HABARLAR

Edebi miras — ebedi miras

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy taryhy, edebiýaty, sungaty düýpli öwrenilýär. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna deňelen, medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan milli mirasymyzyň beýanyny, müňýyllyklaryň wakasyny özünde jemleýän golýazmalary, danyşment alymlarymyzyň, şahyrlarymyzyň edebi mirasyny abat saklamak üçin olara aýawly çemeleşilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawynda orun almagy, şeýle-de TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi-de dünýäde türkmeniň edebi mirasyna goýulýan hormatyň uludygyny äşgär edýär. Halkymyzda döwletimiziň şanly taryhyny, edebi hem-de medeni gymmatlyklaryny, alym-ulamalarymyzyň pähimlerini özünde jemlän golýazmalar nesilden nesle geçirilip, ýazuw ýadygärlikleri hökmünde aýawly saklanylýar. Geçmiş taryhymyzda alymlarymyz, şahyrlarymyz, bagşy-sazandalarymyz uzak asyrlaryň dowamynda

Gözelligiň we kämilligiň baýdagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu tagallalar netijesinde dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär. Halkymyz gadymy döwürden bäri halyçylyk işi bilen meşgullanyp gelipdir. Nepis halylarda milletimiziň tämiz kalby, arassa ýoly, halal asly açyk-aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmeniň öýi haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen çuňňur pähim-paýhasa eýlenen altyn jümlesinde umman ýaly many bar. Öý galdyrmak, ýurt tutunmak, mekan edinmek, döwlet gurmak ýaly jümlelerde Watan düşünjesini zer däneleri ýaly ykbal kerwenine sapan türkmen, özüniň tämiz milli gymmatlyklarynyň kämillik derejesinde ýaşaýşa bolan gatnaşygyny beýan edipdir. Türkmen döwlet gurmak hem döwletli döwran sürmek pelsepesini ynsanyýete bagyşlan halkdyr. Her nagşynda ummasyz manyny jemleýän halylarymyzyň at-owazasy dünýä dolýar.

Änew — «Beýik öý»

Türkmenistan — gadymy medeniýetiň ojagy. Bu toprakda dörän şäherdir obalar, galadyr kentler halkyň medeniýetiniň geçmişden gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Şol medeni ojaklaryň biri hem gadymy Änew şäheridir. Änew sözüniň aňladýan manysy hakynda alymlar dürli pikirleri aýdýarlar. Dilçi alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda bu sözüň abu-now (täze suw) diýen sözlerden emele gelendigini belläpdir. Alym A.Maruşenko «Туркменоведение» žurnalynyň 1930-njy ýylyň 12-nji sanynda çap edilen «Wajyp düzedişler» atly makalasynda Änew şäheriniň «Bagabat» diýlip atlandyrylandygy hakyndaky maglumaty getiripdir. Bagabat sözi bagly, bagy-bossanlyga bürenen şäher diýen manyny aňladýar.

Watansöýüjiligiň belent göreldesi

«Watan öz gerçekleri bilen beýikdir!» diýlen sözlerde uly many bar. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň içeri işler edaralarynyň düzüminde geçen asylly we göreldeli gulluk ýoly Watan goragçylarynyň her biri üçin merdanalyk mekdebidir. Mälikguly halypa öz ömrüni ösüp gelýän ýaş nesle edep-ekram öwretmäge, olara il-ulsa hormat goýmak, harby borç, halallyk, watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk, döredijilikli işlemek, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetleri öwretmäge bagyş etdi. Käri boýunça mugallym, harby işgär, usulyýetçi, adamkärçiligiň beýik nusgasyny görkezen, mekdep mugallymçylygyndan uly serkerdelige çenli gulluk ýoluny geçen Mälikguly halypanyň röwşen şöhratly ýoly baradaky maglumatlary, nusgalyk ömri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi, Watan goragçylarymyzy döwrebap terbiýelemekde mertebe mekdebi bolup durýar. Mälikguly aga 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda eneden dogulýar. 1958-nji ýyla çenli dürli wezipelerde zähmet çekýär. 1958 — 1982-nji ýyllar aralygynda Mälikguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň goşunlarynda we edaralarynda dürli wezipelerde gullu

