HABARLAR

Bitaraplyk — parahatçylyk we dostluk ýörelgämiz

Hemişelik Bitaraplygymyz parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biz ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza aýratyn häsiýet berýäris. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň halkymyz üçin diňe bir ähmiýetli sene bolman, eýsem, ol, hakykatdan-da, ykbal çözüji pursada we Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynyň okgunly ösüşiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetli erke daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär.

Bagtyýar çagalygyň waspy («Merdana nesil — 2024»)

7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat, Aşgabat hem-de Arkadag şäher tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän körpe nesiller gatnaşdylar. Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Onuň birinji şertinde eziz Watanymyza, merdana halkymyza bolan söýgi, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, asylly ýol-ýörelgelerine belent sarpa, bagtyýar döwrümize bolan buýsanç çeper sözüň üsti bilen beýan edildi. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa aýdym-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan uly ösüşler, dost-doganlyk, bagtyýar çagalyk belentden wasp edildi.

Hoşniýetli ýörelgeleri dabaralandyryp

Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün edýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, bu ugurda halkara resminamalara goşulyşmaga we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. ürkmenistan ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe sürmek bilen, şunda parlament diplomatiýasyna möhüm gural hökmünde garaýar. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly diplomatiýanyň bu görnüşini işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklar kanun çykaryjylyk we parlament işlerinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda, halkara guramalaryň, Ýe

Türkmenistanyň bitaraplygy

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu ta­ry­hy çöz­güt di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň dost­luk we pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha bol­man, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze, mö­hüm tap­gy­ry­na ga­dam ba­san­dy­gy­ny gör­kez­di. Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da dur­nuk­ly­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, di­ňe bir se­bit­de däl, tu­tuş dün­ýä­de hem pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň nus­ga­sy­na öw­rül­di.

Il­deş­le­ri­mi­ziň baý­ram­çy­lyk gut­lag­la­ry

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ýa­şu­ly ne­sliň wekili:

Mu­kad­des gym­mat­lyk­

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we pe­der ýo­lu­ny üs­tün­lik­li do­wam ed­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de be­lent mer­te­bä eýe bol­ýar we dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan özü­niň bu hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe­rip, se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­li ösü­şi üp­jün et­mek ug­run­da tä­ze baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär we uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär. Dün­ýä äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýän ýur­du­myz halk­la­ry bir­leş­dir­mä­ge, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýär. Çün­ki ta­gal­la­laryň bir­leş­di­ri­len we ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ri­len ýe­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň bol­jak­dy­gy hem-de ösüş­le­ri

Parahatçylygyň berk binýady

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny öza­ra hor­mat goý­mak we deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­si­ne la­ýyk­lyk­da alyp bar­ýar. Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mak­sat­la­ry­na, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Bu ýö­rel­ge Türk­me­nis­ta­n dün­ýä halk­la­ry­ny ýa­kyn­laş­dyr­ýan, yla­laş­dy­ry­jy mer­kez, şeý­le hem iş­jeň sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let hök­mün­de Ýer ýü­zü­ne ta­nat­dy.

Dünýä nusgalyk ýol

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.

Bitaraplyk

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 1995-­nji ýy­lyň 12­-nji de­kab­ry türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Bi­ziň ýur­du­myz tu­tuş dün­ýä­de yla­laş­dy­ry­jy mer­kez­le­riň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­di. Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan özü­niň oňyn Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­na he­mi­şe yg­rar­ly bo­lup gal­ýar. Biz özü­mi­ziň bü­tün dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy hem-­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len be­ýik iş­le­ri­mi­zi gy­şar­nyk­syz dur­mu­şa ge­çi­re­ris.

Bitaraplyk — milli ýörelgämiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan däp bolan medeni gatnaşyklary berkitmek arkaly, parahatçylygy, halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň islendik ýurdy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga uly mümkinçilikleri açýar. Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Daşary döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmegi, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy mejlisinde dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň ikinji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde at-abraýynyň ýokarydygyny, parahatçylygy ýaýbaňlandyrmak ugrundaky tagallalarynyň dünýä ýüzünde goldanylýandygyny görkezý