HABARLAR

Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili

Ýakynda Lebap welaýat Agrosenagat  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda «Repetek» Döwlet biosfera goraghanasynda «Tebigaty goramak – sagdyn durmuşyň kepili» atly okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatynda biosfera goraghanasynyň gözel tebigatyna gezelençler guralyp, haýwanat dünýäsine syn edildi we ylmy işgärleriň  gürrüň bermeklerinde  olar barada giňişleýin maglumatlar berildi. Okuw-maslahatynyň dowamynda çykyş edenler  «Repetek» döwlet çäkli goraghanasynyň  çäginde ýerleşen «Ýerajy» döwlet çäkli goraghanasynyň kölüniň haýwanat  we tebigat dünýäsiniň aýratynlyklary barada gyzykly, ünsi çekiji  gürrüňleri berdiler. Şular ýaly okuw-maslahatynyň geçirilmegi şu günki ýaş nesilde ata Watanymyzyň tebigatyny goramaga  bolan  söýgini ösdürmekden ybaratdyr. Çünki daşymyzy gurşap alýan tebigatymyza aýawly garamak,  tebigy baýlyklarymyzy goramak, ýurdumyzyň ilatynyň arassa howadan dem alyp, sagdyn durmuşda ýaşamagynyň kepilidir.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňän pederlerimiz suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki — suw, köl görki — guw», «Suw damjasy — altyn dänesi» ýaly nakyllary we atalar sözlerini nesillerine miras galdyrypdyrlar. Suwuň ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler. Häzirki döwürde ilatyň agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi döwlet derejesinde ileri tutulýar, bu ugurdaky kanunçylyk hem kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Suw kodeksi munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, suwlary durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär we suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýok etmäge, suw desgalarynyň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Tebigaty goramak — möhüm wezipe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde ata Watanymyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülýändigi, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha giňelýändigi hemmämizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda ekologiýa babatda oýlanyşykly durmuşa ornaşdyrylýan işler oňyn netijelerini berýär. Daşky gurşawy goramak, ony geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň has-da gözelleşmegine ýardam berýär. Şeýle giň möçberli işlere mynasyp goşandymyzy goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Tebigaty goramak hemişe zerurdyr. Onuň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak tutuş adamzadyň derwaýys wezipeleriniň biridir. Biz hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilatyň ekologiýa sowatlylygyny artdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak boýunça düşündiriş işlerini alyp barýarys. Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edaralardyr kärhanalaryň işgärleriniň arasynda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, bu ugurda bildirilýän talaplary berjaý etmek barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda tebigaty goramagyň ähmiýetini, sagl

Ekologiýa — abadan durmuşyň kepili

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Halkymyzda topragyň, arassa suwuň goralmagyna aýratyn eserdeň garalypdyr. Bu häzirki döwürde-de ekologiýa boýunça talaplary üpjün edýär» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek maksatnamasynyň, ilkinji nobatda, ekologik nukdaýnazaryndan, şol sanda halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem uly ähmiýetlidigini yzygiderli belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerleriň töwereginde täze tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Öz çäklerini barha giňeldýän şäherleriň eteklerinde kemala gelýän şeýle zolaklar adamlar üçin örän bähbitlidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigata söýgi zähmete söýgini kemala getirmegiň binýadydyr. Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze bag nahallary oturdylýar, ýaş baglara ideg edilýär. Wagtyň geçmegi bilen ekilen baglaryň özboluşly ajaýyp gözellik döretmegi ählimizi buýsandyrýar.

Daşky gurşaw we sazlaşykly ösüş

Bahar paslynyň gelmegi bilen eziz Diýarymyzyň keşbi has-da gözelleşýär. Bu gözellik penjireden daşary sereden ýerimizden başlanyp, gözýetime – ak bulutly mawy asmanyň Zemin bilen sepleşýän ýerine çenli uzap gidýär. Ýaşyl tokaý zolaklary, al-elwan güllere beslenen baýyrlar, arçaly-kerkawly daglar, sowuk suwly çeşmeler, keyigokara, narpyz, borjak ýaly dermanlyk ösümlikler göwnüňi galkyndyrýar. Hawa, her bir gözel zadyň goralmaga zerur bolşy ýaly, tebigat gözellikleri hem yzygiderli goralmalydyr.

