HABARLAR

Baýramçylyk dabaralary

Düýn — 12-nji dekabrda türkmenistanlylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 27 ýyllygyny uludan baýram etdi. Şol gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Abadançylygymyzyň binýady

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Hemişelik Bitaraplyk pähimdar pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak ýaly gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Türkmenistan gysga wagtyň içinde halkara giňişliginde özüni özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde tanatdy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barmak bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, halkara gatnaşyklarynda mynasyp orny eýeleýär.

Bitaraplyk — bagtymyz

Türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuny uludan toýlady. Bitaraplyk — türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başy hasaplanýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bimöçberdir. Hemişelik Bitaraplyk barada gürrüň açylanda, türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri göz öňüňde janlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, hoşniýetli gatnaşyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Dialog medeniýeti işjeň ilerledilýär

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata abraýly halkara we sebitara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, halkara bilermenler çagyryldy. Ýokary derejede geçirilen umumy mejlisiň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda we halkara guramalaryň, BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahata iberen wideoýüzlenmelerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de köptaraply häsiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, daşary ýurtlaryň wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçyl

Bitaraplyk — hoşniýetliligiň şuglasy

Parahatçylyk söýüjilik, doganlyk halklara, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat bilen garamak türkmen Bitaraplygynyň binýatlyk ölçegleriniň biri bolup, bu ýörelgeler daşary syýasatymyzda we diplomatiýamyzda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasy dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir hem-de ol BMG-niň maksatnamalaryna gabat gelýändigi, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny berkidýändigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz özüniň hoşniýetli, oňyn daşary syýasatynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistan bu günki gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, özüniň Esasy Kanunynda berkidilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny nusgalyk derejede goldaýar. Merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasaty doly ýola goýuldy. Bu syýasatyň many-mazmuny türkmen ynsanperwerligine, dostanalygyna eýerilip, yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Watanymyzyň halkara abraýy pugtalanýar

Mälim bolşy ýaly, 9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Türkmenistan döwletimiz halkara giňişlikde dünýä döwletleri bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen hem dürli ugurlar babatda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Işjeň, netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde, bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 20-nji Kararnamadyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygyny alamatlandyrýar. Çünki Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alyp, milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam berip gelýär. Sebäbi sözüň doly manysyndaky durnukly ösüşe diňe dünýä halklarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edilen ýa

Älem-jahan — mähir mukamy

Düýn — 12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Ata Watan Bitarap

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň strategik hyzmatdaşy hasaplanylýan döwletleriň biri-de Türkiýe Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar iki doganlyk halkyň umumy taryhy kökleriniň birligine hem-de Türkmen döwletiniň ynsanperwerligini, parahatçylyk söýüjiligini dünýä ýüzüne äşgär edýän oňyn Bitaraplygyna daýanýar. Hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar döwletiň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny has-da ýokarlanýar. Ata Watanymyzyň halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaş nesilleriň baýramçylyk joşguny

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň çar künjüni gurşap aldy. Golaýda şeýle çäreleriň biri welaýat kitaphanasynda welaýat çagalar kitaphanasynyň hem-de Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk — bagtyýarlyk bahary» ady bilen geçirildi. Oňa kitaphana işgärleri we mugallymlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Onda welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory Aýna Taganowa, 9-njy orta mekdebiň müdiri Alma Hojaýewa, mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Şahadat Seidnazarowa, kitaphana işgärleri Annagül Pollyýewa, Jahan Hudaýbergenowa, Sapargül Saparowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, bu belent derejämiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäki orny barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Toýly jaý bolsun!

Golaýda  Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Bu bagtyýar maşgalalara hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýy mynasybetli Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ajaýyp toý sowgady boldy. «Joşgun bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary 288 hojalyga niýetlenendir. Raýatlarymyzyň rahat ýaşamaklary üçin içinde ähli mümkinçilikleri döredilen jaýlaryň giň we ýagty otaglarynda dürli döwrebap mebeller ýerleşdirilipdir. Aýdym-sazly çykyşlar jaý toýlaryny toýlaýan raýatlarymyza we oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. «Joşgun bina» hususy kärhanasynyň gurluşykçy inženerlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dilleri senaly ýaşulularymyz we dabara gatnaşýan myhmanlar bagtyýar maşgalalaryň jaýlaryna aýlanyp, toý toýlaýan agzybir maşgalalaryň jaý toýlaryna gatnaşdylar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözler aýdyldy.