HABARLAR

Bitaraplyk — baky abadançylyk

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy türkmen diplomatiýasynyň gazanan ajaýyp üstünligidir. Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli Bitaraplyga daýanýan ynsanperwerlik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barmagy bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterilýär. Bitaraplyk munuň özi parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň özenidir. Parahatçylygy döwletimiziň esasy ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiz asudalygyň, dost-doganlygyň döwleti ösdürmekde esasy şert bolup durýandygyny ajaýyp kitaplarynda giňişleýin belläp geçýär. Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr», «Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy hereketlendirijisi boldy», «Türkmen Bitaraplygy Ýer ýüzündäki ýurtlaryň her bir ýaşaýjysyna parahatçylyk we bagt getirýär» diýip, bellemegi hem bu aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.

Parahatçylygyň mizemez daýanjy

Baky bagtyň şuglasy

Eziz Diýarymyzda mähriban halkymyz bagtyýarlykda, asudalykda, bolelin durmuşda ýaşaýar, gurýar, döredýär, zähmet çekýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak bagty türkmen halkynyň buýsanjyny belende göterýär. Ine, ýene sanlyja günden mähriban halkymyz baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny giňden toýlar. Oňa häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyz agzybirlikde, jebislikde, ýokary derejede taýýarlyk görýär. Eziz Watanymyza bolan söýgini, onuň ägirt uly gazananlaryna bolan buýsanjy alamatlandyrýan bu şanly baýram ata-babalarymyzyň arzuwlarynyň wysalydyr. Bu baýram şöhratly pederlerimiziň paýhasly durmuş ýörelgelerini, özboluşly milli däp-dessurlaryny, beýik ynsanperwer häsiýetlerini bize peşgeş eden gymmatlykdyr.

Parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýan taglymat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilen eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmeginde, Ýer ýüzünde belent ykrarnama eýe bolmagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň örän uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur». Hawa, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege özara hormat goýmak arkaly pugtalandyrylýan hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynda elmydama esasy orunda goýan ýörelgeleridir. Şol esasdan, halkymyzyň özbaşdak döwletli bolandan soň, oňyn bitaraplyk ýoluny saýlap almagyny parasatly ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesiniň dowamat--dowam bolmagy diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Şol esasdan, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň ykbalynda şöhratly sene hökmünde taryhyň gatlaryn

Bitaraplyk aýdymy

Ata Watan — göz guwanjym, dünýä meşhurdyr adyň,Öňe sary ümzügiň, egsilmez bedew badyň,Köpler oňlar ýörelgäňi, berkdendir binýadyň,Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym! Arkadagyň paýhasyndan artýar şöhraty-şany,Ynsanperwer başlangyçlaň köpdür hasaby, sany,Adyl, aýdyň ýörelgeler kalpda goýmaz armany,Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň ösüşlere, özgerişlere gönükdirilen parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy gün-günden belende galýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat bolsa häzirki wagtda parahatçylyk we ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezindäki şähere öwrüldi. Ýene-de sanlyja günlerden mähriban halkymyz eziz Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejede ykrar edilmeginiň 26 ýyllygyny ýokary derejede baýram eder. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak we abadançylyk ýörelgelerine daýanýar we BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Durnukly ösüşiň we dünýä jemgyýetçiliginiň asuda durmuşyna gönükdirilen möhüm teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär.

Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy barha beýgelýär. Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň, halkyň bähbidi üçin amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň, dünýä döwletleri bilen uzak möhletli gatnaşyklara, hyzmatdaşlyga gönükdirilen taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz daşary syýasatda belent derejelere ýetdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halky üçin ýatdan çykmajak şanly waka bolup geçdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Rezolýusiýa esasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň makullamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde alyp barýan syýasatynyň deňhukukly hoşniýetli parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen ugruny kesgitledi. Hemişelik Bitaraplyk ýoluny saýlap alan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň hem

Parahatçylyk — ösüşlere aýdyň ýol

Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty da­ba­ra­lan­ýar

Diýarymyz Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap dünýäniň ähli döwletleri hem-de şol sanda iri halkara guramalary bilen diňe bir özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, şol hyzmatdaşlygyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde peýdaly we oňaýly gatnaşyklardan ybarat bolmagy ugrundaky tagallalary edýär. Milli Liderimiziň: «Biz hemişe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzy pugta, yzygiderli dowam ederis. Adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer ýörelgelerini dowam etdirmek hem-de dabaralandyrmak parahatçylyga, özara düşünişmäge hem-de dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidir» diýen çuň many-mazmunly, parasatly sözleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär. Ýurdumyz häzirki wagtda daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bil

Eziz Diýarymyzda beýik işler rowaçlanýar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygy howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, durnuklylygy saklamakda we ählumumy ösüşde möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiziň açyklygy, ygtybarly hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak ugrundaky işjeňligi durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edilmeginiň esasynda durýar. Ösüş arkaly parahatçylyga hyzmat edýän bu wezipeler, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplygymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda “Bitarap Türkmenistan üçin parahatçylygyň we howpsuzlygyň esasynda durnuklylygy, ynanyşmagy hem-de halkara gatnaşyklarda aýanlygy üpjün etmek daşary syýasatyň iň ýokary ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýip belledi.