HABARLAR

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyna

Milli buýsanjymyzyň senesi Bütin dünýä döwletleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzy hemişelik Bitarap döwlet diýip ykrar eden gününden bäri 26 ýyla golaý wagt geçdi. Ajap eýýamymyzda Arkadag Prezidentimiziň baky Bitaraplygymyza daýanyp alyp barýan parasatly daşary syýasaty parahat, asuda we abadan durmuşymyzyň kepilidir. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy barada gürrüň açylanda bu şanly senäni buýsançly ýatlamalydyrys.

Parahatçylygyň aýdyň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz dünýäde belent abraýly döwletleriň biridir. Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Baky Bitarap Diýarymyz öz saýlap alan daşary syýasaty bilen bedew batly öňe barýar. Dünýä parahatçylyk nuruny bolluk bilen eçilýän Türkmenistanyň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti barha ýokarlanýar. Ýurdumyz bu ugurlara gönükdirilen hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Adamzadyň parahat, asuda durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna örän işeňňir gatnaşýar. Şeýle hem özygtyýarly Bitarap döwlet hökmünde sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Merkezi Aziýa sebitinde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ösdürmek babatda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklarynyň, medeni-

Watan rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen eziz Diýarymyz dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwrüldi. Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ýurdumyzda mähriban halkymyzyň asuda, parahat we eşretli durmuşda ýaşamagy munuň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda pederlerimiziň sapaly durmuş, berkarar döwlet baradaky arzuw-umytlary hasyl boldy. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, özgerişlikler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri halkyň, her bir adamyň bagty, göz-guwanjy bolup, ajaýyp döwrümiziň özenini emele getirýär. Bu beýik düşünjeler Watanymyzyň at-abraýyny Arşa göterýär.

Hoşniýetli ýörelge

Türkmen halkynyň goňşular bilen gatnaşygynda gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly däp-dessurlarymyza siňip giden tejribesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ruhy esaslary bolup durýar. Türkmen halky dünýäde medeni taýdan hoşniýetli, dostana häsiýeti bilen asyrlarboýy uly abraýa eýe bolan halk hökmünde tanalyp gelýär. Şonuň üçin ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň öňden gelýän milli ýörelgeleriniň mynasyp ösdürilmegidir. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri giň gerime eýe bolýar.

Ulag-üstaşyr ulgamyndaky üstünlikler

Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk taglymaty ata Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki abraý mertebesini has hem belende göterdi. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesinden ugur alýan Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň abraýly guramalary we döwletleri bilen ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Ata Watanymyz dünýädäki parahatçylyga, durnuklylyga gönükdirilen oňyn hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirmek bilen, halkara derejede uly abraýa eýe boldy. Dünýä halklarynyň abadançylygyny ösüş, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly berkitmäge gönükdirilen syýasatyň türkmen nusgasy dünýä jemgyýetçiliginde görlüp-eşidilmedik waka öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz halkara jemgyýetçiligiň giň seslenmesine eýe bolan syýasy, durmuş-ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli möhüm ählumumy meseleler boýunça birnäçe wajyp halkara başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde halkara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge degişli meseleleriň giň toplumyny kesgitledi. Şolaryň hatarynda ulag-aragatnaşyk, energetika, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we b

Hoşniýetlilik we ynanyşmak — milli ýörelgämiz

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetliligi, dostanalygy ýaly milli ýörelgesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň esaslary bolup durýar. Halkymyz hemişe parahatçylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Sebitde, dünýäde parahatçylygyň merkeziniň gerekdigi baradaky pikirleri öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi başarýar. Dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyz taryhy, ykdysady we geografik taýdan uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyz dünýä ýüzünde geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşip, söwda-ykdysady gatnaşyklarda möhüm orun tutýar. Şonuň ýaly-da, türkmen halky dünýäde hoşniýetli, dostana häsiýeti bilen asyrlarboýy uly abraýa eýe bolan halk hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň giň gerime eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir.

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Garaşsyz Watanymyz bütin dünýäde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez, Bitarap döwlet hökmünde giňden meşhurdyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen, köptaraplaýyn halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Ony döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürmek ugrundaky tagallalaryň gerimini barha giňeldýär. Baky bagta eýe bolan türkmen halky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýýar. Parahatçylyk ýoly türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň naýbaşysy. Mukaddes Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Ynsanperwerlik, adalatlylyk, parasatlylyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna belent sarpa goýmak, ygrarlylyk ýörelgeleri halkymyzyň aňyýetine, häsiýetine mahsus ýörelgelerdir. Paýhasly pederlerimiziň bu adalatly ýörelgeleri bu günki günde döwlet syýasatymyzda öz hakyky manysyna eýe bolýar. Hemişelik Bitaraplyk rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylykdyr. Parahatçylyk bolsa, ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Buýsanjymyz — Bitaraplyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde her bir günümiz şanly wakalara, ösüş-özgerişlere beslenýär. Elbetde, ähli ýetilýän belent sepgitleriň özeninde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine eýerýän daşary syýasatynyň aýratyn orny bar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Bitaraplyk halkymyzyň ýagty, röwşen geljeginiň özenidir. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana döwrüň, taryhyň islendik wagtynda hem uly hormat-sarpa goýulandygyny alamatlandyryp, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylyk dörediji merkezdigini tassyklaýar.

Parahatçylyk — ösüşiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda Türkmenistan iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Birleşen Milletler Guramasy halkara hyzmatdaşlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar.  Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň beýik münberinden öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary sebit we dünýä syýasatynyň möhüm ugurlaryny kesgitläp, halkara jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplygyň ähmiýeti, onuň gadyr-gymmaty hakynda her bir çykyşynda yzygiderli nygtaýar. Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgelere daýanýan eziz Diýarymyz dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen deňhukukly, bir-birege ynanyşmak, sarpa goýmak ýaly asylly gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri amala aşyrýar. Bu bolsa Türkmenistana halkara gatnaşyklarynda syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlary pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Bitaraplyk — buýsanjymyz

Halkymyzyň ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolup, erkin ösüş ýoluna düşenimizden soň, has kämilleşip, bitewi taglymata öwrüldi. Ol döwletimiziň daşary syýasatynda ugur alynýan esasy çelgidir. Hormatly Prezidentimiz: «Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty, amala aşyrýan oňyn özgertmeleri netijesinde Garaşsyz Türkmenistan Ýer ýüzünde hemişelik Bitarap döwlet hökmünde doly ykrar edildi we dünýä jemgyýetçiligi döwletimiziň bu halkara hukuk derejesine hormat goýýar. Birleşen Milletler Guramasynyň türkmen Bitaraplygyny iki gezek resmi taýdan ykrar etmegi halkymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň müdimiliginden habar berýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bize halkara ähmiýetli işlere ähli jogapkärçiligi duýmak arkaly gatnaşmaga, öz pikiriňi aýtmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen dünýäniň ählumumy ykdysady ösüşine sazlaşykly goşuldy. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýä