HABARLAR

Ösüşiň hem abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ynsanperwerlik ýörelgesi döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ynsanperwerlik gatnaşyklaryna esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilmegi sebitiň we dünýäniň halklaryny bir-birine barha ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar. Döwletimiz halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar, dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. ªolaryň arasynda ylym-bilim, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, energetika, ulag-kommunikasiýa, ekologiýa, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary uly orun tutýar. Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de eziz Watanymyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň taryhynda uly ähmiýetli wakalardyr.

Buýan

Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Buýan — kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60-80 (100) santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl. Ýapragy ýelek şekilli, uzynlygy 5-20 santimetr. Onda 3-10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýri ýumurtga görnüşli ýapraklar ýerleşýär. Olaryň ýüzüne edil ýelim çalnan ýalydyr.

Bular «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda boldy 2020-nji ýylda welaýatymyzda bolup geçen wakalar, ulanyşa berlen desgalar

Maý 5-nji maýda welaýatymyzda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de beýlekileriň gatnaşmaklarynda geçirilen mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu meseleler boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenilip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Dagdan belent arkamsyň sen Watanym!

Watan — bu seniň göbek ganyň daman ýeriň, ulalyp kemala gelen mukaddes ojagyň, oýun oýnan ýaýlalaryň, miwesini iýen baglaryň, bilim alan mekanyň. Watana bolan söýgi kalplaryň töründe müdimilik ýaşaýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow bu Watany, bu topragy on iki süňňüne deňeýär: «Nirä gitsem, meniň bilen bolduň sen,Sen, seretsem onki süňňüm ekeniň.Çalyşman daş ýurduň gülleri bilenAýakda yz goýan seniň tikeniň».

Türkmenistanyň daşary syýasaty we baky Bitaraplyk

Ýurdumyzyň hem dünýäniň syýasy, ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni durmuşynda möhüm yz goýan, şeýle-de döwlet berkararlygynyň berkemegi, ykdysady durnuklylygyň gazanylmagy hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ösmegi üçin ählumumylaşmagyň üýtgewsiz şert bolup durýandygyny subut eden 2020-nji ýyl taryha altyn harplar bilen ýazylar. Bu gün uly arzuw, üýtgewsiz umyt bilen garşylanan Täze, 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri. Bu gün Türkmenistan we onuň agzybir halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda indiki maksatlara, ýeneki sepgitlere, şöhratly ýeňişlere ýetmek üçin uly umyt bilen Täze ýylyň nurana gününe oýandy. 2020-nji ýyl ählumumy kynçylyklaryna, dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, Türkmenistan üçin ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ata Watanymyz baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden belläp, halkara çäreleriň ençemesini geçirdi we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň rowaçlanmagy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň beýik münberinden ençeme başlangyçlary öňe sürdi.

Döwletli döwranymyz

Agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyz çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri bolsa, milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tamamlanan, 2020-nji ýylda ýetilen sepgitler ata Watanymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejesinde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk etdi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen bu halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna baý many-mazmunly, örän ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi tamamlanan ýylyň täze taryhymyzy has-da şöhratlandyran wakalaryna öwrüldi. Sözüň doly manysynda bellesek, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasy hökmünde taryha girdi.

Täze ýylyň şatlygy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly welaýatymyzda aýratyn uly ruhubelentlik we joşgun bilen garşylandy. Täze ýylyň ilkinji gününiň baýramçylyk ruhy ýylyň şygaryndan göwni galkynan bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzündäki şatlygyndan we begenç alamatlaryndan göründi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde welaýatymyzda egsilmez joşguna utgaşan dabaralar geçirildi. Şolaryň esasylarynyň biri-de welaýat häkimliginiň golaýyndaky Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ajaýyp ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy.

Beýik üstünliklere ruhlandyrdy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyz gözümiziň alnynda ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarda gazanýan ägirt uly üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Diýarymyzyň şeýle ösüş-özgertmelerine tamamlanan, 2020-nji ýylyň dowamynda turuwbaşdan şaýat bolduk. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçirilen ýylda dürli çärelere, aýdym-sazly dabaralara, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere, duşuşyklardyr maslahatlara gatnaşdyk. Bu zatlar bize Täze, 2021-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basmaga hyjuw berdi. Garşylanan ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy kalbymyzy has-da joşa getirip, toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Bu ajaýyp şygar ulus-ilimizi Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has-da berk jebisleşip, netijeli zähmet çekmäge, döretmäge we gurmaga ruhlandyrdy. Ata Watanymyzda parahatçylyk, asudalyk, abadanlyk höküm sürýär. Döwrebap şertlerde zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertler üpjün edilýär. Şeýle bolansoň, halkymyz durmuş eşretleriniň hözirini görüp bagtyýarlykda ýaşaýar. Bu ajaýyp mümkinçiliklerdir şer

Pähim-paýhasyň çeşmesi

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr. Ynsany gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllaryň hem-de parasatly sözleriň, döredijilik taýdan ussatlyk bilen ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň taryhy maglumatlara esaslanýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny aýdýar.

Berekede beslenen ýyl

Kerwen gurap gelýän ýyllar döwleti bilen gelýär. Tamamlanan 2020-nji ýylymyz — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly sahawata, rysgal-berekede, toýdur baýramlara, şanly wakalara beslendi. 2020-nji ýyl ata Watanymyzyň taryhyna, ýurduň ýylýazgysyna şanly wakalar bilen ýazyldy. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik tutumly işler amal edildi. Asudalygyň, parahatçylygyň, baky Bitaraplygyň ýörelgesine eýerýän eziz Diýarymyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşdy. Dünýäde iki gezek ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy toýlandy. Ähli pudaklarda uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýän ýurt hökmünde dünýä äşgär edildi. Ýurdy ösdürmekde kabul edilen maksatnamalar abraý bilen berjaý edilýär. Merdana halkymyza şanly wakalary getiren geçen ýylymyz şatlykly, rysgal-bereketli, iň bir düşümli, ýatda galyjy ýyllaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda amal edilen beýik işler buýsanç bilen bellärliklidir. Mähriban Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmakda maksada okgunly beýik işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmek