HABARLAR

«Ýerde Nowruz hormaty...»

Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri Gündogar halklarynda bellenilip gelnipdir. Bu hakda zoroastrizmiň mukaddes kitaby bolan «Awestada», Abylkasym Firdöwsiniň «Şanama» eserinde, Abu Reýhan Birunynyň «Gadymy halklardan galan ýadygärlikler», Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eserinde, Gündogaryň söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Tebigy hadysalaryndan hasap tutan pederlerimiz Nowruzda gar ýa-da ýagyş ýagsa, ýylyň ygally boljakdygyny kesgitläpdirler. Sähra merdanalary bolan çopanlar üçin tebigat müňbir täsinlikleri bilen olaryň aňyna ornaşypdyr. Tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeler, howanyň üýtgemegi, zeminde ýaşyl otlaryň gögermegi, guş-gumrularyň hereketiniň artmagy sähra adamlarynda dürli garaýyşlary oýarypdyr.

Hoşniýetliligiň baýramy

Bahar pasly biziň üçin diňe bir tebigatyň jana gelip, ýaşyl dona bürenýän, reňbe-reň gülleriň açylyp, çar tarapa gözellik eçilýän pasly bolman, eýsem ol ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlary alamatlandyrýan pasyldyr. Bu pasylda halkymyzyň arzyly baýramy bolan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Nowruz iň gadymy döwürden bäri belli bolan täze ýyl baýramydyr. «Awestada» onuň täze ýylyň başynyň ýazky gije-gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýändigi barada bellenilýär. Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligiň, parahatçylygyň özboluşly beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini hem-de bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr». Halkymyz Halkara Nowruz gününi goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde belleýär. Munuň özi dostluga we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklary ösdürmekde Halkara Nowruz baýramynyň ähmiýetini hem-de ornuny görkezýär.

Mäne baba — rowaýata öwrülen şahsyýet

Kazy, wezir, hökümdar hem şahyr

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, edebiýatyny, sungatyny düýpli öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.Bu babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzdaky taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen birlikde, türkmen halkynyň geçmişinde uly yz galdyran şahsyýetleri öwrenmeklige hem uly ähmiýet berilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylanyna 10 ýyl boldy. 2010-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Ylham» atly çeperçilik-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolupdy. Şonda döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça täze çeperçilik-seýilgäh toplumy «Ylham» diýlip atlandyrylypdy. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän bu muzeýde 40-dan gowrak taryhy we edebi şahsyýetlerimiziň heýkelleri oturdylan. Olaryň biri-de kazy, wezir, hökümdar hem şahyr bolan şahsyýet — Burhaneddin Ahmet Siwaslydyr.

Edermen alabaýymyz

Türkmen sährasynyň görki, guwanjy, Edermen, merdana alabaýymyz.Çopan goşlarynyň gorag-daýanjy,Üşükli, gaýduwsyz alabaýymyz. Arkadagyň eserinden orun alan,Mertebesi asyrlara ýaň salan.Waspyny ýetirsek älem diň salar,Gözellikde taýsyz alabaýymyz.

Şadiwanyň şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar ...Ady Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen Akhan Gurply we Ruhubelent atly bedewleriň nesli. Akhan Gyrsakaryň nesil ugruna degişli bolup, bu ugurda Kerwen, Garader, Gökleň ýaly ýyndamlykda aýlawlary baglan atlaryň bolandygyny aýratyn bellemelidir. Gyrsakar hem Boýnowyň nesil ugrundan gaýdýar. Gyrsakar 1936-njy ýylda doglan, onuň kaddy-kamaty boýunça-da saýlantgy derejededigi ykrar edilendir.

Türkmeniň uçar ganaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramak babatdaky wezipeler döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Türkmen seýisçilik sungatynyň kämilligi bilen kemala gelen dal bedewlerimize tebigatyň täsin gözelligi siňipdir. Onuň ýel ýaly öwsüp, ýyldyrym ýaly çalasynlygy, ýyndamlygy köpleri haýrana goýýar. Gözellikde, ýyndamlykda we wepalylykda köpleri özüne bendi eden ahalteke bedewleriniň täze neslini kemala getirmek, olaryň gadymy şöhratyny has-da dabaralandyrmak babatda bitirilýan beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Bilşimiz ýaly, ajaýyp döwrümizde ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa täze many-mazmuna eýe bolýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binagärliginde, täze gurlan we gurulýan ahalteke atçylyk toplumlarynda, şaýollaryň ugurlaryndaky yşyklandyryş sütünlerinde, şeýle-de ýollaryň çatryklaryndaky aýlawlarda, Olimpiýa şäherçesinde türkmen bedewleriniň keşbiniň ebedileşdirilmegi milli gymmatlygymyza goýlan belent sarpadan nyşandyr.

Nowruz saçagynyň tagamlary

Bereketli türkmen saçagynyň naz-nygmaty gadymdan bäri mälimdir. Munuň aňyrsynda Türkmenistanyň güneşe baý tebigy aýratynlyklary, halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, topragy keramatly hasaplap, oňa yzygiderli we mähirli hyzmat etmek ýaly milli ýörelgeleri bar. Nowruz baýramynda taýýarlanýan tagamlar hem özboluşly aýratynlyklara eýedir. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde 7-lik keramatly we täsin güýje eýe bolan san hökmünde orun alypdyr. Ýedi ölçäp bir kesmek, semeni tagamyny ýedi öýe dadyrmak, çaga çileden çykarylanda ýedi öýe aýlamak, aşyklara bagyşlanan ýedi dessan, hepdäniň ýedi güni, ýedi gat ýer, älemgoşaryň ýedi reňki, ýedi dürmen atly keteni matasy we şuňa meňzeşleri görkezmek bolar.

Çowgan — gadymy oýun

At üstünde oýnalýan oýunlaryň içinde gowy görülýänleriň biri-de, çowgan oýnydyr. Bu oýun Merkezi Aziýada antik döwründe döräpdir. Parfiýalylaryň arasynda giňden ýaýran çowgan oýny orta asyrlar eýýamynda özüniň ýokary derejesine ýetýär. Oýnuň maksady ujy egri taýakly atly jigitleriň iki toparynyň biri-biriniň garşysyna durup, eminiň yşaraty boýunça ylgap başlamagy we togalak agajy (topjagazy) meýdançanyň aýagujundaky dikilgi pürsleriň aralygyndan geçirmekden, garşydaş toparyň bolsa, ony saklap yzyna gaýtarmagyndan ybarat bolup durýar. Çowgan oýnunda, ilkinji nobatda, at zerur bolupdyr. Ýewropa edebiýatlarynda çowgan oýnuna «atyň üstünde oýnalýan top oýny» diýilýär. Orta asyr çeşmelerinde bu oýun «batyrlaryň oýny» diýlip atlandyrylypdyr, sebäbi ol örän güýçlüligi, çakganlygy, sowukganlylygy talap edipdir we meşhur esgerlere mynasyp kesp-kärleriň biri bolupdyr.

Nowruz gelse äleme

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda mähriban Watanymyzda Milli bahar baýramy uly şatlyk, dabara bilen bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.