Şöhrata beslenen ömür

Taryhda bolup geçen wakalar, olara dahylly ynsan ömürleri barada pikir ýöretmek, hakydalarda galar ýaly, geljek nesillere ýetirmek üçin beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek ynsan ogluna mahsus zatdyr. Ýyllar geçip, heňňamlar aýlanyp dursa-da, döwri döwür eden şahsyýetler hakyndaky ýatlamalar ýyllar geçdigiçe nesilleriň hakydasynda berkäp, ruhlandyryjy çeşme bolup hyzmat edýär. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow barada söz açylanda, ilkinji nobatda, bu eziz ynsanyň nesiller üçin nusgalyk ömür ýoly barada oýlanýarsyň. Bütin ömrüni halkyna hyzmat etmäge bagyş eden bu sahawatly ynsan baradaky ýatlamalary okanyňda, onuň parasatlylygyna, zähmetsöýerligine, adalatlylygyna, dogruçyllygyna, merdi-merdanalygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. 

Türkmen keçesi

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr. Ylmy tassyklamalara görä, halkymyzyň senetçilik dünýäsinde keçe basmak sungaty örän irki döwürlerde ýüze çykypdyr hem-de gündelik durmuşda giňden ulanylypdyr» diýip, keçe sungatynyň gözbaşynyň has çuňluklara uzaýandygyny, türkmen maşgalasynda uly orun tutandygyny aýratyn belleýär. Munuň şeýledigine gazuw-barlag işleri geçirilende tapylan gadymy keçe bölekleri, gadymy Merwde tapylan heýkeljiklerdäki we teňňelerdäki keçe başgaplaryň şekilleri, gadymy çeşmelerdäki maglumatlar doly şaýatlyk edýär.

Seleňligiň söhbedi

Ak sähralaryň owazy Çarwadarlaryň arasynda şeýle gürrüň bar: «Sähra torgaýyň saba-säher saýraýan hem-de düýäň könege inýän süýdüniň sesinden oýanýar».

Sungatym bar, hormatym bar

«Ylym» neşirýaty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we türkmen sungaty» atly makalalar ýygyndysyny çap edip, giň okyjylar köpçüligine ýetirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan çapa taýýarlanylan bu ýygyndyda ýurdumyzyň görnükli medeniýet we sungat işgärleriniň, sungaty öwrenijilerdir taryhçylaryň, edebiýatçylaryň hem-de ylmyň beýleki ugurlary boýunça hünärmenleriň ylmy makalalarynyň birnäçesi ýerleşdirilipdir.

Nepis sungatymyza sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni mirasyna, milli ruhy gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berlip, milli halyçylyk sungatynyň täze many-mazmunda baýlaşmagy we nepis sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Ösüş-özgertmelere beslenen döwrümizde döwrebap halyçylyk kärhanalarynyň gurulmagy gadymy senedimiziň dünýädäki meşhurlygynyň has-da artmagyna özboluşly şert döredýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde hem döwrebap Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljakdygy diýseň buýsandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Arkadag şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda täze «akylly» şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşlygynyň barşynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy ählimizde gyzgyn goldaw tapdy.

«Malym bar — halym bar»

Mal owal-ahyr ynsan üçin rysgal çeşmesi hasap edilipdir. Şonuň üçin ata-babalarymyz «Malym bar — halym bar» kimin paýhasly sözleri döredipdirler. Goýun, geçi, düýe, umuman, mal, maldarçylyk bilen baglanyşykly düşünjeler meniň üçin ýat däl. Sebäbi oglanlyk döwrümiz mallaryň arasynda geçipdi. Kakam ömrüniň 50 ýylyny mal yzynda geçirdi.