HABARLAR

«Nesiller äkider seni uzaga»

Uzak ülkeden gelen toý habary Zaman işany ragbatlandyrdy. Bada-bat ogullarynyň bäşisini daşyna jemläp, ýol şaýyny tutmagy berk tabşyrdy. Ýola düşüp, çöl-beýewany syryp geçip, ýol azabynyň ýarysyndan dynansoňlar, Zaman işan egbarlady. Şol barmana-da bir düýş görýär. Düýşünde ýetmeli menziline gowşansoň, ýurduny täzelejegi oraşan göründi. Ogullaryny çagyryp, düýşi göreniňki däl, ýoranyňky edip, iň soňky sargydyny aýdýar. Zaman aganyň pendine görä, ol myhman çagyrylan obasynda jaýlanylmalydy. Bu tabşyryk aýdylyşy ýaly-da ýerine ýetirilýär. Yzlaryna gaýtmazyndan öňinçä, özara maslahatlaşylyp, bäşiň ikisi gonak bolnan ýerde galmaly edilýär. Şeýdip Hudaýberdidir Ylýasyň duz nesibesi ýat illere çekýär duruberýär. Uly oba Zaman işanyň hormatyny tutup, bulary öýli-işikli etmek üçin kimse gyzyny berýär, kimse-de duzuny. Garaz, aýaga galnynça goltgy kemini goýmandyrlar. Şeýde-şeýde doganlar bu ülkä öz dogduk perzendi kimin goşulyp garylyberipdir... Syrgyn oba söýget bolup ýören aga-ini 1937-nji ýyllaryň nähak aýyplanmasyna duçar bolup sürgün edilende, Ylýasyň ýaňy bir dokuz aýa gadam basan, dünýäniň gamu-şatlygyndan bihabar ýekeje oguljygy, Hudaýberdiniň bolsa 2 gyzy, yzynda galypdy.

Milli miras — egsilmeýän hazyna

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi hem sungatymyzy, mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek, olary baýlaşdyrmak, bütin dünýä ýaýmak babatda tutumly işleriň geçirilmegi olara goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Halkyň kalbyna deňelýän medeniýetiň ösmegi adamlaryň aň-düşünjesiniň, sowatlylygynyň artmagyna ýardam edýär. Merdana halkymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşupdyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzy öwrenmekde, kämilleşdirip halka ýetirmekde, medeni ösüşleri üpjün etmekde medeniýet işgärlerine uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň: “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle setirler bar: “Durmuşdaky ähli ýagdaýlary, her bir pursady ýazga geçirmek mümkinem däl. Oňa düşünmek, aň etmek, many almak welin mümkindir. Halkyň mirasynyň gymmaty hem şondadyr. Şonuň üçinem ol egsilmeýän hazyna deňelýär”. Şundanam görnüşi ýaly, şol baý taryhy we gymmatly hazynany aýawly saklamak hem-de öz öwüşginleri bilen nesillere ýetirmek biziň borjumyz bolup durýar. Şu maksat bilen halkyň arasyndan milli mirasymyza degişli eksponatlary, maglumatlary ýygnap, muzeý gymmatlyklaryny artdyrmak boýunça işleri alyp barýarys.

Gülli keçe düşek bolar

Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köp ugurlydyr. Ol halyçylyk, zergärçilik keşdeçilikdir nakgaş eserleri bilen bir hatarda, halkyň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur bolan keçe önümlerini hem öz içine alýar. Keçe taýýarlamakda we haly dokamakda türkmen gelin-gyzlarynyň hyzmaty örän uludyr. Olar ýüregindäki arzuw-hyýallaryny el işlerine, dokan halylaryna, basan keçelerine, çeken keşdelerine, geýen egin-eşiklerine siňdiripdirler. Keçe diňe düşek hökmünde ulanylman, eýsem, ondan ak öýleriň üstüni Günden, ýagyşdan-gardan goramak üçin serpik, üzük, durluk ýaly keçe önümleri, düýelere halyk, atlara atkeçeler, tazylara jul hökmünde eşik, çopanlar üçin ýapynjalyk oýluklar taýýarlanypdyr.

Folkloryň içindäki folklor

Ýaşuly nesliň özünden soňky nesle goýup biljek iň uly gymmatlyklarynyň biri ruhy mirasdyr. Ol görüm-göreldäni, milli däp-dessurlary, durmuş tejribesini, terbiýe bermek medeniýetini, döredijilik dünýäsini, pähim-paýhasy özünde jemleýär. Ençeme asyr aşyp, nesilleriň paýhasyndan, döredijilik zehininden kämillik derejesine ýeten halk döredijiligi ruhy mirasyň edebi nusgasydyr. Başgaça aýdylanda, halk döredijilik eserleri halkymyzyň özi hakynda döreden edebi-taryhy ensiklopediýasydyr. Halk döredijilik eserlerine milletimize mahsus dünýägaraýyş, hüý-häsiýet, ýaşaýyş-durmuş, däp-dessur, edim-gylym aýratynlyklary siňdirilipdir. Älemgoşaryň 7 reňkiniň başga onlarça reňki emele getirmäge esas bolşy ýaly, türkmen halk döredijilik eserleriniň 3 žanry hem halkymyzyň ruhy dünýäsini häsiýetlendirmekde, suratlandyrmakda, beýan etmekde edebi gönezlik bolup hyzmat edýär. Türkmen halk döredijilik eserleriniň çuň mazmunly, köp öwüşginli häsiýeti, onuň köp žanrlylygynyň, köp görnüşliliginiň üsti bilen açylýar. Olaryň tas ählisiniň mazmunynda ata-babalarymyzyň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigine göz ýetirmek bolýar.

Terbiýe mekdebi

Ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, halkymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwretmekde hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly romanlarynda atasy, ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Tejen aýagy diýilýän ýerlerde ýagny, öňki Kirow raýonynyň (häzirki Babadaýhan etrabynda) «Gyzyl çarwa» kolhozynda ýaşap, işlän ýyllary çeper beýan edilýär. Berdimuhamet mugallymyň halkymyzyň edebi mirasyna goýýan hormaty ýaş Mälikgula hem oňyn täsir edýär. Bu Mody başlygyň Mälikgula berýän gürrüňlerinde has aýdyň ýüze çykýar. Ynsany pespällik, dogumlylyk, dogry sözlülik, birek-birege bolan hormat-sylag, rehimlilik, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler bezeýär. Berdimuhamet mugallymyň görüm-göreldesi, oba adamlary we okuwçylary bilen gowy gatnaşygy Mälikguly üçin uly terbiýeçilik, döredijilik mekdebi bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ene-atasyna bolan hormaty hemmelere nusgadyr. Mähriban käbesi Ogulabat ejä, mähriban kyblasy Mälikguly aga bolan söýgüsi çäksizdir. Şeýle söýginiň, hormatyň miwesi hökmünde milli Liderimiziň «Enä tagzym— mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler Watan üçin dogulýar» ýaly kitaplaryny mysal getirip b

Halypa bagyşlanan mukam

Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösmeginde uly işleri bitiren ussat halypalar Amangeldi Gönübegiň, Şükür bagşynyň, Bazar bagşynyň, Kel bagşynyň, Hally bagşynyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň, Sary bagşynyň, Oraz salyryň, Mylly Täçmyradowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Nobat bagşynyň, Pürli Saryýewiň, Sahy Jepbarowyň, Baky Maşakowyň we başga-da ençeme halypalaryň atlary elmydama hormat bilen tutulýar. Ezber halypalaryň zehin goýup döreden we ýerine ýetiren «Ýandym», «Keçpelek», «Humarala», «Burnaşak», «Berkeli çokaý», «Hajygolak»... ýaly ajaýyp sazlaryny her gezek diňläniňde, üýtgeşik bir dünýä düşen ýaly bolýarsyň. Olardaky göwnüňi galkyndyryjy şirinlik, täsinden-täsin imrindiji öwrümler akylyňy haýran edýär. Türkmen aýdym-saz sungatynyň diýseň baý mirasy bar. Edebi eserleriň döreýşi ýaly, saz eserleri hem bir wakanyň täsiri bilen döreýär. Muňa türkmen halk sazlary hakdaky rowaýatlar-da şaýatlyk edýär. Kel bagşynyň «Ussadym» atly sazy döredişi hakynda şeýleräk bir rowaýat bar.

Çörek mukaddesligi

Saçakdaky çöregi almak üçin birden iki adam elini uzatsa, öýüňe myhman gelýändiginiň alamaty saýylýar. Çörek owuntygyny ýere gaçyrsaň günä. Çöregi hormatlap, maňlaýyňa sylmak halkymyzyň adatyna öwrülipdir.... Asyrlaryň dowamynda emele gelen şuňa meňzeş ynançlaryň ýüzlerçesi milletimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň örän baýdygyny, şonuň bilen birlikde bu düşünjeleriň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Ýakynda çörek mukaddesligine bagyşlap geçiren söhbetdeşligimizde bu barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň täsiri bilen şu setirleri ýazmaga girişdim. Maşgala we çaga terbiýesinde çörek mukaddesligi bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan gaýdýan özboluşly, üýtgeşik bir ýörelgämiz dowam edýär. Bu ýörelge ruhuňa täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçirip gelýär. Parasatly sözlerde çöregiň mukaddesligi durmuş bilen şeýle bir çuňňur baglanyşdyrylypdyr welin, haýran galaýmaly, ol kalbyňa berk köküni urýar. Öýüňe gelen myhmana hem ilkinji hödür çörekden başlanýar. «Ýolda ýoldaşyň bolsun!» diýip, eneler perzentlerini ýola salanlarynda hem ýany bilen çörek berip goýberýärler. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde hem çörek mukaddesliginiň has ýokar

Halkymyzyň müdimi gymmatlyklary

Pederlerimizden miras galan milli baýlyklarymyz halkymyzyň geçmişinden, şan-şöhratyndan habar berýär. Olar türkmen taryhynyň çeper beýany bolmak bilen, indi ençeme asyrlardan bäri halkymyzyň milli buýsanjy hökmünde şöhlelenýär. Milli medeniýetimiziň maddy we ruhy baýlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde sungat ussatlarynyň hyzmaty diýseň uludyr. Olar elmydama milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmagyň, üstüni ýetirmegiň we nesillere miras galdyrmagyň aladasyny edipdirler. Bu nusga alarlyk göreldäni häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirmek bolsa biziň paýymyza düşýär. Millilige ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek biziň esasy işlerimiziň biridir. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar ýadygärlikleri, Daýahatyn kerwensaraýy, Idris baba medresesi, Amul, Osty, Ödeý galalary gündogar sebitiň milli medeniýetiň ösen ojaklary bolandygyny görkezýär. Olaryň gurluş, binagärlik aýratynlyklary bolsa hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

Helise

Jeýhunyň boýlary — rowaýatlara baý mekan. Bu jelegaýlara ýoly düşen myhmanlar gören-eşidenlerini ýatdan çykarman, taryp edýärler. Ýakynda Daşoguz welaýatyndan okyjylarymyzyň biri Lebapda helise atly nahary dadandygyny aýdyp, «Çeşmeler» sahypamyzda şu barada söhbet etmegimizi haýyş etdi. Okyjymyzyň haýyşyny göz öňünde tutup, helise bilen baglanyşykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Irki zamanlarda Amyderýanyň çep kenaryndan sag kenara barýan ýolagçylaryň gaýygy heläkçilige uçraýar. Ýüzüp, kenara çykanlary ýerli ýaşaýjylar öýlerine myhman alýarlar we üýşüp, helise (halk arasynda helese diýlip hem atlandyrylýar) tagamyny taýýarlaýarlar. Bu tagamyň ady aslynda «birleşmek, ýardamlaşmak» diýen manyny aňladypdyr. Şondan soň adamlar helise bişirip, doga-dileg etseler, bela-beterleriň sowlup geçjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyrlar. Şonuň üçinem bu däp nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär.

Dün­ýä kar­ta­sy­ny çy­zan alym

Tür­ki dil­le­riň söz baý­ly­gy ha­kyn­da söh­bet edi­len­de, Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň ady il­kin­ji bo­lup ýat­la­nyl­ýar. Alym «Tür­ki dil­le­riň di­wa­ny» ese­ri­ni 1077-nji ýyl­da ýa­zyp gu­tar­ýar. Söz­lük­dä­ki söz­le­riň kä­biri hä­zir­ki wagt­da hem hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan giň­den ula­nyl­ýar. XI asyr­da Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň söz­lü­gin­de ýa­zyp gör­ke­zen köpsan­ly oguz-türk­men na­kyl­la­ry, ata­lar söz­le­ri we goş­gu­la­ry türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň iň ga­dy­my nus­ga­la­ry­dyr. Aly­myň bu ese­ri­niň ýe­ne bir gym­mat­ly ta­ra­py bol­sa, gol­ýaz­ma­nyň 22-23-nji sa­hy­pa­la­ryn­da şekillendirilen dün­ýä kar­ta­sy­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly tür­ki halk­la­ryň ni­re­de ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len bu kar­ta­ny taý­ýar­lap­dyr. Kar­ta­nyň mer­ke­zin­de Ba­la­sa­gun şä­he­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da­ky Gyr­gy­zys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän bu ta­ry­hy şä­her irki dö­wür­ler­de Ga­ra­han­ly türk­men döw­le­ti­niň mer­ke­zi bo­lup­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň dün­ýä kar­ta­sy to­ga­lak gör­nü­şin­de çy­zy­lyp­dyr. Mä­lim bol­ş