HABARLAR

Hemişelik Bitaraplyk — baky berkararlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleri netijesinde barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna işjeň taýýarlyk görülýän günlerde bu barada söhbet etmek has ýakymly. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasaty sebitleýin howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek ýaly halkara bileleşigi tarapyndan ileri tutulýan meselede öz netijeli ornuny görkezýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ähli döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ýola goýmak, söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy amala aşyrmak babatda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyz sebitleýin we ählumumy geosyýasy ýagdaýlaryň täze ugurlaryna we oňyn ösüşlerine eýe bolýar. Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda diplomatik aragatnaşyklary berkitmek bilen, halkara hem-de döwletara derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň, gepleşikleriň, forumlaryň, maslahatlaryň we beýleki dabaraly çäreleriň geçirilýän dostlukly merkezine öwrüldi. Döwletimizde halkymyzyň pähim-paýhasyndan, köpasyrlyk däp-dessurlaryndan gözbaş alýan milli tejribäniň esasynda hemişelik, oňyn Bitaraplyk syýasaty saýlanyp alyndy, şol syýasatyň parahatçylyk, beýleki döwletleriň i

Äleme ýaň salan waka

Şan-şöhratly Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara, buýsançly senelere, toý-dabaralara beslenip gelýär. Baýramlaryň seresi, bagtymyzyň çyragy, göwnümiziň küýsegi Halkara Bitaraplyk gününiň baýramy hem dünýä ýaýylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň binasynyň öňünde baýdaklar içinde saýlanyp, pasyrdap duran ýaşyl Baýdagymyz bagtymyzyň buşlukçysydyr, parahatçylygyň, Bitaraplygyň güwäsidir. Garaşsyz Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine sary alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň saýasynda medeniýet ulgamynda-da uly işler alnyp barylýar. Halkara derejesinde geçirilýän forumlaryna, aýdym-saz, teatr festiwallaryna, sergilere, dünýäniň çar künjeginde guralýan medeni saparlara medeniýet işgärleriniň gatnaşmagy olaryň döredijiliginiň has-da kämilleşmegine getirýär. Döwletli Diýarymyzda tutulýan toý-dabaralarda bolup, halkymyzyň nurana ýüzlerindäki mähir-muhabbeti, gözlerindäki şatlyk uçgunlaryny görmek biz — medeniýet işgärleri üçin uly bagt.

Asyrlara barabar işler

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin¬dünýäde ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk¬söýüjilikli ýörelgelere esaslanan¬daşary syýasat ugrunyň uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň BMG-niň baş münberinden hem-de beýleki halkara guramalarynyň dünýä derejesindäki halkara maslahatlarydyr forumlarynda öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmek üçin Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy ählumumy parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has-da artdyrdy. Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegi, energetika, ekologiýa, suw, ulag ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň berkarar bolmagy, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlar dünýäde parahatçylygyň, ykdysady hem-de durnukly ösüşiň abadanlygyna gönükdirilendir.

Bitaraplyk — abadançylygyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ylalaşdyryjy, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkidiji, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürýän merkeze we halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ak mermerli paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hormatly Prezidentimiziň abadançylygyň we durnukly ösüşiň esasy bolan ynsanperwerlikli syýasatynyň dabaralanmasydyr. Türkmenistan dünýäde döreýän ähli meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär».

Parahatçylygyň şuglasy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şan-şöhraty, ata-baba ýörelgelerimizden gözbaş alýan hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklarymyz, syýasy, ykdysady ösüşlerimiz barada söhbet açýan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitaby halkymyzyň röwşen geljegine bolan ynamynyň ykrarnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz parahatçylygyň ýurdudyr. Türkmen halkynyň kalbynda parahatçylyk owazy bar» diýmek bilen, döwletimiziň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýol-ýörelgesiniň esasy maksadynyň parahatçylykdygyny nygtaýar. Konstitusion gurluşy boýunça Türkmenistan dünýäde hiç bir harby bileleşiklere, şeýle-de hiç bir ýurduň içerki meselelerine goşulmaýar. Özüniň hemişelik Bitaraplygynyň oňyn häsiýetinden gelip çykýan tertipde döwletimiz sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasynda diňe parahatçylykly, dost-doganlykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Ýüze çykýan islendik bir meseläniň gepleşikleri geçirmek arkaly parahatçylykly çözülmeginiň tarapdary bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz halkymyzda ata-baba ýol-ýörelge bolup gelýän töwellaçylyk däbini ýatlap: «Halkymyzyň töwellaçylyk däbiniň hem ýiti pähimlilige esaslanýandygynyň asylky manysy söze bolan garaýyş bilen aýrylmaz baglanyşyk

Goşa ganatymyz

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasy doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu döwletli ýörelge ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda kabul eden Kararnamalary bilen, bu gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda resmi taýdan ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly ajaýyp kitabynda Bitaraplyk ýörelgämiziň oňynlyk häsiýeti barada gürrüň açyp: «Biz bu ugry, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden, şunuň bilen bilelikde, biz bu ugry mähriban dost-doganlarymyzyň — dünýäniň halklarynyň bähbitlerinden, halklar arasynda päk ýürekli gatnaşyklary ösdürmäge hem berkitmäge, adamzada diňe ýagşylyk eçilmäge bolan isleglerimizden ugur alyp saýladyk» diýip belleýär.

Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalary, dünýä ähmiýetli başlangyçlary ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzyň dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan ýurtlaryň birine öwrülmegi üçin beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bütin ynsanyýetiň rowaç ýaşaýşyny üpjün etmegiň hatyrasyna işläp düzen hem-de müňýyllygyň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumadamzat bähbitli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge goşýan saldamly goşantlary çuňňur many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda alnyp barylýan syýasat Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebitleýin we ählumumy ähmiýetli energetika, ulag ulgamlaryndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýle buýsandyryjy wakalardan görnüşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

ASYRYŇ ÝAŇY 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan ýaş türkmen döwletiniň ykbalynda täze taryhy sahypany açdy. Hemişelik Bitaraplyk parahatçylyga, agzybirlige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň üsti bilen halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösmegine uly itergi berdi. Türkmeniň Bitaraplyk taglymatynyň esasynda amala aşyrylýan şeýle tutumlar dünýäniň ünsüni çekdi. Şoňa laýyklykda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda adybir Rezolýusiýa gaýtadan kabul edildi.

Bitaraplyk — parahatçylyk we hoşniýetlilik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda uly ösüşler, belent üstünlikler gazanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda ýurdumyzyň gadymy taryhyndan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri döwrebap ösdürilýär we dünýä ýaýylýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy parahatçylyk söýüjilik ýörelgämizi dünýä ýaýmakda esasy guraldyr. Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk — bu biziň dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge we ynanyşmaga oňyn täsir edýär» diýip belleýär.

Giň goldaw tapýan başlangyçlar

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata Watanymyz üçin baky bagtyň buşlukçysy boldy. Özi hem belli bir wagt bilen çäklendirilmedik, hemişelik bagt. Tutuş dünýäde parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek, gorap saklamak, has-da pugtalandyrmak ýaly belent maksatlar bilen döredilen, BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berlen ilkinji we ýeke-täk döwlet bolan Türkmenistanyň iki gezek ykrar edilen bu halkara üstünligi dünýä taryhynda möhüm ähmiýetli syýasy waka boldy. Baky Bitaraplyk halkymyzyň milli ýörelgelerinde bar bolan parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik häsiýetleriniň esasynda dörän gudratdyr, keramatdyr.