypa hasaplapdyr. Nusgawy şahyrlaryň, akyldarlaryň eserlerini içgin öwrenipdir:

Ýaşmak

Ýaşmak türkmen gelinleriniň asyllylygynyň, edalylygynyň, haýalylygynyň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň nyşany hökmünde türkmen durmuşyna ornan dessur, ata-baba dowam edip gelýän däp. Ýagşy gylykly, mylaýym, sylag-sarpaly, eli çeper, dili şeker, gaýynatalaryndan, gaýynenelerinden, gaýynagalaryndan, gaýyn tarapynyň ýakyn dogan-garyndaşlaryndan ýaşynýan gelinler halk hormatyna mynasyp bolupdyr. Ýaşmak zenanyň maşgala gurmagy bilen bagly berjaý edilýän milli edim-gylymlaryň biri saýylýar. Gyzlarymyz gelinlik dünýäsine gadam basanlarynda toýuň ertesi güni gyz-gelinleriň, dogan-garyndaşlaryň gatnaşmagynda berjaý edilýän «Baş salmak» toý dessury biziň welaýatymyzda «Ýerge toý» ady bilen şu günler hem dowam edýär. Onda gyzlyk döwründe başyna geýen gupbaly tahýasy ýagşy niýet bilen baldyzynyň başyna geýdirilýär. Täze gelniň gyňajynyň bir ujy alkymynyň aşagyndan aýlanyp, agzyna ýaşmak edilýär.

Miras galan asyklar

Pederlerimiz gelin-gyzlaryny, ýaş aýratynlygyna görä, dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Şonda bu bezegleriň ýerligi guýma kümüşden bolup, ýüzüne altyn çaýylypdyr. Kümüş asyklar zenanlaryň saçyna dakmagy üçin niýetlenip ýasalan «saçýüzi», «saçujy», «saçmonjuk» ýaly bezeglerdir. Asygyň ýokary başynda saçbagyny berkitmek üçin halka bolýar. Asyk şol halkadan geçirilen alaja bilen saça dakylýar. Asygy uly ýaşdaky aýallar dakynypdyrlar. Asygyň şekili peýkamyň başyna meňzeş bolup, onuň aşaky bölegi ýürege çalym edipdir. Zergärler onuň ýüzüni oýup, sim çekip nagyş salypdyrlar. Asyga köp gaş goýulmandyr.

At esbaby — eýer hakynda

Atlar seýislenende, çapylanda, atly sportda ulanylanda, atly gezelenje çykylanda, müngi ulagy hökmünde we hojalyk işlerinde dürli maksatlar üçin ulanylanda ata salynýan, dakylýan esbaplara, enjamlara «at esbaplary» diýilýär. At esbaplarynyň biri-de eýerdir.

Türkmen içmegi

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gyzgyn gutlap, türkmen-türk halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde türkmen içmegini sowgat berdi. Ol asyrlaryň jümmüşinde sungat derejesinde kämilleşdirilip gelnen ajaýyp milli lybaslarymyzyň bir görnüşidir. Medeniýeti milletimiziň mertebesine we kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz bu şatlykly pursatda içmek dony hem-de onuň nagyşlarynyň many-mazmuny barada gürrüň berdi. Mälim bolşy ýaly, biçüwinde we tikilişinde aňrybaş kämillige eýe bolan, iňňän nepis, deňsiz-taýsyz, owadan, köpöwüşginli bezeglerine özboluşly pelsepe, ruhy ynançlar siňdirilen milli egin-eşiklerimiz buýsanjymyzdyr, milli baýlygymyzdyr. Içmek hem halkymyzyň milli egin-eşik medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Içmek soltanlara, begzadadyr şazadalara uly hormatyň nyşany hökmünde sowgat berlipdir. Geçirilen ylmy gözleg işleri içmegiň döreýşiniň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini subut edýär. Mysal üçin, XI asyrda ýaşap geçen belli dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» atly işinde «Içmek — guzy derisinden tikilýän erkek kişileri