HABARLAR

Synmaz sütün

Dana Pyragy eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň ruhuny beýgeldip gelýän milli şahyrdyr. Ol halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw edip, nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen manyly goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde beýik Pyragynyň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Çünki söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Adamlaryň kalbynda hemişelik orun alan, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydalarda ýaşaýan Magtymguly Pyragy türkmen ruhunyň öçmejek çyragydyr. Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň, ýagny tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Şeýle hem medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalar ulanylandyr. Mundan

Düýe maly — dünýe maly

Ata-babalarymyzyň gadym wagtlardan bäri «Düýe malym — dünýe malym» diýip belleýşi ýaly, halkymyzyň pirli mallarynyň biri bolan düýäniň durmuşda tutýan orny örän uludyr. Weýisbaba Orta Aziýa halklarynyň arasynda düýäniň piri hasaplanýar. Rowaýatlara görä, Weýisbaba düýäniň ähli syryny bilipdir, adamlara düýedarçylyk bilen meşgullanmagy öwreden belli düýe çopany bolupdyr. Halkymyzyň arwana düýesi Garagumuň jöwzaly yssy şertlerinde arkaýyn ýaşap bilýär. Tomus aýlary Garagumda howanyň gyzgynlygy örän ýokary derejä baranda-da, düýe ýasy dabanynda arkaýyn gezip ýa-da döşündäki, şeýle-de dyzlaryndaky, goluň çykýan ýerlerindäki we butlaryň tirseklerindäki yssa we sowuga çydamly gaty gabarçaklaryň üstünde arkaýyn çöküp oturyp bilýär. Tabak şekilli tegelek dabanlary ürgün çägede düýäni çägä batyrmaýar. Düýeler suwuň gyt ýerinde ownuk mallaryň iýip bilmeýän iri baldakly otlary bilen, gyrymsy agaçlaryň pürleri bilen ýyl boýy oňňut edip bilýärler. Kökleri ýerasty çuňluklardaky ygally gatlaklara ýetip bilýän ýandak bolsa düýäniň iň oňat görýän höregidir.

Ynsan bezegi

KITAP − DÜNÝÄ SYRYNYŇ AÇARY

Adamlar näme sebäpden kitap okamaga beýle köp ymtylýarlar?! Agaç gabygyndan ýasalan bu sahypalarda ynsany özüne imrindirip biljek neneňsi güýç, neneňsi gudrat barka?! Köneleriň aýdyşy ýaly, “bary-ýogy bäş günlük ömründe” hasabyna jür ynsan oglunyň kitap babatda wagtyny-da, puluny-da tarhandökerlik bilen harçlaýşyna haýran galaýmaly. Belki, bu kitaplarda ömrüň manysy, durmuşyň tagamy bardyr?! Balarylaryň gülden güle gonup, bal taýýarlaýşy ýaly, ynsan hem kitap baryny agtaryp, öz-özüni taplaýar. Türk ýazyjysy Ilber Ortaýliniň bir eserinde ynsanyň aň we beden taýdan ösýän, berkeýän döwri bolan ýaşlyk çagynda kitaby ýakyn hemraňa öwürmegiň has derwaýysdygy hakynda aýdylýar. Kitap okamak çaganyň ýatkeşligini we sözleýşini ösdürmekde, dünýägaraýşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedir. Wagtyňyzy mazmunly geçireýin, akyl käsäňizi pürepürläýin diýseňiz – kitap okaň! Kitap okamak – diňe bir ýaşlykda däl, ähli ýaşda hem derwaýys. Kitap okaň, emma hökman okamalydygy üçin däl-de, her bir jümlesinden netije çykarmak üçin, ruhy lezzet almak üçin okaň!

IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY?

