HABARLAR

Dünýäde dabaralanýan ýörelge

Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we tutuş dünýäde parahatçylygy gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmek ýaly maksatlary rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň dünýäde asudalygy, parahatçylygy, dostlugy we goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýeti bardyr. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, halkymyzyň beýik gymmatlygyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygynyň asyrlaryň jümmüşinden aşyp gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan, milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Bitaraplyk Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Ähli ugurda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýy, beýik ösüşleri munuň aýdyň mysalydyr.

Parahatçylyk söýüjilik taglymaty

Ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we ähmiýeti, halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ýokary baha mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi türkmen döwletiniň bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege ynanyşmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini görkezýär. Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly alyp barýan işleri tutuş adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Şonuň üçinem dünýä ähmiýetli bu işler giňden dabaralanýar.

Joşgunly ýaňlanan owazlar

Welaýat häkimliginiň welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Bitaraplyk — erkinligiň güwäsi, Arkadagly Serdar — dillerimiziň senasy» ady bilen geçiren aýdym-sazly dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenler dabara ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlap, baky Bitaraplygymyzyň many-mazmuny, ähmiýeti, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň paýhaslylyk bilen ýöredýän daşary syýasaty, hoşniýetli halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki beýik işleri dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. 

Abadançylygyň, durnukly ösüşiň kepili

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy hem möhüm ugurlarynyň biri-de Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr. Bu babatda bütin dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk derejesi ýurdumyza aýratyn hukuklary berýär we halkara ähmiýetli giň gerimli işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Änew şäherindäki “Bagt ýyldyzy” toý mekanynda “Bitaraplyk—baky bagtymyz” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlaryň uly topary gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler eşretli döwrümizde toýlarymyzyň toýa ulaşýandygy, Halkara Bitaraplyk gününiň hem naýbaşy baýramlarymyzyň biri hökmünde uludan bellenilip geçilýändigi barada aýdyp, bu baýramyň ähmiýeti dogrusynda söhbet açdylar.

Bitaraplygyň şanly toýy

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Dabaralar ähli toplumlarda geçirilip, olara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Sylaglananlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ykdysadyýet, ýangyç-energetika

«Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!»

Aksoltan ATAÝEWA,Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi.

Magtymguly Pyragynyň dünýäsi köňülleri birleşdirýär

Düýn ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hormatly Prezidentimiziň Permany we Karary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary üçin watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly raýatlaryň köp sanlysyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň, ýadygärlik nyşanlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Biz döwletimiziň sylag-serpaýyna mynasyp bolanlaryň käbirleriniň ýürek sözlerini ýazga geçirdiler. Orazgeldi HÜMMEDOW,Türkmenistanyň Mejlisiniň umumy bölüminiň terjime bölümçesiniň müdiri: