HABARLAR

Dost-doganlygyň Diýary

2021-nji ýylyň eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçlygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, şol sanda oňyn bitaraplyk syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň, dünýä ýüzünde giň goldawa eýediginiň aýdyň subutnamalarydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk hukuk derejämizden gözbaş alýan umumadamzat ähmiýetli işler has-da rowaçlyklara beslenip, dünýäde parahatçylygy, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda anyk ädimler ädildi, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki syýasy guramalar, dünýä döwletleri bilen ýurdumyzyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklar öňküdenem berkedi. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegiň, howpsuzlygy gazanmagyň ygtybarly usuly hökmünde öňe çykyp, ýurdumyz halkara derejesindäki belent ynamyň eýesi boldy.

Beýik işleriň gözbaşynda

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylym-tehnika, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ugurlar boýunça wajyp taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan esasy halkara we sebitleýin hem-de köp döwletler bilen özara gyzyklanma bildirýän giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu syýasatyň üstünlige getirmegi, esasan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Resminama bilen Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

«Dagdanly taýmaz...»

Dünýä halklarynyň medeniýetinde şowlulyk getirýän, daşarky ýaramaz täsirlerden goraýan dürli hili şekilleriň, esbaplaryň asylyp goýulýandygyny bilýänsiňiz. Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda bir rowaýat bar. «Öňem bir adamyň gözi degýän ekeni. Nazary düşen, mähri giden zatlary derrew bir kemçilik ýa dert tapynýan ekeni. Bu ýagdaýy onuň obadaşlary-da, özi hem bilýän ekeni. Ol öz bolşundan müýnürgäp, töweregindäkilere: «Meniň gözüm degegen-dä» diýýärmişin. Şol adamyň bir gezek owadan kejebeli, daýaw düýäniň ýoldan gelýändigine gözi düşýär. Seretmäýin diýse-de bolmandyr. Gyzyl-ýaşyl öwüşgin atýan kejebä, düýäniň daýawlygyna ol aňkarylyp galypdyr. Ýanyndaky adamlar hem bu ýagdaýy synlap, indi näme bolarka diýip, geň galyp seredişipdirler. Kejebeli düýe onuň nazary düşenden, entirekläp, bir silkinen ýaly edipdir-de, ýene öňki kaddyna gelipdir. Seredip görseler, düýäniň owsarynyň ýanynda kiçijik dagdan agajy barmyşyn». Şondan hem «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýen nakyl döräpdir.

Parahatçylyk we ynanyşmak bilen dünýä röwşen geljegine barýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan berkarar döwletimizde ösüşler ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň soňky döwürde her bir ýylyň onuň häsiýetli aýratynlygyna kybap gelýän çuňňur manyly şygar astynda geçmegini däbe öwürmeginiň mähriban halkymyzy şol batly gadamlara ruhy taýdan galkyndyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny durmuş hakykaty aýdyň görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň depgini has-da artdy. Şonuň üçin hem, döwlet Baştutanymyz her bir ýylyň onda durmuşa geçirilmeli işleriň many-mazmunyny özünde şöhlelendirýän şygar astynda uly üstünliklere beslenmegini ýola goýdy. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginli ösmegine ýardam edendigi şübhesizdir. Milli Liderimiziň her ýyly çuňňur manyly şygar bilen atlandyrmagy halkymyzy maksadaokgunly, uly ruhubelentlik bilen döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýändir diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Bilermenler toparyna Natalýa Tamirisa ýolbaşçylyk etdi.

Ýylyň şygary — döwrüň çyragy

Milli Liderimiziň döwletli başlangyjy bilen 2021-nji ýyla «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen nurana at, belent şygar berildi. Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä syýasatynyň baş ýörelgesi hökmünde öňe sürmek tutuş adamzadyň abadançylygy üçin iň zerur ýoluň nämedigini anyk kesgitläp bilmekdir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen jümlede uly many bar. Ol parahatçylyk, ynanyşmak ýaly düşünjeleriň kök uran, ýaýran asyl mekanynyň şu toprakdygyny tekrarlaýar. Muňa bolsa şanly taryhymyz şaýatlyk edýär. Şu ýylyň şygarynyň milli Liderimiziň öňe sürýän halkara ähmiýetli başlangyçlary bilen utgaşýandygy aýratyn bellärliklidir.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy.