Wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilmelidir
Abadan ýurdumyzy bedew batly ösüşleriň rowaç menzillerinde okgunly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we amala aşyrylan işlere baha berlip, şu ýyl üçin berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şundan ugur alnyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Onda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahaty welaýatyň häkimi T. Atahallyýew açyp, milli Liderimiziň döwletimizi gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar geljegi, eşretli durmuşy, abadançylygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary, durmuşa geçirýän işleri, öňde goýan möhüm wezipeleri dogrusynda aýdyp, welaýatymyzy ähli ulgamlar boýunça ösdürmegiň, halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini has-da güýçlendirmegiň meseleleri barada giňişleýin durup geçdi. Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerini, şäherçelerini, obalaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan iş