Ekologik abadançylyga gönükdirilen köpugurly tagallalar

Ylmyň we tehnikanyň yzygiderli ösüşi, energiýa serişdeleriniň juda köp ulanylmagynyň täsiri ekologik abadançylygy üpjün etmekde kynçylyklary döredýär. Howa bilen bagly ýüze çykýan hadysalaryň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak meselesi dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýdyň görkezýär. Çünki Ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ählumumy derejede kesgitli çözgütleri talap edýän çagyryş bolup, her bir döwletiň ykdysadyýetinden başlap, saglygy goraýyş ulgamynda, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde öňde durýan wezipelerine-de öz täsirini ýetirýär. Bu babatda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem adamzadyň geljegine jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Dünýäniň ekologiýa ulgamynyň hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän halkara ylalaşyklaryň kadalarynda oňa gatnaşyjylar tebigatdan rejeli peýdalanmagyň we ony goramagyň obýektlerini (ýer-suw serişdeleri, tebigy baýlyklar, tokaýlar, ösümlik, haýwanat dünýäsi, Ýeriň atmosferasy, kosmiki giňişlik we beýlekileri) kesgitlediler. Şular bilen birlikde, döwrüň talabyna görä, köptaraply, ýagny yklymlaryň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly, sebitleýin, halkara hukuk resminamalary kabul edilýär.

Daşky gurşawyň goragynda

Halkymyzda bag ekmek, idetmek sogap hem haýyrly iş hasaplanýar. Bag barada birnäçe aýtgylar, pähimler, parasatly sözler köp. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek baradaky taryhy Kararyna laýyklykda, 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk ýazky bag ekmek dabarasy giňden geçirildi. Asylly däp ýurdumyzy mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly belent maksatlara gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde tebigaty goramak, onuň baýlygyny rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan täsin tebigatymyzy gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkymyzyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň ugrudyr. Munuň özi biziň döwlet hu

Ekologiýa

Ajaýypdyr tebigaty türkmeniň Dogrusy, ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olaryň köpdürlüligini aýawly goramak, geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Ekologiýa abadançylygy – bagtyýar nesilleriň sagdynlygynyň güwäsi

Ýurdumyzyň dünýäde abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, tebigy serişdelerden rejeli hem-de oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň aýdyň güwäsidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary işläp düzmegi üstünlikli amala aşyrmak, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Saglygyň, arassa howanyň, ýaşyl gözelligiň girewi bolan ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün edip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaşyl tokaýlaryň, seýilgähleriň barha köpelmegi raýatlaryň dynç almagy we tämiz howada saglygyny berkitmegi üçin uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şeýle asylly däpleriň dowam etmegi biziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilen millionlarça nahallar, täze desgalaryň açyly

GARAGUMA GELEN GUWLAR

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň baharky keşbidir Ol ýerlere ýetäýmek üçin sürüjileriň aýdyşy ýaly, «boýnuňy ep-esli sozmaly». Aşgabatdan ugraýşyňa, Gyzylarbada ýetip, ondanam demirgazyga ýüzüňi tutuşyňa, 30 kilometrden gowrak ýol söküp, Garagum derýasynyň gaýrasynda küren tutan Garabogaz obasyna ýetersiň. Ondanam gaýra-gündogara tutduryp ugrarsyň. Tutly, Çerkezli, Tamly ýaly, gum içinde birwagtlardan bäri oturan obalary ýakalap ötüp, 140 kilometr ýoly Garagumuň guba çägelerini, ak takyrlaryny, gyrlaç ýapylaryny synlaý-synlaý nädip geçeniňem bilmän galarsyň. Özem telim ýerde Uzboýuň gadymy hanasyny — Amyderýanyň birwagtlar Hazara şaglap guýan köne ugruny: «Beh, bu ne beýle oý-la!» diýip, täsin galyp synlap, üstünden ötersiň.