BIRINJI MELHEM Gapjygyňyzy dolduryp başlaň

BAGTYŇ AÇARY

«Bagtyň açary nirede?» diýen sowala her kim özüçe jogap berer. Käbirimiz ony altyn açar, agaç açar, demir açar ýa-da çagalykdan aňymyza ornan Buratinonyň açary ýaly göz öňüne getirmegimiz mümkin. Çünki aňa ir dolaşan düşünjeler, ýadymyzda galan suratdyr keşpler indiki oý-hyýallara, pikirlere, çözgütlere gönezlik bolup, olara mazaly täsirini ýetirýär. Aslynda, bu sowal diňe şu günüň neslini däl, öten-geçen eždatdyr pederleriň hem pikirlerini gurşapdyr. Olaryň bu babatda dürli netijelere gelmeklerine itergi beripdir. Aý-günler we ýyllar, adamzat gatnaşyklary ol düşünjeleri paýhas eleginde üwäp, akyl terezisinde saldarlap görensoň, düşünjeler kämilleşip, agramly garaýyşlar aýyl-saýyl bolansoň, bagtyň açarynyň niredeligi aýan bolupdyr. Ýogsam, şol wagta çenli bu syr ýedi gat deňziň düýbündäki daşyň astyndaky sandykda saklanan döwüň jany ýaly, gaty pynhan eken. Şeýdip, bagtyň açarynyň nämeden ybaratdygy, düzümi, onuň nirede ýerleşýändigi we nähili tapyp bolýandygy hakdaky pikirler barha berkäp ugraýar. Şondan bärem, bu syrdan habarly adamlar, düzgüne laýyk hereket edip, bu açary tapmagyň hötdesinden gelipdirler. Geljegini, görjegini şol esasda gurupdyrlar. Ol açar demirdenem, agaçdanam, polatdan ýa misdenem, altyndan ýa kümüşdenem däl. Alymlaryň aýtm

MEDENI MIRASYŇ HUKUK GORAGLYLYGY

Güneşli Diýarymyz taryhyň dürli heňňamlarynyň, eýýamlarynyň şaýady bolan taryhy-medeni ýadygärliklere örän baýdyr. Ata-babalarymyzyň ýaşap geçen taryhy mekanynyň aýratynlygyny, gymmatly medeni, taryhy we tebigy baýlyklaryny goramak, mukaddes topragy söýmek her bir ynsanyň ömrüne many çaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli özboluşlylygyny, medeniýetini we taryhy gymmatlyklaryny galkyndyrmak, döwrebap görnüşde ýaýbaňlandyrmak hem-de dowamatyna dowam bermek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda milli medeni mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň kanunçylyk-hukuk binýady döredilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary asyrlardan gözbaş alýan medeniýetimiziň, milli taryhy-medeni mirasymyzyň, milliliklerimiziň we olary

Magtymgulynyň goşgularynda terbiýe

Ylym-bilim ulgamyndaky beýik özgertmelerden ruhlanýan ýaşlar sowatlylykda we döredijilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýaşlary dünýä ylmynyň iň täze gazananlary bilen tanyşdyrmakda, olarda täzeçe pikirlenmek endiklerini döretmekde geçirilýän dürli görnüşli bäsleşikleriň netijesi örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary bolsa bu ugurda nusgalyk edebiýatlardyr. Nusgawy edebiýatymyz ynsana, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesle örän oňat täsir edýär. Durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, halkyň agzybirligini, jebisligini,  arzuw eden hakyky watançydyr. Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanylýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz dünýä halklarynyň arasynda türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär

Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

Öz­be­gis­tan­da Şu ýyl dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň tag­ly­ma­ty, gel­je­ge bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, tu­tuş adam­za­dyň hem ru­hy is­leg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Şo­nuň üçin onuň şa­hy­ra­na mi­ra­sy­nyň äh­mi­ýe­ti mil­li çäk­ler­den çy­kyp, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di, adam­za­dyň aň-paý­has ha­zy­na­sy­na my­na­syp go­şant bol­dy. Mag­tym­gu­ly di­ňe bir türk­me­niň däl, äh­li tür­ki halk­la­ryň, şol san­da öz­bek hal­ky­nyň hem iň söý­gü­li şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, Öz­be­gis­tan dün­ýä­de Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri iň köp çap edil­ýän we okal­ýan ýurt­la­ryň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň şu ýy­lyň 19-njy few­ra­lyn­da «Be­ýik türk­men şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­läp geç­mek ha­kyn­da» Ka­ra­ra gol çek­me­gi-de dost­luk­ly döw­let­de be­ýik söz us­sa­dy­na go­ýul­ýan uly hor­ma­tyň aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy bo

Ýö­ri­te ne­şir­ler­de ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry

Ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ta­ra­pyn­dan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ry türk di­lin­de ne­şi­re taý­ýar­la­nyl­dy. Mu­nuň özi me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­nyň hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky gü­wä­si­dir. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän şu ýyl­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de we da­şa­ry döw­let­ler­de be­ýik akyl­dar şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­la­nan çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ola­ryň esa­sy mak­sa­dy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­nyň mun­dan beý­läk-de wa­gyz edil­me­gi­ne ýar­dam et­mek­den, bu ugur­da yl­my bar­lag­la­ry çuň­laş­dyr­mak­dan, türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň şa­hy­ra­na-fi­lo­so­fik mi­ra­sy­na hal­ka­ra yl­my-ede­bi jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek­den