HABARLAR

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyz ajaýyp wakalara, beýik işlere beslenýär. Ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzyň ösmeginiň, halkymyzyň rahat, asuda ýaşamagynyň sakasynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, öňdengörüjilikli, oýlanyşykly işleri durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty goňşy halklar we dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara giň ýol açýar. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi bu günki gün dünýä ýaýylýar. Şunda baky Bitaraplygymyzyň hem mynasyp ornunyň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Çünki baky Bitaraplyk türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň dünýä ýaýylmasydyr. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özar

Hoşniýetli ýörelgeleriň nusgasy

Parahatçylygy ýörelge edinip, dünýä asudalyk nuruny çaýýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha belende galmagy her bir ildeşimizi buýsanja besleýär, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Parahatçylykly syýasaty öňe sürýän Türkmenistanyň sebitde möhüm üstaşyr-ulag geçiriji hökmündäki derejesini berkidýändigini Gahryman Arkadagymyz ýygy-ýygydan belleýär. Bu çuňňur many-mazmunly, parasatly ýörelge ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär we dünýä ýaýýar. Çünki Diýarymyz dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli, oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrunda hem tagalla edýär. Hormatly Prezidentimiz ösüş we parahatçylyk düşünjeleriniň aýrylmaz baglanyşyklydygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şu iki gudrata daýanyp belent sepgitleri eýeleýändigini paýhasly belleýär.

Dostana gatnaşyklar — parahatçylygyň aýdyň beýany

Dost-doganlygyň ýörelgesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler halk we umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşy üpjün edilýär. Halkymyzyň parahat durmuşy bolsa parahatçylykda, agzybirlikde jemlenendir. Çünki parahatçylyk, agzybirlik, dostluk bahasyz gymmatlykdyr. Munuň özi bagtly durmuşyň gözbaşydyr. Parahatçylyga sarpa goýýan, agzybirligi ýörelge edinen halk hemişe belent üstünliklere eýe bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizi dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän parasatly başlangyçlary bütin dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkmenistan diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyna, parahatçylygy, agzybirligi, dostlugy ähli zatdan belentde goýýandygyna şaýatlyk edýär. Dünýäde parahatçylyk taglymatyny barha rowaçlandyrmak esasy maksat bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Tü

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň ýoly

Taryhda ýatdan çykmajak seneler bolýar, olar halkyň hakydasyna ykbal özgerdiji sene hökmünde müdimilik ýazylýar. Ynha, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň taryhyna baky ýazyldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýär. Munuň özi beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde syýasy hem-de hukuk taýdan pugta binýat bolup hyzmat edýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň, adamzadyň parahat durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmeginiň hatyrasyna gönükdirilen işinde möhüm ähmiýete eýedir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny görkezdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy möhüm gymmatlyga öwrüldi.

Hemişelik Bitaraplyk — gymmatly taglymat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz Türkmenistan Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şahyryň: Ösüşleriň bedew bady bagta sary rowandyr,  Bitaraplyk ýörelgämiz dowamata dowamdyr —

Parahatçylyk we ynanyşmak: ählumumy ösüşiň gözbaşy

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň bütin dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we özara düşünişmegi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjiligi netijesinde öňe sürüp, ähli halklar üçin parahatçylygy goldamaga we ynanyşmagy berkitmäge çagyryş bolup dünýä dolan bu başlangyjy halkara bileleşigi tarapyndan bütin dünýäde tüýs ýürekden makullanylýar hem-de uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň bu babatda öňe sürýän her bir maksatnamasy, netijeli alyp barýan daşary syýasat işi bütin dünýäde ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi umumadamzadyň üns merkezinde duran halkara meseleleri ulgamlaýyn esasda doly we netijeli çözmegiň, öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmegiň möhüm guralydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň hem özboluşly manysy bar. Onuň düýp özeni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň 106-njy umumy mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa Gahry

Parahatçylygyň baş sütüni

1995-nji ýylda dünýä diplomatiýasy derejesinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasy ýaş Türkmenistan döwleti üçin sebit howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmekde möhüm resminama boldy. Döwletimiziň Bitaraplyk taglymatynyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti paýhasyndan kemala gelýän başlangyçlar bu gün goňşy döwletler bilen parahatçylykly ýaşamagy goldamak, dost-doganlyk gatnaşygyny berkitmek ýörelgelerinde netijeli amala aşyrylýar. Bu babatda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly döwletimiz üçin aýratyn ähmiýetli ýyllaryň biri boldy.

Parahatçylygyň belent nusgasy

Garaşsyz Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde ykrar edildi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň gerimini barha giňeldýär. Hemişelik Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, dabaralandyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň baş mukaddeslikleriniň biridir. Çünki diňe parahatçylygyň bar ýerinde beýik ösüşleri, bagtyýar durmuşy gazanyp bolýar. Aslynda, parahatçylyk adamzadyň iň uly gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Parahatçylyk dörediji ýurt bolan baky Bitarap Türkmenistan bolsa adamzadyň bu gymmatlygynyň mizemez ýol-ýörelgelerini döredip, dünýä halklarynyň arasynda dostluk-doganlygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň berkemegine we ösmegine deňsiz-taýsyz goşant goşýar. Türkmenistan halklaryň ösüşini nazarlaýan başlangyçlary yzygider beýan edýär. Munuň özi hem ýurdumyzyň dünýäde belent abraýa eýedigini, beýik işleri durmuşa geçirýändigini aýdyň beýan edýär.

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

8. Ösüş arkaly parahatçylyk Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň milli ýoluny ýöredýändigimizi, bu ýoluň adamzat üçin juda ähmiýetli ýoldugyny öz işlerimiz bilen subut edýändigimizi nygtaýar. Elbetde, bu ýol Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.