HABARLAR

Bagy-bossanly eziz Diýar

Mälim bolşy ýaly, 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen geçirilýän bu dabara indi asylly däbe öwrüldi. Köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň netijesinde, bagy-bossanly ýurdumyz has-da gözel keşbe eýe boldy. Häzirki wagtda türkmen topragynda saýaly we miweli agaçlaryň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Halkymyzda bag ekmek asylly däpleriň biridir. Şonuň üçin hem tebigatyň gözelligini üpjün edýän baglar uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bereketli ene toprak ekilýän bag nahallaryndan gülleýär we gözel keşbe eýe bolýar. Muňa raýatlarymyzyň uly ruhubelentlik bilen gatnaşan bag ekmek dabarasynyň my-salynda hem aýdyň göz ýetirdik. Bagtyýar adamlar irgözinden, uly ruhubelentlik bilen ýaýylyp ýatan meýdanlara çykdylar. Olaryň her biri bag nahalyny oturdyp, ene topragynyň güllemegine, gözel keşbe eýe bolmagyna öz goşandyny goşdy. Ildeşlerimiziň şeýle asylly maksatlarynyň netijesinde, ene topragymyz özgerýär, gözelleşýär. Şol gün ýurdumyzyň bilim işgärleri hem säher bilen ýaşyl don geýnen meýdanlara çykdylar, bu çärä mynasyp goşantlaryny goşdular. Bu biziň ählimizi begendirýär. Adamlaryň yhlasly zähmeti bilen umumy öýümiz bolan tebigatyň we daşky gurşawyň arassalygy üpjün edilýär. Şonuň netijesinde

Gözel tebigatym — sagdynlygym

Saglygyň, arassa howanyň, ýaşyl gözelligiň girewi bolan ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşyl tokaýlaryň, seýilgähleriň barha köpelmegi raýatlaryň dynç almagy we tämiz howada saglygyny berkitmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabarasy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle asylly däpleriň dowam etmegi biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik berýär. Bu ýaşyl zolaklar, döredilýän seýilgähler diňe bir gözellik bolman, eýsem, arassa howamyz, saglygymyz we sagdynlygymyzdyr. Elbetde, bagy-bossanlygy we sagdynlygy biri-birinden aýry göz öňüne getirip bolanok. Bagy-bossanlykda, seýilgähde, arassa howada gezip, ýöräp hereket edeňde, göwnüň göterilip, nerw, ýürek-damar ulgamlaryň işi kadalaşýar, gan aýlanyşygy gowulanýar.

Bag –– ýaşaýşyň gönezligi

Düýn, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre paýtagtymyzyň Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan beýik ýadygärliginiň ýanynda geçirildi. Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy dabara gatnaşyjylar uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

ZEMINIŇ ZYNATY – BAGY-BOSSANLYK

Arassa we howpsuz daşky gurşawy döretmek biziň ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalga berlen ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary esasynda, şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Köňüller şatlanyp, ruhlar galkyndy

Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda — 16-njy martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna eýerip, bag daragtlaryny ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Şu gün welaýatymyzda ýazky bag ekişlik dabarasy Türkmenabat — Seýdi awtoulag ýolunyň ugrunda Çärjew etrabynyň täze gurulýan şäherçesiniň golaýynda geçirildi. Aýdym-sazlaryň şirin mukamy bag ekmäge gelenleriň iş keýplerini we ruhlaryny belende göterdi. Il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneler, edara-kärhanalaryň işgärleridir ýaşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ilatynyň il-ýurduňy, tebigaty söýmek ýaly ajaýyp sypatlarynyň ýüze çykmasy hökmünde kemala gelen bag ekmek ýaly dabaraly däbi berjaý etmäge höwes bilen gatnaşdylar.

Bag — barlyga dahyllylyk

Şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär Ýurdumyzda geçirilýän nahallary köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralara agzybir halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen goşulyşýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Bag — barlyk hem baýlyk

16-njy martda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär Parasatly pederlerimiz daş-töweregiňi bagy-bossanlyga öwürmeklige ähli döwürlerde hem ynsan borjy hökmünde garapdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler täzeçe röwüşde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda şu gün — 16-njy martda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Ýaz­ky möw­sü­me ba­dal­ga

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ni na­zar­la­ýan döw­let­li iş­le­ri bu gün­ki gün hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, eziz Di­ýa­ry­myz ba­gy-bos­san­ly­ga öw­rü­lip, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn ýa­şaý­şy üçin ene top­ra­gy­my­zyň tä­sin te­bi­ga­ty­ny, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­ra­mak ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu gün Di­ýa­ry­myz­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, ýaz­ky bag ekiş möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek we eki­len bag na­hal­la­ry­na ta­la­ba­la­ýyk ideg et­mek, şeý­le hem daş­ky gur­şa­wyň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da­ky iş­le­riň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňel­der. Hä­zir­ki wagt­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­ga­ta aýaw­ly çe­me­leş­mek dün­ýä­de esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny go­ra­mak­da daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap al­ýan bag­la­ryň äh­mi­ýe­ti örän ulu

Bosagada — ählihalk bag ekmek dabarasy

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni oturtmak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň 26-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bolsa ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleriniň çäklerinde bag nahallaryny we olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere garaldy. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýazky bag ekmek möwsümine giňden taýýarlyk görülýär. Şunda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri yhlasly zähmet çekýärler. Müdirlige Balkan, Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynda, Ak bugdaý, Bäherden we Bekrewe sebitlerinde ýerleşýän tokaý hojalyklarynyň 7-si degişli. Müdirlik tarapyndan sosna, tuýa, türkmen arçasy, tut, klýon, ýasen, garagaç, dub ýaly birnäçe agaç, şol sanda topragyň şoruny azaltmak üçin igde nahallary ýet

Baglar barlygyň bagtly keşbinde

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji martynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda 16-njy martda bag ekişlik dabarasy geçirilýär. Şonuň bilen birlikde güneşli Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berilýär. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu çärä işjeň taýýarlyk görýärler. Welaýatymyzda ýazky bag ekişlik dabarasy Türkmenabat – Seýdi awtoulag ýolunyň ugrunda Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan täze döwrebap şäherçäniň golaýynda geçirilýär. Şol gün 10 gektar meýdanda pürli daragtlaryň dürli görnüşiniň 4000 düýbi oturdylar. Bu sogaply işe welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar. Her ýylda bolşy ýaly, olar bu gezek hem bag ekişlik çäresine gatnaşýan ildeşlerimizi dürli daragtlaryň nahallary bilen üpjün edýärler. Tokaý hojalygynyň we etraplardaky bölümleriň hünärmenleri şu ýylda pürli we saýaly daragtlaryň 300 müň düýpden gowragyny ösdürip ýetişdirdiler. Welaýatymyzyň çäginde tut nahallarynyň hem 70 müňden gowragyny oturtmak meýilleşdirildi. Mundan başga-da tebigaty goramaga dahylly edaralaryň we tebigaty söýýän raýatlarymyzyň hem uly topary bag nahallaryny ýetişdirip, ildeşlerimize hödürleýärler.