HABARLAR

Döwletli döwranymyz

Agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyz çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri bolsa, milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tamamlanan, 2020-nji ýylda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk etdi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen bu halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna baý many-mazmunly, örän ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi tamamlanan ýylyň täze taryhymyzy has-da şöhratlandyran wakalaryna öwrüldi. Sözüň doly manysynda bellesek, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasy hökmünde taryha girdi.

Täze ýylyň şatlygy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly welaýatymyzda aýratyn uly ruhubelentlik we joşgun bilen garşylandy. Täze ýylyň ilkinji gününiň baýramçylyk ruhy ýylyň şygaryndan göwni galkynan bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzündäki şatlygyndan we begenç alamatlaryndan göründi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde welaýatymyzda egsilmez joşguna utgaşan dabaralar geçirildi. Şolaryň esasylarynyň biri-de welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy.

Beýik üstünliklere ruhlandyrdy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz gözümiziň alnynda ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Diýarymyzyň şeýle ösüş-özgertmelerine tamamlanan, 2020-nji ýylyň dowamynda turuwbaşdan şaýat bolduk. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilen ýylda dürli çärelere, aýdym-sazly dabaralara, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere, duşuşyklardyr maslahatlara gatnaşdyk. Bu zatlar bize Täze, 2021-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basmaga hyjuw berdi. Garşylanan ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy has-da joşa getirip, toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu ajaýyp şygar ulus-ilimizi Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da berk jebisleşip, netijeli zähmet çekmäge, döretmäge we gurmaga ruhlandyrdy. Ata Watanymyzda parahatçylyk, asudalyk, abadanlyk höküm sürýär. Döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertler üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, halkymyz durmuş eşretleriniň hözirini görüp bagtyýarlykda ýaşaýar. Bu ajaýyp mümkinçiliklerdir şer

Pähim-paýhasyň çeşmesi

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr. Ynsany gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllaryň hem-de parasatly sözleriň, döredijilik taýdan ussatlyk bilen ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň taryhy maglumatlara esaslanýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny aýdýar.

Berekede beslenen ýyl

Kerwen gurap gelýän ýyllar döwleti bilen gelýär. Tamamlanan 2020-nji ýylymyz — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly sahawata, rysgal-berekede, toýdur baýramlara, şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýyl ata Watanymyzyň taryhyna, ýurduň ýylýazgysyna şanly wakalar bilen ýazyldy. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik tutumly işler amal edildi. Asudalygyň, parahatçylygyň, baky Bitaraplygyň ýörelgesine eýerýän eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşdy. Dünýäde iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy toýlandy. Ähli pudaklarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýän ýurt hökmünde dünýä äşgär edildi. Ýurdy ösdürmekde kabul edilen maksatnamalar abraý bilen berjaý edilýär. Merdana halkymyza şanly wakalary getiren geçen ýylymyz şatlykly, rysgal-bereketli, iň bir düşümli, ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda amal edilen beýik işler buýsanç bilen bellärliklidir. Mähriban Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmakda maksada okgunly beýik işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ösüş-özgerişliklere, şanly günlere beslenip geçdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Täze — 2021-nji ýyl uly şatlyk-şowhun, agzybirlik, joşgun bilen ýokary derejede garşy alyndy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagynda şeýle bellenýär: «Täze ýylymyz il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris». 2020-nji ýyl ýurdumyz üçin şanly taryhy seneleriň, halkara derejesinde uly at-abraýyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, iri tutumly maksatlaryň, beýik sepgitleriň ýyly boldy. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly kabul edilen Kararnama ýurdumyzyň belent halkara abraýyny görkezdi. BMG-ä agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama Gahryman Arkadagymyzyň Bita

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry

2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyz üçin taryhy ähmiýetli ýyl boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Arkalydyr, goldawlydyr daýhanlar

Täze ýylyň ilkinji, ak gara bürenen günleri!«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly!Arkadag Prezidentimiziň döwranly eýýamy, taryhy zamanasy!Uly maksatlarymyz, giň gerimli tutumlarymyz bilen Täze ýyla gadam basdyk. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň ilkinji duşenbesi. Iş stolumda ýurdumyzyň ösüşini dabaralandyrýan täze-täze makalalary ýazaýyn diýip, pikire çümüp otyryn. Milli Liderimiziň halkymyz üçin amala aşyrýan beýik işleri göz öňümde birin-birin janlanýar...

Ýurdumyzyň taryhynda müdimi galjak ýyl

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2020-nji ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.